EDUCATION IS THE FOUNDATION OF MULTIPLY DEVELOPMENT

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: “Her bir döwletiň binýadynyň berkligi, ösüşiniň ýokary depgini, ýaşaýyş-durmuş derejesi ýurtda alnyp barylýan bilim-ylym syýasaty bilen berk baglydyr” diýip belleýär. Türkmenistan döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolandan soň, daşary syýasatda hoşniýetli Bitaraplygy esasy ugur hökmünde saýlap aldy. Türkmenistan dünýä ýurtlary bilen dostlukly, deňhukukly gatnaşyklary pugtalandyrmagy, özara bähbitli ykdysady, medeni, ylym-bilim gatnaşyklaryny ösdürmegi, parahatçylyk we adalatlylyk bilen, iki tarapyň hem bähbitlerini goldamagy maksat edinýär.

Hormatly Prezidentimiziň üstünlikli alyp barýan içeri we daşary syýasaty netijesinde, ata Watanymyzda köp sanly iri möçberli maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýeti yzygiderli ösdürilýär, öňdebaryjy, täze tehnologiýalar önümçilige giňden ornaşdyrylýar we milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösmegi üçin ähli möhüm işler amala aşyrylýar.

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň amala aşyrýan daşary syýasaty dünýä bileleşiginiň ýurtlary bilen işjeň hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrmakdan we ählumumy ösüşiň gazanylmagyna ýardam etmekden ybaratdyr. Şeýle hem, milli Liderimiziň ata Watanymyzyň we bütin adamzadyň bagtyýarlygy üçin amala aşyrýan beýik işleri türkmen halkynyň, sebitiň we dünýä halklarynyň parahat, asuda, bolelin we bagtyýar durmuşda ýaşamagyna, ýaş nesliň dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim, döwrebap terbiýe almagyna, saglygyny goramagyna hem-de berkitmegine hyzmat edýär.

Şanly Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň binýatlaýyn esaslary BMG-niň Merkezi Aziýa sebitini parahatçylyk we hyzmatdaşlyk zolagyna, yklymlary durnuklylygyň pugta guralyna öwürmäge gönükdirilen strategik esaslaryna laýyk gelýär we ählumumy derejede parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmakda, dünýä ýurtlarynyň arasynda parahatçylykly, dostlukly hem-de özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde wajyp orny eýeleýär.

2017-nji ýylyň 18-nji fewralynda tassyklanan “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 – 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy” döwletimiziň halkara işiniň mazmunyny we ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýär. Döwleti we jemgyýeti parahatçylykly hem-de durnukly ösdürmek üçin amatly daşary şertleri üpjün etmek, dünýäniň syýasy giňişliginde Türkmenistanyň ornuny berkitmek, halkara gatnaşyklarynda ýurdumyzyň bähbitlerini goramak Türkmenistanyň daşary syýasatynyň baş maksadydyr. Konsepsiýa laýyklykda, milli Liderimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz Birleşen
Milletler Guramasy we beýleki abraýly halkara guramalary bilen köpugurly hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär, ählumumy parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna oňyn halkara gatnaşyklary işjeňleşdirýär hem-de tutuş adamzady gyzyklandyrýan möhüm meseleleriň oňyn çözülmegine işjeň gatnaşýar, dünýäde özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýynyň ýola goýulmagyna we uzak saklanmagyna gönükdirilen syýasaty alyp barýar.

Halkara gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda we ösdürmekde bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn orun degişlidir. Häzirki wagtda ylym-bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmelere Türkmenistanda döwlet syýasatynyň örän möhüm ugurlarynyň biri hökmünde garalýar. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ylym-bilim ulgamy yzygiderli ösdürilýär we kämilleşdirilýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmek we ata Watanymyzyň dürli künjeklerinde döwrebap bilim ojaklaryny gurmak boýunça işler “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 – 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” çäklerinde depginli alnyp barylýar. Gahryman
Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda eziz Diýarymyz ösüşli we özgerişli ýol bilen ynamly öňe barýar. 2021-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda giňden bellenilip geçiljek şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy türkmen halky üçin taryhy taýdan ähmiýetli seneleriň biri bolup, ol ýurdumyzyň taryhyna dünýäde parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmat etmegiň täze tejribesi hökmünde girer.

Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýynyň ykrar edileni bäri ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen parahatçylyga esaslanýan, köpugurly hyzmatdaşlygy ösüşiň hil taýdan täze basgançagyna çykaryldy. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeniýet, ylym-bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygy has-da ösdürilýär. Dünýäniň çalt depginlerde ösýän döwletleri bilen ykdysady we ynsanperwer ugurlar boýunça gatnaşyklary pugtalandyrmak özara deňhukukly hyzmatdaşlygyň ygtybarly esaslarydyr. Häzirki döwürde halkara bileleşigiň giň goldawyna eýe bolan ýurdumyzyň goňşy we beýleki döwletler bilen dostlukly döwletara hyzmatdaşlygy, aýratyn-da, ykdysadyýetde, bilim, ylym, saglygy goraýyş, medeniýet, sport ulgamlarynda ägirt uly ösüşlere eýe boldy.

Ýurdumyzda hemmetaraplaýyn ösen, dünýäniň iň öňdebaryjy tilsimatlaryndan baş çykarýan, milli ýörelgelere hormat goýýan, ylmyň dünýä derejesinde gazananlaryny başarnykly özleşdirip, döwrüň beýik ösüşlerine mynasyp goşant goşýan ýaşlaryň ýetişmegi we olaryň sazlaşykly ösmegi, terbiýelenmegi, ylym-bilim almagy, hünär kämilligine eýe bolmagy üçin ajaýyp şertler döredilýär. Ýaşlarymyz üçin paýtagtymyzda we welaýat merkezlerinde dürli derejedäki täze bilim ojaklary gurlup ulanylmaga berilýär. Muny Gahryman Arkadagymyzyň: “Dünýä bileleşiginde oňyn içeri we daşary syýasaty bilen uly abraýly orna mynasyp bolan Türkmenistan döwletimizde çagalaryň, ýaşlaryň sagdyn ösmegi, döwrebap bilim-terbiýe almagy, dünýägaraýşyny giňeltmegi, ylmy hünär öwrenmegi, sport bilen meşgullanmagy, tebigaty söýmegi, wagtyny netijeli, şadyýan geçirmegi üçin ähli şertler döredilendir” diýen sözleri hem tassyklaýar.

Halkymyzyň intellektual kuwwatyny ýokarlandyrmak, milli bilim we ylym ulgamyny dünýä tejribesine laýyklykda hemmetaraplaýyn ösdürmek ýaly möhüm wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmak hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasatynyň, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk taglymatynyň netijesinde, jemgyýetçilik, syýasy-ynsanperwer gatnaşyklar kämilleşdirilýär. Ylym-bilimiň, innowasiýalaryň ileri tutulmagy bilen, raýatlaryň sanly ykdysadyýeti özleşdirmegi ugrunda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Muňa mysal edip, mähriban Arkadagymyzyň syýasaty esasynda, dostlukly döwletler bilen hyzmatdaşlyk boýunça gol çekilen ylalaşyklara laýyklykda, türkmen ýaşlaryna daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaga giň mümkinçilikleriň açylandygyny, türkmen ýaşlarynyň daşary ýurtlarda geçirilýän bilim we sport bäsleşiklerine gatnaşyp, altyn, kümüş, bürünç medallara eýe bolýandyklaryny hem-de ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň hünärmenleriniň, professor-mugallymlarynyň hünärlerini dünýä tejribelerine we innowasiýalara esaslanyp, yzygiderli ýokarlandyrýandyklaryny görkezmek bolar.

Bulardan başga-da, “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynyň 14-nji ýanwarynda paýtagtymyzda geçirilen “Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahatda birnäçe derwaýys meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy, on iki sany wajyp resminama gol çekilmegi, milli Liderimiziň: “Bilim syýasatymyzyň iň möhüm bölegi dünýäniň esasy ylym we bilim merkezleri bilen halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmakdan ybaratdyr” diýen sözleriniň iş ýüzünde amala aşyrylmagydyr.

Türkmenistanyň saýlap alan ösüş ýolunyň esasynda ähli ulgamlarda we pudaklarda ylym-bilim kuwwatynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, oňat taýýarlykly, döredijilikli pikir etmegi, ylmyň we tehnikanyň gazananlaryndan netijeli peýdalanmagy başarýan, kämil hünärli işgärleriň täze neslini kemala getirmek işi güýçli depginlerde alnyp barylýar. Halkymyzyň aň-bilim, döredijilik kuwwatyny yzygiderli ýokarlandyrmakda, ýaş alymlary, kämil hünärmenleri ýetişdirmekde uly üstünlikler gazanylýar.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäniň syýasy giňişliginde özara bähbitli, hoşniýetli gatnaşyklara daýanýan adalatly daşary syýasaty bilen parahatçylyk dörediji, ynamdar döwlet hökmünde tanalýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli, oýlanyşykly, adalatly daşary syýasaty dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýar.

Ýurdumyzyň daşary döwletler bilen amala aşyrýan ykdysady hyzmatdaşlyklary sebitleriň, yklymlaryň we dünýäniň abadançylygyna, asudalygyna oňaýly täsirini ýetirýär, halklar bilen medeni, ynsanperwer ulgamlarda dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan düýpli özgertmeleri halkymyzyň hal-ýagdaýynyň gowulanmagyna, onuň aň-düşünjesiniň baýlaşmagyna, döredijilik ukybynyň ösmegine gönükdirilýär. Bu syýasatyň özeninde halkymyzyň we umumadamzat bähbitleri goýlandyr.

Ylmyň we önümçiligiň döwrebap ösüşini üpjün etmekde Bitaraplyk taglymatynyň mynasyp ornunyň bardygyny bellemek gerek. Alym Arkadagymyzyň ýurdumyzy ösdürmek syýasatyndan gelip çykýan esasy wezipe halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakdyr, ylmyň häzirki zaman gazananlaryny ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna ornaşdyrmakdyr, döwletimiziň baýlyklaryny raýatlaryň bähbidine gönükdirmekdir. Bu wezipeleri çözmek üçin soňky ýyllarda innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen ylmy barlaghanalaryň işini netijeli guramaga aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda ýaşlaryň ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri we dünýä ylmynyň gazananlaryna mynasyp goşantlaryny goşmaklary üçin ähli şertler döredilýär. Dürli derejelerde geçirilýän ylym, bilim, hünär bäsleşikleri zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga, olaryň döredijiligini ösüşiň we özgertmeleriň bähbidine gönükdirmäge mümkinçilik berýär.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyz ylym we täze tehnologiýalar esasynda senagatlaşdyrylýar, berk binýatly, kuwwatly, ýokary derejede ösen döwlete öwrülýär. Milli Liderimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgesi esasynda türkmen halky parahat durmuşda, bagtyýar ýaşaýar. Mähriban Arkadagymyzyň bu taglymaty esasynda watandaşlarymyzyň saglygy, erkinligi, mertebesi döwlet tarapyndan doly goralýar. Gahryman Arkadagymyzyň döredip beren şertleri bizi döredijilige, döwrebap ylym-bilimi özleşdirmäge, ýurdumyzyň ösüş-özgertmelerine işjeň gatnaşmaga ruhlandyrýar.

Hormatly Prezidentimiz bagtyýar nesilleriň watansöýüji bolup ýetişmekleri barada uly alada edip şeýle diýýär “... Halkymyzyň häzirki bagtyýar nesilleri watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, zähmetsöýerligi, maksada okgunlylygy, belent ahlaklylygy özlerine görelde edinmelidir. Okamak we öwrenmek, döredijilikli hem yhlasly zähmet çekmek bilen, eziz Wtanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmak, abadan durmuşyň hatyrasyna kämillige gadam urmak bagtyýar nesillerimiziň baş maksady bolmalydyr. Mähriban ýaşlarymyz täze durmuş ýolunda aýgytly gadam urup, döwrebap ylymlary we bilimleri özleşdirip, eziz Diýarymyza, merdana halkymyza beýik söýgüsi hem-de buýsanjy bilen berkarar Watanymyzyň dünýädäki at-abraýyny we şan-şöhratyny has-da beýgeltmelidir”.

Durnukly ösüşiň möhüm ugruny – bilim ulgamynyň işini halkara derejesinde ösdürýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Gurbanberdi Eýeberdiýew, Annadurdy Meläýew

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş

institutynyň mugallymlary