KITAPHANALAR BILIM BAÝLYGYDYR

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýöredýän bilim özgertmeleri bilen ýurdumyzyň mekdepleriniň ähli basgançagy döwrebap binaly, kompýuter, multimedia, lingafon, audio-wideo, sanly bilim serişdeli, abzallaşdyrylan bedenterbiýe we sport zally, bilim portally, elektron kitaphanaly, okuw-usulyýet üpjünçilikli binýada eýedir. Häzirki günde ösüp gelýän ýaşlara Arkadag eýýamynyň ösüşine laýyk ylmyň we tehnologiýalaryň, milli we dünýä tejribesiniň gazananlaryna, ata-babalarymyzyň ynsanperwer ýörelgelerine, watançylygyna, edebi we ruhy baýlyklaryna esaslandyrylan bilim- terbiýe berilýär.

Milli bilimiň ösüşine kuwwat berýän çeşmeleriň esaslaryndan biri-de kitaplardyr. Bilim ojaklarynyň kitaplar bilen üpjünçiligini amala aşyrýan mekdep kitaphanalarynyň işi elektron dolanyşyga geçirildi. Ýaşlar, köp wagt sarp etmezden, özüne gerek edebiýatlary kitaphanalardan alyp bilýärler. Diňe bular hem däl. Mekdep kitaphanalary bilen paýtagtymyzdaky we welaýat merkezlerindäki döwlet kitaphanalarynyň arasynda elektron hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy, ýaşlaryň kitap ýetmezçiligini aradan aýyrýar. Indi müşderiler öýjükli el telefonlaryň, kompýuterleriň, smartfonlaryň kömegi bilen, şol kitaphanalaryň saýtlaryna girip, özlerine gerekli edebiýatlary bökdençsiz alyp bilýärler.

Kitaplar bize jahanyň sesini getirýär. Olardan akyldarlaryň, beýik Pyragynyň ynsan köňlüne nur çaýýan, göreçlerimize şöhle saçýan, geljegimize şamçyrag bolýan dünýewi we ylahy pähimlerini eşidýäris. Milli şahyrymyzyň ýüreklere juda ýakyn barýan senaly setirleri ruhumyzy göterýär. Şu dünýäde ýaşaýandygymyza we halkyň, döwletiň üçin gowy zatlary döredip biljekdigiňe ylham alýarsyň. Söz ähli sungatlaryň gözbaşy. Söz ynsanyň içki dünýäsindäki güneş, ýiti hem öwüşginli şöhle. Söz Älemiň nury, ýagşy söz bilen jahan ýagtylanýar.

Adamyň ruhy dünýäsiniň giňişligi söz kitaplarda jemlenendir. Sahypalary umyt bilen açylyp, okalandan soň, sahaplary kanagatlylyk bilen ýapylýan kitaplaryň ömri uzyndyr, okyjysy köpdür. Şeýle kitaplaryň hatarynda hormatly Prezidentimiziň meşhur, adybir “Döwlet guşy”, “Älem içre at gezer” edebi-realistik romanlaryny, köpjiltli “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik göwrümli işi we beýleki eserleri dünýäniň halklarynyň köpüsiniň diline terjime edildi, okyjylaryny millionlarça ýetirdi. Bu eserler milli bilim ojaklarynyň ählisinde düýpli öwrenilýär, ýaşlaryň bilim baýlyklaryny artdyrýar.

Kitaphanalardaky ruhy baýlyklarymyz bolan “Oguznama”, “Gorkut ata”, “Görogly” şadessanlary, halk döredijiliginiň beýleki žanrlary hüwdüler, ertekiler, rowaýatlar ýaşlary ata-babalarymyzyň edep hem ruhy gymmatlyklarynda, watansöýüjilik sypatlarynda terbiýelemäge gymmatly çeşme bolup hyzmat edýär. “Oguznama” ýaşlara taryhy düşünjeleri öwretmegiň, merdana halkymyzyň nesilleri terbiýelemeginiň, olary ýetişdirmegiň, paýhasly ýörelgeleriniň çeşmesi bolsa, “Gorkut ata” şadessany özboluşly terbiýeçilik mek­debidir. Eseriň baş gahrymany Gorkut atanyň pähim-parasatdan döredilen keşbi il-ýurduňa hyzmat etmegiň nusgasydyr. Gorkut atanyň dürdäne pähimleri kämil şahsyýeti kemala getirmegiň esaslaryna öwrülendir. Bu eserdäki pikirler ýaş nesilde türkmene mahsus bolan mertligi, edermenligi, eserdeňligi, adamkärçilik sypatlaryny kemala getirýär.

Kitapda Gorkut atanyň dili bilen beýan edilýän jümlelerde edep-terbiýäniň mekdebiniň irki döreýşine aralaşýarys. Adam özüni beýlekilerden ulumsy tutmaly däl. Malyna dözmeýän adamyň adynyň tutulmajakdygy, myhman gelmeýän öýüň ýykylanynyň ýagşydygy ýaly pähimler ulgamy her bir okyjyny biparh goýmaýar.

Gündogaryň belli taryhy eseri “Kowusnama” hem nesil terbiýesinde uly ähmiýete eýedir. Onda adamyň belentligi onuň akyly hem bilimi bilen häsiýetlendirilýär. “Akyl bilen mal, baýlyk toplap bolar, emma mal bilen akyl toplap bolmaz; beýiklik aslyň kimliginde, gelip çykyşyňda däl-de, akyl-paýhasyňda, başarnygyňdadyr; hakyky at-owaza öz zehiniň, ukybyň bilen gazanylýandyr” diýen pähimler ulgamy berilýär.

Gündogaryň akyldarlary Döwletmämmet Azady, Magtymguly Pyragy ýaly ägirtleriň eserleri, dessançy bagşylaryň, ertekileriň, halk döre­dijiliginiň beýleki žanrlarynda halkymyzyň edebi hem ahlak ýörelgeleri, däp-dessurlary özüniň beýanyny tapýar. Türkmeniň akyldarlarynyň döreden dürdäneleri, ölmez-ýitmez milli eserlerimiz kitaphanalar arkaly şu günüň okyjylaryna gowşurylýar. Şeýlelikde, milli kitaphanalarymyz ruhy baýlyklarymyzyň genji-hazynalaryny — edebi eserlerimizi, ruhy çeşmelerimizi, ylmy işleri, okuw kitaplaryny, okuw gollanmalaryny we beýleki baý maglumat gorlaryny özünde saklamak bilen, bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmäge uly goşant bolýar.

Kitaphana işiniň sanly ulgamda amala aşyrylmagy ony bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrmagynyň esasy şertleriniň birine öwürýär. Şeýle bolansoň, ähli ulgamlaryň sanlaşdyrylýan häzirki döwründe, elektron bilim maglumatlarynda, bilimiň saýtlarynda, kitaphanalaryň baý gorlaryny ornaşdyrmak bilen, bir tarapdan, sanly serişdeleriň ulanylyş mümkinçiligini giňeltmäge, ikinji tarapdan, bilim ojaklarynda ýaş nesle berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmaga mümkinçilik berýär.

Milli ruhy baýlygymyzyň çeşmesi, ylym-bilim bermegiň ygtybarly serişdesi, galyberse-de, ynsanyň ýakyn dosty kitaplary aýawly saklamak, kitaphanalaryň işini ýokary hilli guramak barada taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys.

 

Humar Jumageldiýewa

Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen

kitaphanalar ulgamy