Aşgabat – gözelligiň şäheri

                                   Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:

                                                                                          — Galkyp ganat gerdigim,

Sap söýgüden gurdugym,

                                                                                               Ýüregi sen ýurdumyň,

                                                                                               Ak şäherim Aşgabat!

Gahryman Arkadagymyzyň sap söýgüsinden kemal tapan, milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen 140 ýyllygynyň bellenilmegine uly taýýarlyk görülýän günlerde Aşgabat şäheri toý lybasynda. Şäherimiz täze keşbe eýe bolýar, ol has-da gözelleşýär.

“Aziýanyň merjeni” adyny alan, ak mermerden gurlan ajaýyp şäherimiz, eziz Watanymyzyň paýtagty Aşgabat 1881-nji ýylda esaslandyrylýar. Paýtagtymyzyň atlandyrylyşy (Aşgabat) barada halk arasynda hem-de dürli ýazuw çeşmelerinde dürlüçe pikirler bar hem bolsa, ahyrynda paýtagtymyzyň ady baradaky garaýyşlar bir pikire syrygýar. “Aşgabat” sözüniň manysy babatda onuň pars dilindäki "eshg" sözünden gelip çykandygy, munuň bolsa “ilat” we “rahat” (rahat-abat) diýlip terjime edilýändigi, “ilat” sözüniň “söýgi “  manysynda hem ulanylýandygy barada ylmy maglumatlar  bar. “Aşgabat” sözüniň türki dillerdäki “aşk” (aşk-yşk-söýgi) hem-de “abat”, “söýgi şäheri”, “aşyklaryň şäheri” atlandyrylyşyna biz milli çeper eserlerimizde-de kän gabat gelýäris.

Arkadagyň  yhlasyndan täzeden dörän, ýakyn günlerde 140 ýyllyk toýuny uly dabaralara beslejek merjen şäherimiziň häzirki keşbi göreni haýrana goýýar! Ajaýyplygy bilen Ginnesiň Bütindünýä  rekordlar kitabyna birnäçe gezek giren mermer şäherimiz Aşgabat dünýäde tanalýan  ýurdumyzyň iň uly senagat, ylmy we medeni merkezidir. Bu bolsa her bir türkmen raýatynyň buýsanjyna buýsanç goşýar we başyny göge ýetirýär. Gahryman Arkadagymyza söýgüsini artdyrýar.

Döwlet Baştutanymyzyň ýadawsyz zähmeti netijesinde, Aşgabatda köp sanly edara-kärhanalar,  göreni haýran edýän gurluşyk-binagärlik keşbine eýe bolan binalar, köp gatly ýaşaýyş jaýlary, dynç alyş merkezleri, seýilgähler bar. Uly-uly muzeýler, taryhy we şu güni sazlaşdyryp, geçmişden geljege sary alyp barýan ak ýollaryň salgysy ýaly, gözellikden dörän sungat eserleri, ýadygärlikler, ajaýyp tebigy zonalar sanardan köp.  Aşgabat şäherindäki Milli muzeýi görmäge göz gerek. Onda halkymyzyň gadymy medeniýetine şaýatlyk edýän örän gymmatly tapyndylary islendik wagtda synlamaga mümkinçilik döredilen. Muzeýde XVII-XIX asyrlaryň ösen halk senetçiliginiň we halk döredijiliginiň nusgalary ýerleşdirilen. Muzeýdäki milli egin-eşikler, dokma, keşde,  milli şaý-sepler we beýleki eksponatlar paýtagtymyzyň ýaşaýjylarydyr myhmanlaryny haýran galdyrýar.

Eziz Watanymyzyň mundan bu ýana hem kuwwatlandyrylmagyna sary batly gadamlar bilen barýan merjen şäherimiz gülleýär, gül açýar. Al-elwan güllere beslenen ak ýollary, bilbiller saýraşýan baglary, belent başly daglary, çeşme-çaýlary, ajaýyp suw çüwdürimleri bilen tutuş bir gözellige öwrülip oturan jenneti mekanymyz biziň her birimiziň kalbymyzda orun alyp,  göwnümizi galkyndyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýürek mährine eýläp, halkyna peşgeş beren merjen şäheri – Aşgabat häzir täze keşpde, täze rewüşde tutumly toýlara taýýarlanýar. Aşgabadyň 140 ýyllyk toýy mynasybetli, paýtagtymyzyň görküne görk goşýan asyrlara barabar işleri amala aşyran Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ili abat, tutýan il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaç bolsun!

                                                                                 

                                                                                                                      “BILIM” žurnaly.