TÜRKMENISTANDA SANLY BILIM ULGAMYNY ÖSDÜRMEGIŇ KONSEPSIÝASY ÜSTÜNLIKLI DURMUŞA GEÇIRILÝÄR

Hormatly Prezidentimiziň Kararlary bilen tassyklanylan “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” we “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy” ýurdumyzda sanly ulgam babatda ýokary tizlik bilen geçirilýän işleriň anyk ugurlaryny, maksatlaryny, öňde durýan wezipelerini kesgitleýär.

“Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmegiň birinji tapgyry üçin meýilleşdirilen çäreler boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenler, professor-mugallymlar, talyplar tarapyndan sanly bilim ulgamynyň programma üpjünçiligi, onuň binýadynda sanly bilim portallary işlenip taýýarlanyldy. Internet arkaly işlemek usulyýet taýdan kämilleşdirildi. Sanly bilim portaly elektron poçta, elektron resminama, uzak aralykdan bilim almak, ylmy işler, okatmagyň elektron serişdeleri, bäsleşikler, maslahatlar, forumlar, okuw kitaplary, okuw gollanmalary, sözlükler we ş.m. bilen üpjün edildi.  

Bilim edaralary häzirki zaman kompýuterleri, multimedia tehnologiýalary, laboratoriýa, lingafon enjamlary bilen üpjün edilýär. Internet toruna birikdirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň adyndan mekdebe ilkinji gezek gadam basýan çagalaryň ählisine öwrediji kompýuterleriň sowgat berilmegi ajaýyp däbe öwrüldi. Bularyň ählisi ýaş nesliň intellektual we döredijilik mümkinçiliklerini doly derejede açmaga, bu ukyplary hünär taýdan ugrukdyrmaga gönükdirilendir.

Bilim ojaklarynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde, ýurdumyzyň ýokary hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda sanly aragatnaşyk ulgamy arkaly umumy okuw sapaklary guralýar. Şeýle okuw sapaklarynyň, uzak aralykdan bilim bermegiň beýleki usullarynyň geçirilmegi, wideoşekilli maslahatlaryň daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri, ylym-bilim merkezleri bilen ýygy-ýygydan guralmagy bu işleriň netijeli boljakdygyny aňladýar.

Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamlaryny sanly ulgama toplumlaýyn geçirmek bilen baglylykda, “Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasy” hem-de “Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasy” kabul edildi. Bu strategik ähmiýetli maksatnamalaryň amala aşyrylmagy ýurdumyzyň ylym ulgamyny täze belentliklere çykarar. IT-tehnologiýalary netijeli, durnukly hem-de özüni ödeýän sanly bilimi ösdürmäge, täze tehnologiýalary giňden ulanmaga, ylym-bilimiň we önümçiligiň arasyndaky baglanyşygy has-da işjeňleşdirmäge ýardam eder. “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylymyzda gözümiziň görejine deňelýän eziz Watanymyzy geljekde hem ösdürmekde taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy dik, ömri uzak bolsun!

 

                                                                           “Bilim” žurnalynyň maglumatlary esasynda taýýarlanyldy