Aşgabat – ýurdumyzyň ýüregi

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda esaslandy- rylmagynyň 140 ýyllygy bellenilýän Aşgabady ösdürmek, täze desgalaryň gurluşygy we onuň durmuş düzümini toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrmak babatynda giň gerimli işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda paýtagtymyzda gurulýan binalarda binagäriik we bezeg işleri babatda sanly ulgamyň tehnologiýalary we öňdebaryjy tejribeler ulanylýar. Bu babatda ýurdumyzda Aşgabady ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň binalaryndaky öýlerde «akylly öý» intellektual ulgam ornaşdyryldy.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň toýlanýan ýylynyň Nowruzynda dünýä inen taýçanak bu şanly wakanyň şatlygyny goşalandyrdy. Owadan desgada dünýä inen taýçanaga hormatly Prezidentimiziň paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy bilen baglylykda, Aşgabat diýip at goýmagy parahatçylygyň we ynanyşmagyň mekanynyň, onuň paýtagt şäheriniň bedew batly ösüşleriniň, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen sepgitleriň nyşanyna öwrüldi.

Aşgabat batly depginler bilen ösýän häzirki zaman şäheridir. Sebitiň işewürlik, medeni we halkara hyzmatdaşlygynyň merkezi hökmünde ykrar edilendir. Paýtagtymyzda her ýyl syýasy, ykdysady, ylym-bilim, medeni, syýahatçylyk we sport ulgamlarynda halkara gatnaşyklaryny ösdürmek maksady bilen, ylmy-maslahatlar, sergiler, festiwallar, sport ýaryşlary guralýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýän «Türkmenistan—parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda «Ak şäherim Aşgabat» atly XX halkara köpugurly sergini, döredijilik bäsleşiklerini, medeni-köpçülik çäreleri, dürli maksatly desgalaryň hem-de döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, işewür merkezli «Garagum» myhmanhanasynyň açylyş dabaralaryny, sport bäsleşikleri, at çapyşyklary guramak meýilleşdirilýär.

Dürli derejedäki sport ýaryşlarynyň geçirilýän merkezine öwrülen Türkmenistanda 2021-nji ýylda Welotrek boýunça dünýä çempionatyny guramaçylykly geçirmek ugrunda zerur taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Welosipedçileriň halkara birieşiginiň Düzgünnamasyna laýyklykda, bu iri halkara bäsleşigi şu ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesiniň Welotrek sport toplumynda geçiriler. Şeýle-de, şü ýylyň şentýabr aýynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesinde Tennis boýunça Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşyň tapgyry geçiriler.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda gün-günden gözelleşýän we özgerýän Aşgabat häzirki döwürde döwrebap bezegleriň milliligi, kaşaňlygy we amatlylygy, binagärlik ýörelgeleri we tebigy gözelligiň sazlaşygy bilen görenleri haýran galdyrýar. Yzygiderli döwrebaplaşdyrylýan we ösdürilýän Aşgabat şäherimiz Gündogaryň merjen şäherine, halkymyzyň bolsa mähir ojagyna öwrülýär.

 

Metbugat maglumatlary

esasynda taýýarlanyldy.

Bilim” žurnaly.