Ýaş nesliň saglygynyň goraglylygy bilim işiniň üstünlikli amala aşyrylmagynyň möhüm şertidir

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bedew bady bilen öňe barýan ata Watanymyzda adam we onuň saglygy barada köpugurly işler alnyp barylýar. Ýurt Baştutanymyzyň kabul edýän döwlet maksatnamalaryndan gelip çykýan wezipelere laýyklykda, ýurdumyzyň ýaş nesli üçin – çagalara niýetlenen sagaldyş-dynç alyş, keselleri anyklaýyş we öňüni alyş, “Ene mähri” merkezleri, seýilgähler gurlup ulanylmaga berilýär. Bular çagalaryň sagdyn ösmegi, ruhubelent kemala gelmegi, wagtlaryny peýdaly we şadyýan geçirmegi üçin döredilýän giň mümkinçiliklerdir.

Bilim – ruhy baýlyk. Ýaş nesliň sagdynlygynyň goraglylygy bilim işiniň üstünlikli amala aşyrylmagynyň şertlendirýär. Hormatly Prezidentimiziň: “Biziň borjumyz we ilkinji nobatdaky wezipämiz sport hem-de olimpiýa hereketini höweslendirmekden we ösdürmekden, oňa ýaşlary işjeň çekmekden, türkmenistanlylarda çagalykdan başlap bedenterbiýe bilen meşgullanmaga höwesi döretmekden, zähmet endiklerini kemala getirmekden, sagdyn durmuş ýörelgesiniň, zähmetsöýerligiň we döredijiligiň esasyny düzýän gymmatlyklary ykrar etmekden ybaratdyr” diýen parasatly sözlerinden ugur alyp, ýurdumyzda sagdynlygy wagyz etmek, raýatlarymyzy bedenterbiýe bilen meşgullanmaga we köpçülikleýin sporta çekmek, ýaş nesli ata-babalarymyzyň asylly däpleri esasynda terbiýelemek işleri giň gerim alýar.

Aziýanyň merjen şäheri adyna eýe bolan Aşgabatda dünýä ülňülerine laýyk sport toplumlarynyň, sportuň suwda ýüzmek görnüşi boýunça merkeziň we onuň beýleki görnüşleri üçin desgalaryň gurlup ulanylmaga berilmegi, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň wagyz edilmegi we beýleki terbiýeçilik ähmiýetli çäreler sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmäge gönükdirilendir. Şeýle bolansoň, häzirki wagtda bilim işiniň üstünlikli amala aşyrylmagynyň esasy şertleriniň biri bolan ýaş nesliň saglygynyň goraglylygyny üpjün etmäge mugallymlaryň işjeň gatnaşmaklary zerurdyr. Munuň özi usuly taýdan iki görnüşde amala aşyrylyp bilner:

saglygy goramak bilen baglanyşykly işleri jemgyýetçilik işiniň düzüm bölegi hökmünde amala aşyrmak (wagyz-nesihat çäreleriniň, gözükdirijileriň üsti bilen okuwçylara we olaryň ata-enelerine sagdyn durmuş ýörelgesiniň many-mazmunyny düşündirmek);

maşgala bilen mekdebiň bu ugurda alyp barýan işlerini sazlaşykly guramak.

Mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, ähli bilim edaralarynda saglygy goramaga degişli gündelik işler ýerine ýetirilmelidir. Mekdepde elektron enjamlaryň uzak wagtlap ulanylmagyny tertipleşdirmek, arassaçylyk düzgün-tertibini goramak, agyz-burun örtükleriniň dakylyşynyň düzgüne laýyklygyny, zyýansyzlandyryjy serişdeleriň ulanylyşynyň kadalylygyny, bellenilen araçägi saklamagy, ýoldaşlaryň bilen gürrüňdeşlikleri çäklendirmegiň berjaý edilişini we ş. m. üpjün etmek ýaly hereketleriň ýerine ýetirilişi her bir okuw otagy boýunça gündelik seljerilmelidir.

Ýaş nesliň saglygyny gorap saklamakda maşgala düzgün-tertibiniň berjaý edilmegi möhümdir. Şunda mekdebiň saglygy goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek işiniň her bir ata-ene tarapyndan goldanylmagy hem-de onuň üstüniň ýetirilip durulmagy zerurdyr.

Maşgalada ýaş nesliň beden taýdan işjeňligini gazanmak, öýde çagalaryň kompýuterleri, el telefonlaryny, smartfonlary, ýagny elektron enjamlary ulanmagyny düzgünleşdirmek, okuwdan boş wagtlaryny beden sagdynlygy üçin peýdaly maşklary ýerine ýetirmäge gönükdirmek, şahsy gigiýenanyň talaplaryny berjaý edişlerini (ellerini sabynlap ýuwmagy, gözüni owkalamazlygy, zerur bolmadyk enjamlary ellemezligi we ş.m.) gözegçilikde saklamak maşgalanyň üns merkezinde bolmalydyr.

Pasylyň çalyşmagy bilen, howa ýagdaýynyň üýtgemegi adam bedenine oňaýsyz täsir edýär. Okuwçylary howanyň düzümindäki kesel dörediji mör-möjeklerden goramak mekdepde mugallymlaryň, maşgalada ata-eneleriň borjudyr.

Lukmanlaryň saglygyňy goramak baradaky berýän maslahatlarynyň esasynda mekdep we maşgala çagalaryň şahsy gigiýenanyň hem-de kadaly iýmitlenmegiň düzgünlerini berjaý etmeklerini berk gözegçilige almalydyrlar.

Durmuşymyzyň ähli ýüze çykmalarynda biziň her birimiz arassaçylygyň talaplaryny elmydama berjaý etmelidiris. Elimizi, ýüzümizi sabynlap ýuwmaly, agyz-burun boşluklarymyz örtükli bolmaly, okaýan we ýaşaýan otaglarymyzy wagtly-wagtynda
ýelejiredip durmaly. Burnumyzyň nemli bardasyna oksolin melhemini (günüň dowamynda birnäçe gezek) çalmaly. Bulardan başga-da, lukmanyň maslahaty boýunça köp kesellerden goranmagyň emi bolan tebigy melhemlerdir dermanlyk ösümliklerden taýýarlanylan içgileri, petleri kabul etmeli.

Mekdep okuwçylarynyň okuwdan boş wagtlaryny öý şertlerinde geçirmeklerini gazanmagyň ähmiýeti uludyr. Olar ata-eneleriniň tabşyrmagynda öýlerini arassa saklaýarlar, ýaşaýan otaglaryny tämizläp durýarlar, howasyny wagtly-wagtynda çalyşýarlar. Şeýle hem, günde iki-üç gezek pollary we penjireleri çygly esgiler bilen süpürýärler.

Ýolagçy awtobuslara münenlerinde we olardan düşenlerinde, dyknyşyk döretmeli däldigini çagalara düşündirmelidir. Köçelerde hereketde bolnanda, talap edilýän araçäk saklanylmalydyr. Şu talaplaryň we düzgünleriň dogry berjaý edilmegi pasyl çalşygynda döräp biläýjek ýokanç kesellerden goranmagymyza oňaýly täsir eder.

Çagalarymyzyň saglygy ýurdumyzyň baýlygydyr. Olary ruhy hem beden taýdan sagdyn ösdürmek maşgalanyň, mekdebiň, saglygy goraýyş ulgamynyň, umuman, jemgyýetçiligiň baş wezipesidir. Gahryman Arkadagymyzyň talabydyr.

Goý, gadymy hem merdana halkymyzy eşretli ertirlere alyp barýan, onuň ýaş nesliniň bilimli-terbiýeli, beden we ruhy taýdan sagdyn kemala gelmeginde taýsyz tagallalary edýän lukman
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

 

Bagtyýar Batyrow,

Myrat Garryýew adyndaky

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti.