Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara foruma gatnaşyjylara

Hormatly halkara foruma gatnaşyjylar!

Gadyrly myhmanlar!

Sizi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň we gözel paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygynyň uly dabaralar bilen bellenilýän ýyly bolan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda paýtagtymyzda geçirilýän Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe nebitgaz toplumyny ösdürmek boýunça öňde duran wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde bu halkara forumyň ähmiýeti örän uludyr.

Türkmenistan energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermek bilen bir hatarda, nebiti we gazy gaýtadan işleýän döwrebap önümçilikleri döretmäge uly üns berýär. Tebigy gazyň ägirt uly gorlary boýunça dünýäde öňdebaryjy orny eýeleýän ýurdumyzda ykdysadyýetimiziň nebitgaz we senagat pudagyny ösdürmek boýunça giň gerimli taslamalar amala aşyrylýar. Uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen iri senagat desgalary gurulýar.

Bu halkara foruma daşary ýurtlardan gatnaşýan işewürler ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyna maýa goýumlary çekmegiň mümkinçilikleri, nebitgaz pudagyny ösdürmegiň strategiýasy, döwrebap tehnologiýalary işjeň çekmegiň tejribesi, hyzmatlary amala aşyrmagyň ýollary, senagaty döwrebaplaşdyrmagyň usullary bilen tanyşdyrylar.

Energetika pudagynda däp bolan strategik gatnaşyklary saklamak bilen bir hatarda, ýurdumyz Ýewropa, Aziýa, Uzak Gündogar, Günorta — Gündogar ugurlary boýunça energetika hyzmatdaşlygyny barha giňeldýär. Dünýäniň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary, abraýly maliýe düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlygy ösdürýär.

Forumda daşary ýurt maýa goýumlaryna gyzyklanma bildirýänleriň ählisine, hususan-da, işewürlere häzirki zaman maýa goýum hyzmatlaryny amala aşyrmak babatda tekliplerini beýan etmäge hem-de türkmen kärdeşleri bilen gepleşikleri geçirmäge doly mümkinçilikler dörediler.

Hormatly halkara foruma gatnaşyjylar!

Gadyrly myhmanlar!

Nebite we tebigy gaza baý bolan ýataklary daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek arkaly çalt depginler bilen özleşdirmek ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Täze ojaklary açmak, täze känleriň çägini giňeltmek, täze guýulary burawlamak ýaly işler baglaşylan şertnamalar we ylalaşyklar esasynda daşary ýurt kompaniýalary bilen bilelikde alnyp barylýar.

Türkmenistanyň energetika strategiýasy ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge hem-de dünýäniň energetika ulgamyna sazlaşykly goşulmagyna gönükdirilendir. Şoňa görä-de, köpugurly gaz geçiriji ulgamy döretmek, türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ugratmagyň ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.

Häzirki wagtda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Bu iri taslamanyň durmuşa geçirilmegi diňe bir oňa gatnaşyjy döwletleriň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, dünýäniň beýleki ýurtlarynyň ösüşine hem oňaýly täsirini ýetirer.

Bu günki gün Türkmenistan energiýa serişdelerini diňe bir öndürmek ýa-da daşary ýurtlara ibermek bilen çäklenmän, eýsem, dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýan gazhimiýa önümleriniň eksportynyň möçberlerini hem ýylsaýyn artdyrýar. Bu babatda tebigy gazy gaýtadan işläp, täze önümleri öndürmegi ýola goýmaga uly ähmiýet berýäris.

Soňky ýyllarda kabul edilen maksatnamalara laýyklykda, birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, biz ýakyn wagtda ençeme gazhimiýa toplumlaryny hem-de zawodlaryny gurmagy göz öňünde tutýarys. Geljekde hem ýangyç-energetika toplumynda şunuň ýaly sebit we dünýä ähmiýetli täze taslamalary durmuşa geçirmek biziň döwlet syýasatymyzyň möhüm ugurlarynyň biri bolar.

Şeýlelikde, tebigy baýlyklaryny diňe bir halkymyzyň däl, eýsem, bütin adamzadyň abadan durmuşynyň, ýagty geljeginiň hatyrasyna gönükdirýän Türkmenistan halkara giňişlikde ynamdar hyzmatdaş hökmünde tanalýar. Bu halkara forumyň hem ýurdumyzyň hünärmenleriniň daşary ýurtly maýadarlar bilen bilelikde özara tejribe alyşmakda, geljekde giň gerimli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda hem-de ikitaraplaýyn bähbitli taslamalary ara alyp maslahatlaşmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn.

Gadyrly dostlar!

Hormatly halkara foruma gatnaşyjylar!

Sizi Aşgabat şäherinde geçirilýän Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, abadan we bagtyýar durmuş, ata Watanymyzyň nebitgaz pudagynyň işini ösdürmek we ony milli ykdysadyýetimiziň kuwwatly ulgamyna öwürmek babatda alyp barýan işleriňizde rowaçlyklary arzuw edýärin.

 

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow.