NURANA GELJEGIMIZIŇ HATYRASYNA


29-njy martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna seredildi hem-de käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisi açyp hem-de oňa gatnaşanlara yüzlenip, 28-nji martda yurdumyzda täze konstitusion edarsy – Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saylawlarynyň geçirilendigini belledi. Halk Maslahatynyň döredilmegi döwletimiziň geljegi üçin ykbal çözüji waka boldy. Bu edara türkmen halkynyň bagtly durmuşynyň, ata Watanymyzyň nurana geljeginiň hatyrasyna Hökümetiň işläp taýýarlaýan we ýurdumyzyň halky bilen amala aşyrýan uly möçberli maksatnamalarynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegini upjun eder.

Hormatly Prezidentimiz Halk Maslahatynyň agzalarynyň sayiawlaryna gatnaşyp, ses beren rayatlarymyzyň ählisine minnetdarlyk bildirdi. Soňra hormatly Prezidentimiz uly ynam edip, özüni Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlandygy üçin, mähriban halkymyza minnetdarlyk bildirdi hem-de halkymyzyň öňündäki ýokary jogapkärçilik hökmünde kabul edýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz bildirilen ynamy ödemek üçin ähli tagallalary etjekdigini, Palatalaryň we tutuş Milli Geňeşiň doly bahaly işlemegi üçin hemmetaraplaýyn kömek berjekdigini aýtdy.


Metbugat maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.

“Bilim”žurnal