ARKADAGA BUÝSANJYMYZ ÇÄKSIZDIR

Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz 29-njy martda geçiren Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisiniň ikinji bölegini howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek bilen bagly meselelere bagyşlady. Şonuň esasynda-da, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Magtymguly atamyzyň: «Ýetimi göreňde, güler ýüz bergil» diýen paýhasiy setirini arşa göterip, eziz Arkadagymyz täze döredilen bu gazna öz gazanjyndan ilkinji bolup serişde goýýandygyny aýtdy. Munuň özi dünýä nusgalyk ýurdumyzda ynsanperwerlik, bir-birege goldaw bermek ýörelgelerine eýerilýändigini ýene bir gezek aýan etdi.

Hawa, adam özüne nähili günleriň garaşýandygyny bilip bilmeýär. Biz durmuşda ykbalyň saýlanyp alynmaýandygy üçin, syrkawlyk, ýol heläkçiligi ýaly sebäplere görä, nebir çagalaryň ene-atasyz galaýýandygyna durmuşda duşýarys. Ol wakalaryň  ýüregiňde çuňňur gynanjy oýarýar. Şeýle ýagdaýda «Olaryň indiki ykbaly, durmuşy nähili bolarka?» diýen ýaly pikirler gurşap alýar. Saý-sebäp bilen ene-atasyndan mahrum bolan çagalaryň terbiýelenýän we hossarlyk edilýän bilim-terbiýeçilik edarasy bolan Döwletliler köşgi bar. Şeýle hem, ýurdumyzda çagalar üçin ençeme köşkler, çagalar öýleri, mekdep-internatlar we döwrebap binalar gurulýar. Mähriban Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, ata-babalarymyz il bilen bolmak, bir-birege kömek etmek, dertliniň derdini, begeneniň şatlygyny paýlaşmak ýörelgelerini berk ýola goýupdyrlar. Ýetim-ýesiri goldap, olaryň özlerini hossarly ýaly duýmaklary üçin ähli şertleri döredipdirler. Eger-de, obada maşgalalaryň birinde çagalar ene-atasyz galaýsa, olara ellerinden gelen kömegi edipdirler. Bu gün hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, howandarlyga mätäç çagalara hemaýat etmek maksady bilen, haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi şol asylly ýörelgeleriň dowam edýändigini aýan edýär.

Danalardan biri: «Mätäje hemaýat etmek, teşne topragy, baglary suwa ýakan kysmy ajap bir zatdyr» diýipdir. Onuň esasynda ynsanyň ömri gülleýär. Hut şeýle beýik işleriň başynda duranlygy üçin biziň Gahryman Arkadagymyza hoşallygymyz çäksizdir.

 

                                                                                                          “Bilim”

                                                                                                          žurnaly