HARBY TALYBYŇ ÜSTÜNLIGI

Türkmenistanyň Serhet institutynyň harby talyby Myrat Allanazarow Russiýa Federasiýasynyň “Erudit” ylym-bilim merkeziniň onlaýn görnüşdäki “Erudit online” halkara internet olimpiadasynyň üçünji gezek ýeňijisi boldy. Talyp bu gezek biologiýa dersinden “Genetikanyň esaslary” ugry boýunça bäsleşdi. Şeýlelikde, test görnüşinde alnyp barlan bäsleşikde Myrat Allanazarow 18 utugyň 13-sini toplap, 3-nji orny eýeledi we “Erudit” ylym-bilim merkeziniň 3-nji derejeli diplomyna hem-de bürünç medalyna mynasyp boldy. Serhetçi talyplaryň halkara olimpiadalarynda gazanýan dowamly ýeňişlerinde institutyň mugallymlarynyň yhlasly zähmetini bellemek gerek.

                                                                             “Bilim” žurnaly.