HÜNÄR KÄMILLEŞDIRIŞ OKUWLARY

Ahal welaýat Baş bilim müdirligi tarapyndan hünär kämilleşdiriş okuwlaryny ýerlerde guramak bilen baglanyşykly işler üstünlikli dowam edýär. Welaýat Baş bilim müdirligi tarapyndan ýörite düzülen topar Babadaýhan etrap bilim bölüminde kämilleşdiriş okuwyny gurady.

Bu möhüm çärä etrabyň bilim bölüminiň düzümine girýän orta mekdeplerde bilim berýän mugallymlar we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň müdirleri, terbiýeçileri gatnaşdylar. Her bir bilim işgäriniň öz üstünde döredijilikli işlemegi, kämilleşdiriş okuwlarynda, usuly birleşmelerde, usuly maslahatlarda öz iş tejribeleri boýunça çykyş taýýarlap, tejribesini paýlaşmalydyklarynyň ähmiýeti dogrusynda bu ýerdäki çykyşlarda bellenildi.

Okuwlarda mugallymçylyk hünäriniň hormaty, okuwçylara bilim-terbiýe bermekde döwrebap usullardan peýdalanmagyň wajyplygy aýratyn nygtaldy. Şeýle hem kämilleşdiriş okuwynda Gahryman Arkadagymyzyň bilim ulgamyna berýän taýsyz tagallalaryna alkyşly sözler aýdyldy.

                                                                               “Bilim” žurnaly.