EDEBIÝAT AGŞAMY

Babadaýhan etrap merkezi kitaphanasy mekdep okuwçylarynyň, mugallymlaryň, kitap söýüjileriň gatnaşmaklarynda türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrlarynyň ömri we döredijiligi, çeper goşgulary, şeýle hem häzirki zaman ýazyjylarynyň eserleri boýunça edebiýat agşamlaryny geçirýär. Kitaphananyň XIX asyr türkmen şahyry Abdyrahym Zynharynyň doglan gününiň 230 ýyllygy mynasybetli, şahyryň ömrüne we döredijiligine bagyşlanyp, «Zynharynyň eserlerinde pelsepewi pikirler» atly geçiren agşamy täsirli boldy.

Kitaphananyň hünärmenleriniň, okyjylaryň, mekdep okuwçylarynyň çykyşlarynda türkmeniň nusgawy şahyrynyň il-ýurt baradaky goşgularynyň terbiýeçilik ähmiýetiniň uludygy bellenildi. Edebiýat agşamynda getirilen maglumatlar ýaşlary terbiýelemekde, okuw materiallaryny özleşdirmekde hyzmatynyň uludygy, türkmeniň şahyrana döredijiliginiň halkyň durmuş hal-ýagdaýyny şöhlelendirmekdäki gymmatlyklary dogrusynda aýdylanlar bu möhüm çärä gatnaşanlarda ýakymly duýgulary döretdi.

Edebiýat agşamynyň dowamynda mekdep okuwçylary ussat şahyryň goşgularyny labyzly okap berdiler. Bu ýerde şahyryň dürli ýyllarda neşir edilen kitaplaryň sergisi hem guraldy.

 

                                                                           “Bilim” žurnaly.