Mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynda mümkinçiligi çäkli çagalar bilen işlemegiň aýratynlyklary

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilim-terbiýeçilik ulgamynyň işini mundan bu ýana hem kämilleşdirmek, onuň işini täzeçe guramagyň hukuk binýadyny berkitmek babatda aýratyn tagalla edýär. Häzirki döwürde geljegimiz bolan ýaş nesliň sagdyn durmuş keşbini kemala getirmek babatda ähli mümkinçilikler döredilýär. Bilim-terbiýe bermek (maşgaladan soňra) mekdebe çenli çagalar edarasyndan başlanýar, bu ýerde körpe nesle bilim-terbiýäniň başlangyç esaslary öwredilýär.

Döwlet mekdebe çenli bilim edaralarynyň gurluşynyň we dolandyrylyşynyň özboluşly aýratynlyklary bardyr. Bu edaralaryň bilim-terbiýeçilik işini guramak bilen baglanyşykly durmuşymyza ornaşdyrylýan özgertmeler döwrebaplygy bilen tapawutlanýar.

Mälim bolşy ýaly, şu wagta çenli mekdebe çenli bilim edaralarynda terbiýelenýän körpeler bilen olaryň ýaş aýratynlyklaryna görä toparlara bölmek tertibinde işlenilýärdi. Çagalaryň beden ösüşi, dil kämilligi ýa-da görüş-eşidiş, ten duýgulary bilen baglanyşykly aýratynlyklar babatynda alnyp barylýan işler hem şol toparlarda ýerine ýetirilýärdi, ýöne dil ösüşi gowşak bolan çagalar bilen dli düzediş (logoped) toparlarynda aýratynlykda işlemek däbe öwrülipdi. Häzirki wagtda şeýle çagalar bilen işlemegiň mümkinçilikleri giňeldilýär. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň welaýatlarynda Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlary açylyp, ulanylmaga berildi. Bu toplumlaryň düzüminde kemli çagalar üçin ýöriteleşdirilen toparlar hereket edýär. Çagalar saglyk mümkinçiligi çäkliligi nukdaýnazaryndan üç topara bölünýärler.

Birinji topara eşidişinde, ikinji topara görşünde, üçünji topara daýanç-hereket ediş synasynda kemçiligi bolan körpeler degişli edilýär. Şeýle körpeleriň saglygyny dikeltmek, olary işjeň, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýän adamlar edip ýetişdirmek üçin Gahryman Arkadagymyz asyrlara barabar işleri amala aşyrýar.

Ýokarda-da bellenilip geçilişi ýaly, saglyk ýagdaýy çäkli körpeler bilen, olara degişli iş maksatnamalarynyň aýratynlyklary göz öňünde tutulyp, bejeriş-dikeldiş we düzediş-terbiýeçilik çäreleri geçirilýär. Görşi çäkli körpeler bilen,  adaty okuw sapaklaryny geçmek bilen bir hatarda, gün tertibinde goşmaça çäreler hem bellenilýär. Olar günüň dowamynda oftolmolog lukmanyň bejeriş-dikeldiş çärelerinden, tiflomugallymyň çagalaryň görüş duýgularyny ösdürmäge degişli alyp barýan köpçülikleýin, toparlaýyn we aýratynlykdaky düzediş okuwlaryndan ybaratdyr. Körpeleri okatmagyň we terbiýelemegiň barşynda bejeriş işlerini yzygiderli alyp barmak bilen, çagalaryň görşüni kämilleşdirmek we olaryň saglygyna oňyn täsirleri döretmek boýunça zerur şertler hem döredilmelidir.

Körpeler bilen işlenilende, olaryň görüş duýgularyny ösdürmek üçin alnyp barylýan bejeriş (düzediş) işleriniň köp bölegi tiflomugallymyň paýyna düşýär. Mugallymlaryň çagalar bilen ýerine ýetirýän işleriniň usuly aýratynlyklarynyň netijesinde,  görşi çäkli çagalarda duýmagyn dürli tärleri  kemala getirilýär. Olara görüş duýgulary arkaly durmuşdaky zerur bolan zatlara, hadysalara dogry düşünmekleri öwredilýär. Tiflomugallym her bir çaganyň görüş aýratynlygyny we çagalaryň gözüniň görüş derejesiniň her günki ýagdaýyny hasaba almaga hem borçludyr. Şeýle hasabatyň ýöredilmegi mugallymyň işiniň netijeliligini kesgitlemäge, çaganyň dogry ösüşini hasaba alamaga mümkinçilik berýär.  

Körpeler bilen bilelikde ýerine ýetirilýän işler örän köp görnüşlidir. Olaryň ählisinde göz, görüş ýetmezçilikleri, olary düzetmek bilen baglanyşykly maglumatlar bolmalydyr. Çagalaryň görşüni dikeltmek işleri gün tertibindäki çäreleriň hemmesiniň içinden eriş-argaç bolup geçmelidir.

Tiflomugallymyň we terbiýeçiniň çagalar bilen alyp barýan işleri,  görşi dikeltmek üçin geçirilýän öwrediji oýunlar, gönükmeler, maşklar her çaga üçin (olaryň görüş derejesiniň ýagdaýyna görä) aýratynlykda saýlanylyp alýnýar. Şeýle hem, olar bilen geçilýän sapaklaryň wagt taýdan tapawutlanýandygy-da hasaba alynmalydyr. Ol 1-nji çyzgyda berlendir. Aýratynlykdaky sapaklar (bir çaga ýa-da olaryň 3-4-si bilen birbada) kiçi ýaşly toparda hepdede 4 gezek orta we uly ýaşly toparlarda 2-3 gezek geçirilip bilner. Şeýle sapaklary oýun, hereketli ýaryşlar, gönükmeleri işlemek, maşklary ýerine ýetirmek we beýleki görnüşlerde guramak maksadalaýykdyr. Esasy maksat sapagyň netijeliligidir, onuň körpäniň akyl hem beden taýdan ösüşine oňyn täsirini ýetirmegidir.

Körpeler bilen geçirilýän işleriň ählisi özara sazlaşykly alnyp barylmalydyr. Mysal üçin, görşi çäkli çagalaryň dil tarapy, sesleri aýdyşy, sözleýiş başarnyklary, ownuk motorikasy hem yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydyr. Zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda, mugallym çagalaryň hemmetaraplaýyn sagdyn bolmagyny üpjün etmegi başarmalydyr. Munuň üçin surdologyň, terbiýeçiden başga-da, logoped, fiziolog, psiholog mugallymlar bilen bilelikde işlemegi zerurdyr. Körpeler bilen bejeriş-düzediş we okuw-terbiýeçilik işleri özara baglanyşykly hem-de dogry ýola goýlanda, çagalaryň görşi ýokarlanýar, saglygy dikeldilýär hem-de olary umumybilim berýän mekdeplerde okamaga taýýarlamak işlerini üstünlikli amala aşyrmak mümkin bolýar.

Körpe nesil  bilen işlemek babatda hormatly Prezidentimiz tarapyndan döredilýän mümkinçilikler örän uludyr. Olardan peýdalanyp, döredijilikli zähmet çekmek bolsa bu ugurda zähmet çekýän her bir bilim-terbiýeçilik işgäriniň wezipe-borjuna degişlidir.

                                           Çemen Bilişowa,

Aşgabat şäheriniň Saglygy dikeldiş

okuw-terbiýeçilik merkeziniň mugallymy