HAKYKY WATANÇYLARYŇ NESLINI TERBIÝELEMEK

Häzirki döwürde Türkmenistanda sagdyn jemgyýeti ösdürmegi kämilleşdirmegiň täze ugry kesgitlenildi. Hususan-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýylyň ahyrynda kabul eden “2021–2025-nji ýyllarda Türkmenistanyň döwlet ýaşlar syýasaty boýunça Döwlet maksatnamasy” güýje girizildi. Bu resminamadan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmakda ylym-bilim, medeniýet, bedenterbiýe we sport ulgamlary, ýerli dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik guramalary öz taýýarlan meýilnamalary esasynda ýaşlaryň arasynda syýasy-köpçülik çärelerini, işjeň maslahatlary, ylmy konferensiýalary geçirýärler. Şu ulgamlardaky hünärmenler teleradioýaýlymlarda, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň beýleki görnüşlerinde döwletimiziň sagdyn jemgyýeti kemala getirmekdäki we onuň häzirki zaman ösüş aýratynlyklaryny kämilleşdirmekdäki işlerini wagyz-nesihat etmekde işjeňlik görkezýärler.

Kabul edilen Döwlet maksatnamasy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaş raýatlarynyň erkinligini goldaýar, durmuş-ykdysady, zähmet gatnaşyklarynyň hukuk esaslaryny kepillendirýär. Şeýle hem ýaşlaryň ýurduň ykdysadyýetiniň ösüşinde we halkyň medeni hem-de ruhy baýlyklarynyň goraglylygynda we artdyrylmagynda gatnaşyklaryny kadalaşdyrýar. Ýaşlaryň ylmy-döredijilik işlerine, türkmen edebiýatynyň, sungatynyň dürdänelerini düýpli öwrenmeklerine işjeň çekilmeklerinde we täze gymmatlyklary döretmeklerinde örän amatly şertlere eýe edýär.

Bilimiň ähli basgançaklarynda okuw-terbiýeçilik işleriniň guralyşy gadymy halkymyzyň asyrlaryň dowamynda toplan baý ruhy gymmatlyklaryna – edebi we medeni mirasynyň nusgalaryna, amaly-haşam sungatynyň nesle geçijilik ugurlaryna, çeper döredijiliginiň meşhur eserlerine, rowaýatlaryň we dessanlaryň gahrymanlarynyň ýurdy goramakdaky we halkyň abadançylykda ýaşamakdaky hyzmatlaryna esaslandyrylýar. Häzirki zaman sapaklarynyň esasynda hormatly Prezidentimiziň halkyň we döwletiň ykbaly üçin öz üstüne jogapkärçiligi almaga ukyply, watansöýüji, ynsanperwer, ahlak taýdan tämiz, zähmete we durmuşa işjeň çekilýän ýaşlaryň täze neslini kemala getirmek ýaly bilim özgertmeleri goýulýar.

Bilim-terbiýeçilik işlerinde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk we Bitaraplyk ýörelgelerinden ugur alnyp, ýurdumyzyň ykdysadyýetde, medeniýetde gazanýan üstünlikleri, agzybir halkymyzyň bagtly durmuşynyň üpjün edilişiniň esaslary ýaşlara giňişleýin düşündirilýär. Ýaşlarda sagdyn durmuş endiklerini, ýokary ahlak sypatlaryny kemala getirmek, olary watançylyk ruhunda terbiýelemek, milli medeniýeti ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler täze giňişlige çykaryldy. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, halkymyzyň asyrlaryň dowamynda toplan milli gymmatlyklary baýlaşdyrylýar we berk goraga alynýar. Ýaşlar halkymyzyň parasatly ýörelgelerine, taryhyna, döreden milli baýlyklaryna göz ýetirýärler.

Türkmenistanda bilimiň we sanly ykdysadyýetiň innowasion ösüşine, ilkinji nobatda, sanly gurşawyň halk hojalygynyň ähli pudaklaryna ornaşdyrylmagyna, şeýle hem türkmen jemgyýetiniň ileri tutulýan ugurlaryna aýratyn ähmiýet berilýär. Şu ýerde gürrüň ýaşlaryň gündelik bedenterbiýe we sport maşklary bilen meşgullanmaklaryna, durmuşy başarnyklarynyň kemala gelmegine, şähsyýetiň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşine, geljekde önümçiligi ylmy-innowasion esasda dolandyrmaga ukyplylygyna ýardam berýän döwlet işleri barada barýar. Başgaça aýdylanda, beden taýdan berk, ruhy we aň-bilim taýdan ösen ýaş nesli terbiýelemegiň täze ugurlaryny döretmegiň zerurlygy öňe çykarylýar.

Biziň ýurdumyzda ýaşlaryň çuňňur bilim we terbiýe alyp, döwletimize we halkymyza wepaly hyzmat etmekleri üçin ähli şertler döredilendir. Çagalar baglaryndan başlap, mekdeplerimiziň ähli basgançaklary türkmen jemgyýetiniň medeni taýdan döwrebaplaşdyrylmagyny üpjün edýän möhüm döwlet edarasy derejesine eýedir. Şol mekdepleriň mugallymlary işini täze bilim ölçeglerine laýyklykda alyp barýarlar. Olar ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemäge aýratyn ähmiýet berýärler.

Ýaşlyk talyplyk döwrüne gabat gelýär. Talyplaryň ynançlarynyň kämilleşýän döwründe halkymyzyň milli gymmatlyklary döretmekdäki taryhy hyzmatlary barada örän baý maglumatlar olaryň kalbyna guýulmalydyr. Şeýle edilende, olaryň geljekde sagdyn jemgyýetiň işjeň agzalary bolup ýetişjekdiklerine gazanylan tejribeler doly şaýatlyk edýär. Häzirki zaman bilim özgertmelerinde ýaşlaryň ösüşine laýyklykda we okuw maksatnamasynyň talaplarynda terbiýe meselesi birnäçe toparlara bölünýär.

1.Watançylyk terbiýesiniň maksadynda jemgyýetde ýokary zähmet işjeňliginiň, raýat jogapkärçiliginiň, ynsan belentliginiň esaslary goýulýar. Şu terbiýe wezipesi Watanyň bähbidini şahsy bähbidinden ileri tutmagy, mähriban halkyň üçin döredijilikli zähmet çekmegi, bilime-ylma höwes döretmegi ýaşlaryň öňünde baş maksat edip goýýar. Biziň kämillik ýaşyna ýetip, galan bütin ömrümizdäki işlerimiziň düýp mazmuny eziz Watanymyza wepaly gulluk etmekdir. Şu nukdaýnazardan, ähli okuw mekdepleri ýaşlara diňe bir bilim bermek, hünär öwretmek bilen çäklenmän, eýsem olary ýokary ahlaklylyk, watançylyk ruhunda terbiýeläp ýetişdirmek bilen, hakyky Watan goragçylaryny kemala getirýändikleri bilen-de halkyň gyzgyn söýgüsine eýedir.

Talyplaryň ruhy-ahlak taýdan kämilleşmekleri olaryň öz ýurdunyň taryhyny çuňňur özleşdirmeklerinde yhlasyny artdyrýar. Okuw-terbiýeçilik işiniň düzümine ýaşlaryň ruhy-ahlak (ruhy-watançylyk), raýat-watançylyk, sport-watançylyk, harby-watançylyk terbiýeleri, şeýle hem milletara gatnaşyk medeniýetiniň terbiýesi girýär.

2. Ruhy-ahlak (ruhy-watançylyk) terbiýesi ösüp gelýän ýaş nesliň milli gymmatlyklara göz ýetirmeklerine, Watanyny jany-teni bilen goramaga hemişe taýýar bolmaklaryna çagyryş bolmak bilen çäklenmän, eýsem iliňe-ýurduňa hyzmat etmek ýaly milli gymmatlyklary özünde jemleýär.

3. Raýat-watançylyk terbiýesiniň maksadynda çagalara we ýaşlara halkyň we döwletiň ykbaly üçin ýokary jogapkärçilik çekýändigini we olaryň bähbitlerini goramaga borçludygyny düşündirmek ýaly asylly ýörelgeler ulgamy goýulýar. Institutymyzda talyplara ýokary aňyýetli, döwletiňe janyň-teniň bilen gulluk etmäge we konstitusion borjuňy ýerine ýetirmäge hemişe taýýar bolmalydygy gündelik guralýan sapaklarda we harby-türgenleşik çärelerinde öwredilýär.

Häzirki döwürde Türkmenistanda bedenterbiýe hereketi köpçülikleýin häsiýete eýe boldy. Raýatlarymyzyň ähli ýaşdakylary ir säherden bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirýärler, saglyklaryny berkidýärler. Ýaşlarymyz bolsa sportuň dürli görnüşleri boýunça türgenleşýärler, ýurdumyzyň çägindäki we halkara derejesindäki ýaryşlara gatnaşýarlar, ýeňiji bolup, sylaglara mynasyp bolýarlar.

4. Mähriban Prezidentimiz, raýatlaryň sagdyn durmuş keşbini kemala getirmek maksady bilen, etraplarda, şäherlerde sport mekdepleriniň, desgalarynyň, saglyk ýollarynyň gurluşygyna aýratyn ähmiýet berýär, bu işi berk gözegçilikde saklaýar. Şeýlelikde, sport ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler bilen, Türkmenistan halkara ýaryşlarynyň yzygiderli geçirilýän merkezine öwrüldi. Sport-watançylyk terbiýesinde ýaşlaryň bedenterbiýäniň we sportuň medeniýetini ösdürmäge işjeň gatnaşyklarynyň ugurlary, olarda güýçlülik, çydamlylyk häsiýetlerini kemala getirmegiň usullary, sagdyn durmuş ýörelgelerini döretmegiň ýollary we ýaramaz endiklerini aradan aýyrmagyň tärleri öwredilýär.

5. Edermenlik-watançylyk terbiýesinde ýaşlaryň gahrymançylykly hünärleri ele almaklary, taryhymyzda belli şahsyýetlerimiziň Watany goramakdaky edermenlikleri ündelýär, ata-babalarymyzyň beýik işleriniň mysalynda kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerini gazanmak maksat edinilýär.

6. Harby-watançylyk terbiýesinde ýaşlarda ýokary watançylyk aňyýetini kemala getirmek, Watana gulluk etmegiň mukaddes borçdugy we oňa wepaly gulluk etmelidigi maksat edinilýär. Watançylyk diýmek Watana söýgüdir, oňa wepadarlykdyr. Watan üçin jan çekenler biziň milli gahrymanlarymyzdyr. Olar hiç haçan unudylmaýar. Watany goramak biziň hemmämiziň borjumyzdyr. Jemläp aýdanymyzda, Türkmenistanyň ýaşlar baradaky ýöredýän döwlet syýasatynyň ugurlaryna, esasan, şular degişlidir:

  • ýaşlaryň döwletiň we jemgyýetiň durmuşyna işjeň çekilmekleri üçin amatly

şertleri döretmek;

  • ýaşlaryň hukuklaryny, borçlaryny hem-de azatlyklaryny kanun esasynda goramak;

  • ýaşlaryň ylmy we döredijilik işlerini goldamak we höweslendirmek;

  • ýaşlaryň hemmetaraplaýyn bilim almaklary, ylmy işler bilen meşgullanmaklary

üçin ähli amatly şertleri döretmek;

-ýaşlaryň beden we ruhy ösüşini üpjün etmekde saglygy saklaýyş hem-de bilim edaralarynyň bilelikdäki hyzmatlaryny işjeňleşdirmek we kämilleşdirmek;

- ýaşlar birleşikleriniň işlerini hemmetaraplaýyn goldamak;

- ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlyklaryny ösdürmäge goldaw bermek.

Mähriban Prezidentimiziň ýaşlar syýasaty baradaky kabul eden “2021–2025-nji ýyllarda Türkmenistanyň döwlet ýaşlar syýasaty boýunça Döwlet maksatnamasyny” ýerine ýetirmekde bilim ulgamynyň üstüne ýokary jogapkärçilik ýüklenýär.

 

Kakamyrat Garryýew, Merdan Amanow,

Türkmenistanyň Serhet instituty.