It is a requirement of the times to intensify the teaching of literature classes

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilim ulgamynyň maglumat-kommunikasiýa gorlaryny baýlaşdyrmaga, okuw maglumatlary bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmaga we innowasion usullarda işlemek üçin zerur bolan şertleri döretmäge aýratyn üns berilýär. Mugallymlaryň hünär taýýarlygy döwrüň talaplaryna laýyk guralýar we täze şertlerde işlemäge ukyply bilim işgärleriniň täze nesli kemala getirilýär. Okuw sapaklarynyň mazmunynyň baý, usuly taýdan dogry, öwredijilik häsiýetiniň güýçli bolmagy talap edilýär.

Edebiýat dersini okatmagyň özboluşly aýratynlyklary bolup, şol aýratynlyklar esasynda sapagyň maksadyna ýetmegi üçin mugallymdan uly ussatlyk, sowatlylyk, başarjaňlyk we işjeňlik talap edilýär. Netijede, edebiýat dersini okatmagyň hili we mazmuny kämilleşdirilýär, onuň ähmiýeti ýokarlandyrylýar.

Döwür ösdügiçe, bilime bolan isleg hem ösýär. Geçilýän her bir okuw dersiniň maksady bilime bolan islegi doly we dogry kanagatlandyrmakdan ybaratdyr. Edebiýat sapaklaryny okatmagy döwrebaplaşdyrmak babatda gürrüň edilende, dersi okatmagyň usullarynyň yzygiderli kämilleşdirilmelidigi mälimdir. Şeýle bolansoň, “Edebiýat sapaklaryny okatmagy döwrebaplaşdyrmagyň nähili usullary bar?” diýen soragyň jogaby mugallymlarda uly gyzyklanma döredýär.

Edebiýat okuw sapagy mekdep okuwçylaryny okatmakda we terbiýelemekde möhüm wezipäni ýerine ýetirýär. Sapagy okatmagyň guramaçylyk, usulyýet, pedagogik, psihologik, arassaçylyk we edebi taraplary bardyr. Şeýle hem, sapagyň görnüşleri dürli-dürlüdir. Sapagyň maksady, şol maksada laýyklykda, oňa mugallymyň taýýarlygy hem özboluşlydyr.

Häzirki zaman usulyýeti edebiýat sapagynyň birnäçe görnüşini tapawutlandyrýar. Ol görnüşler edebi bilimiň mazmunyna, sapagy alyp barmagyň usullaryna, eserleri we temany öwrenmegiň tapgyrlaryna baglydyr. Sapaga häzirki zaman usulyýetiniň nukdaýnazaryndan çemeleşmek bu sapaklary guramagyň adaty we adaty däl görnüşlerine, olaryň gurluşyna täzeden seredilmegini talap edýär.

Edebiýat sapaklaryny okatmagy kämilleşdirmek döwrümiziň bizden edýän talabydyr. Bu talaby ödemekde sapaklaryň dürli görnüşlerinden we okatmagyň ençeme usullaryndan peýdalanylmalydyr. Häzirki zaman pedagogik edebiýatda (halkara bilim ulgamynda) adaty däl sapaklaryň onlarça görnüşiniň bardygy bellenilýär. Olara “iş oýny sapagy”, “bäsleşik sapagy”, “teatr sapagy”, “toparlaýyn iş görnüşleri bilen sapak”, “kompýuter oýunlary sapagy”, “döredijilik sapagy”, “maslahat sapagy”, “mekdep okuwçylary tarapyndan sapak”, “döredijilik hasabaty sapagy”, “umumylaşdyrma sapagy”, “gaýtalama sapagy”, “seminar sapagy”, “bitewi sapak”, “gaýybana gezelenç sapagy” we beýlekiler degişlidir. Adaty däl sapaklar mugallymyň mydama täzeligiň gözleginde bolmagyny talap edýär.

Mugallymçylyk döredijilikli işdir. Adaty bolmadyk sapak taýýarlanylanda, mugallym, öz pikirine görä, didaktiki işiň netijeliligini üpjün edýän usullary we görnüşleri saýlap biler. Hünär işiniň her görnüşinde bolşy ýaly, mugallymçylyk işiniň hem öz tehnologiýasy bardyr. Mugallymyň adaty bolmadyk sapagy guramagyň düzgünlerini berjaý etmegi hökmandyr. Edebiýat sapagynyň täsirli bolmagy üçin mugallymyň:

sapagyň temasyny, didaktiki, ösüş we bilim maksatlaryny, sapagyň görnüşini we gurluşyny takyk kesgitlemek;

sapagyň mazmunyny kesgitlemek, ony öňki geçilen we indiki öwreniljek sapagyň temasy bilen baglanyşdyrmak;

okuw materiallarynyň mazmunyny saýlamak (göwrümini kesgitlemek, ozal öwrenilenler bilen baglanyşdyrmak, geçilýän sapak üçin goşmaça materiallary saýlamak we ş.m.);

iň täsirli okuw usullarynyň dürli görnüşlerini saýlamagy başarmak;

mekdep okuwçylarynyň terbiýeçilik işlerine gözegçilik etmegiň görnüşlerini kesgitlemek;

sapagyň iň amatly guramaçylygyny, mugallym bilen okuwçylaryň sazlaşykly işlemegini üpjün etmek;

sapak gidip durka, umumy didaktiki we usulyýet ýörelgeleri bilen baglanyşykly ýüze çykýan talaplary ýerine ýetirmek;

okuwçylaryň bilimini dolandyrmagyň erkin (demokratik) usulyny döretmek, mugallym bilen okuwçynyň bilelikdäki işlerinde erkin hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny üpjün etmek ýaly wezipeleri ýerine ýetirmegi zerurdyr.

Makalamyzda “işewürlik sapagy” diýip şertli atlandyrylýan sapak barada has giňişleýin gürrüň bermegi maksat edindik. Şeýle sapak, guramaçylyk döwründen soňra, sapaga işjeň girişilmegi bilen başlanylyp bilner. Şeýle sapagyň taslamasy okatmagyň maksatlaryny, okuwçylary ösdürmek we terbiýelemek maksady bilen öwrenilýän temany düzmegi, “iş oýnunyň” meýilnamasyny, oýna gatnaşanlaryň işiniň mazmunyny, düzgünlerini öz içine alýar.

Iş oýny” sapagyň bütin dowamynda ýerine ýetirilýän işjeň hereketleriň jemi bolup, ol aşakdaky tapgyrlary öz içine alýar:

öwrenilýän tema boýunça esasy bilimleri öwretmek, okuwçylaryň işjeňligini, hususan-da, akyl işjeňligini höweslendirmek;

okuwçydan (3 – 5 sany) ybarat bolan döredijilik toparlaryny düzmek, toparlary görkezmek (her toparyň ady, şygary, nyşany). Her oýun toparynda ýolbaşçylary (ýa-da jogapkäri) saýlamak;

sapakda meseleli ýagdaýy döretmek, meseläni düzmek;

döredijilik toparlary bilen işlemek.

Her topar tabşyrylan ýumşy ýerine ýetirmek üçin, öňde goýlan zerur döredijilik meselesini hem-de ony çözmek üçin gerek bolan materiallary alýar we meseläni çözmäge çalyşlar. Şeýlelikde, okuwçynyň ýumşy ýerine ýetirmek üçin çekýän zähmeti netijesinde, onuň pikirleniş ukyby ýokarlanýar, düşünjesi ösýär.

Iş oýny” sapagynyň aşakdaky ýaly tapgyrlary bardyr:

1. Öwrenilýän tema boýunça çözülmeli meseläniň ara alnyp maslahatlaşylmagy. Bu tapgyrda meseläniň çözgüdi babatda okuwçylaryň logiki pikirlenişi ösýär.

2. Meseläniň çözgüdi üçin her toparyň ýerine ýetiren işleriniň derňewiniň geçirilmegi. Bu tapgyrda toparyň ähli agzalarynyň işine baha berilýär. Utuklar yglan edilýär.

3. Öý işini tabşyrmak tapgyry. Munda mugallym öýde okuwçylaryň ýerine ýetirmeli işlerini tabşyranyndan soňra, sapagyň usulyýet beýany, okuwçylarda galan täsirler we teklipler barada okuwçylar bilen gysgaça sorag-jogap alşyp biler. Mysal üçin, 10-njy synpda “Gurbannazar Ezizowyň ömri we döredijiligi” diýen temany işewürlik sapagynda öwretmek (G. Ezizowyň ömri, döredijiligi baradaky maglumatlar, edebiýatlar, goşmaça maglumatlar. G. Ezizowyň sonetleri).

Sapagyň maksady:

a) Okuwçylara G. Ezizowyň ömri, döredijiligi, döredijiliginiň aýratynlyklary, goşgynyň sonet görnüşi barada düşünje bermek. Şeýle goşgy görnüşiniň edebi žanrda ösüşini, onuň gurluş aýratynlygyny öwretmek.

b) G. Ezizowyň döredijiliginden peýdalanyp, goşgulary çeper okamagy, gaýtadan ýazmagy (göçürmegi), goşga seljerme bermegi, erkin pikirlenmegi we netije çykarmagy öwretmek.

ç) Okuwçylary türkmen edebiýatyna söýgi we buýsanç ruhunda terbiýelemek, milli duýgulary ösdürmek.

Sapaga taýýarlyk. Okuwçylaryň ünsüni bir ýere jemlemeli. Olary üç topara bölmeli. Toparyň her bir agzasy bir keşbi ýerine ýetirýär. 1-nji topardan: 1-nji okuwçy – G. Ezizow, 2-nji okuwçy – filosof, 3-nji okuwçy – taryhçy, 4-nji okuwçy – edebiýatşynas, 5-nji okuwçy – suratkeş. Ýene-de iki sany labyzly okamagy başarýan (goşgy okaýan) okuwçy okajak goşgularyny alyp, taýýar bolup durýar. 2-nji topar hem edil ýokardaky ýaly (keşpli) ýumuş tabşyrylan okuwçylardan düzülendir. 3-nji topar (okuwçy-analitikler) iki topardan nobatma-nobat çykyş edýänlere sorag bermek üçin taýýar bolmaly.

Birinji we ikinji toparlar bilen geçirilýän işleriň görnüşleri meňzeş, ýöne okalýan goşgular üýtgeşik bolup biler. Mysal üçin (ýokarda agzalan), labyzly okamagy başarýan iki sany okuwçy gezekli-gezegine şahyryň goşgularyndan okaýar. Goşgyny her okuwçy öz düşünjesiniň derejesinde düşündirýär (G. Ezizowyň keşbini ýerine ýetirýän şahyr hökmünde pikirini, filosofyň keşbini ýerine ýetirýän okuwçy goşgynyň filosofik manysyny, taryhçy, edebiýatşynas öz seljerişini düşündirýär. Şeýlelikde, goşga dürli nukdaýnazardan seljerme berilýär. Mazmun we ideýa öwrenilýär.).

Şu “iş oýny” iki topar bilen hem gezekli-gezegine gaýtalanylýar. Beýleki toparlar çykyş edýärkä, 3-nji topar olara sorag berýär. Şeýlelikde, goşgular hemmetaraplaýyn seljerilýär. 3-nji toparyň işiniň netijesinde, synpyň okuwçylaryny öwrenilýän temany seljermäge, netije çykarmaga taýýarlamak mümkin bolýar.

 

Zylyha Ýoldaşowa,

Aşgabat şäheriniň 78-nji ýöriteleşdirilen

orta mekdebiniň mugallymy.