Açyk halkara internet olimpiadasynda talyplarymyz uly ýeňiş gazandylar

Türkmenistandan Açyk halkara internet olimpiadasynda talyplarymyzdan 31-si ýeňiji we 95-si baýrakly orunlara mynasyp boldy.Talyp biliminiň gözden geçirilişi fizika, himiýa, informatika, maddalaryň garşylygy, statistika, nazary mehanika, ykdysadyýet, ekologiýa dersleri boýunça amala aşyryldy. Matematika boýunça ýaryş üç tapgyrda göz öşünde tutulyp, onuň jemleýji tapgyrynyň 12 ― 13-nji maýda geçiriljekdigi baradaky habar metbugt arkaly köpçülige ýetirildi.

Informatika boýunça altyn medallaryň 9 sanysyny Halkara nebit-gaz uniwersitetiniň talyplary Azamat Täjiýew, Ysmaýyl Orazgeldiýew, Myrat Seýitgulyýew, Bekmyrat Ataýew, Baýramgeldi Şageldiýew, Muhammet Begenjow, Täçmyrat Saparmyradow, Yhlas Kerimow, Nurahmet Kakageldiýew dagy gazandy. Şu ders boýunça ýene iki sany altyn medala ýurdumyzyň Döwlet energetika institutynyň talyplary Merdan Bagtyýarow we Şöhle Abdyýewa mynasyp boldy.

Türkmen Oba hojalyk institutynyň (Daşoguz şäheri) talyplary nazary mehanika we maddalaryň garşylygy boýunça örän ýokary bilime eýediklerini görkezdiler. Bu ders boýunça 6 altyn medala: Aýzüleýha Abdyrahmanowa, Ýakup Annagurbanow, Muhammet Jumaýew, Jennet Bäşimowa, Begenç Daňatarow, Kakageldi Agajanow dagylar mynasyp boldy. Bilimiň bu pudagy boýunça bir altyn medaly Kuwwat Hemdemow gazandy (S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti).

Ykdysadyýet boýunça 3 altyn medal Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň ygtyýaryna geçdi. Olara mynasyp bolanlar: Bibihajar Kulyýewa, Medine Jumanazarowa we Gyzylgül Ilbaýewa.

Ekologiýa pudagynda Türkmenistanyň M.Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplary: Şatlyk Tekäýew, Saparmuhammet Annageldiýew, Merjen Garajaýewa, şeýle hem Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby Laçyn Durdylyýewa iň ýokary netije görkezdi.

Himiýa boýunça iň ýokary sylagy Akmuhammet Allamyradow, Muhammetberdi Garaýew, Ogulbagt Muhammetberdiýewa (Magtymguly adyndaky TDU), Şirin Kelowa (Döwlet energetika instituty) we Sona Berenowa (Halkara nebit we gaz uniwersiteti) gazandy. Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby Merdangeldi Abdyjepbarow fizikany örän oňat bilýändigini görkezdi.

Ýurdumyzyň atlary agzalan ýokary okuw mekdepleriniň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň talyplary 40 kümüş, 55 bürünç medala eýe boldular.

                                                   

 Metbugat materiallary

esasynda taýýarlanyldy,

“Bilim” žurnaly.