TÄZE KITABYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARALARY DOWAM ETDIRILÝÄR

BUŞLUK! Gahryman Arkadagymyzyň sap söýgüsinden kemal tapan, milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen 140 ýyllygynyň bellenilmegine degişli çäreleriň giň gerime eýe bolýan  günlerinde halkymyza ajaýyp sowgat boljak täze kitap çapdan çykdy!

Hormatly Prezidentimiziň ýaňy-ýakynda neşir edilen “Ak şäherim Aşgabat” atly ajaýyp kitabyn häzirki günlerde toý meýdançasyny ýadyňa salýan Aşgabat şäherine, onuň gözelliklerine bagyşlanylan. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli ministrliklerinde, olaryň düzümindäki edara-kärhanalarda hormatly Prezidentimiziň “Ak şäherim Aşgabat” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary geçirilýär. Şeýle dabara şu gün, ýagny 2021-nji ýylyň 12-nji maýynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň merkezi edarasynda hem geçirildi. Oňa ýurdumyzyň bilim edaralarynyň ýolbaşçylary, işgärleri, mugallymlar, talyplar we beýleki myhmanlar gatnaşdylar. Onda tanyşdyrylyş dabarasyna niýetlenen sergi hem guraldy.

Kitaby tanyşdyrmak bilen baglanyşykly çykyş edenler kitabyň Giriş bölüminden we “Aşgabatda ak arzuwlar amala aşýar”, “Göwni açygyň ýoly açyk”, “Aşgabat dünýä binagärliginiň merjeni”, “Toýlar toýa ulaşýar” ýaly bölümlerden ybaratdygyny bellediler.

Bu ajaýyp kitap Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygyna bagyşlanyp, ol mermer şäherimiziň ajaýyp keşbini tutuşlygyna suratlandyrýar. Şeýle suratlandyrmagyň aglaba bölegini ýaşaýyş jaýlarynyň, edara binalarynyň, demir we polat ýollaryň suratlary tutýar. Ol şeýle owadan bezegli-suratly beýik eseri arkaly, özüniň kitabynda belleýşi ýaly:  “Mähriban okyjy! Halkymyzyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň: 

Eşit adam dogan ilden

Gaýry mähriban ýurt bolmaz diýen setirleri Watanyň her bir adam üçin dünýädäki ähli zatdan eziz hasap edilýändigini aňladýan mukam bolup ýüregimize ornady” diýmek bilen, bütin halkyny watanperwerlige çagyrýar.

Şeýle hem, asyrlaryň ýaňyny hakydaňda janlandyrýan bu ajaýyp eseriň: “Göwni açygyň  ýoly açyk” atly bölüminde milli Liderimiz: “Şöhratly ata-babalarymyzyň “ýol çekmek, köpri gurmak parz iş” diýen döwletlilik ýörelgesinden ugur alyp, biz il-ýurt we umumadamzat ähmiýetli ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça köpugurly işleri alyp barýarys” diýip belleýär. Bu bolsa döwlet Baştutanymyzyň häzirki zaman ykdysady özgertmelerinde aýdyň ýüze çykýar.

Beýik eser – döwlet Baştutanymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan çuň manyly kitap Aşgabady bütin ajaýyplygy, belent-belent binalary, bütin gözelligi bilen tanamakda we ony geljekki nesillere ýadygär galdyrmakda, ýaşlara döwrebap bilim bermekde, eziz Watanymyza, mähriban paýtagtymyza, ene topragymyza hormat duýgularyny kämilleşdirmekde örän uly ähmiýete eýedir. Pederlerimiziň paýhas ummanyndan syzylyp, biziň aň aýlawymyzda orun tutan pähimlerden gelip çykýan dürdänelerden bilşimiz ýaly,  kitap döwürleriň, nesilleriň we medeniýetleriň arasyndaky arabaglanyşygy özünde jemleýän uly baýlykdyr. Ol ynsana hormat goýmagy öwredýän, durmuşyny gözelleşdirýän, bagtyýar ýaşamagyň ýoluny salgy berýän, Watana, halka bolan beýik buýsanjy terbiýeleýän çeşmedir. Şeýle çeşmeden diňe bir şu günki nesliň däl, geljekki nesilleriň hem ganmagy üçin gözel paýtagtymyz babatdaky maglumatlary öwrenmegiň gymmaty bimöçberdir.

Goý, Aşgabadyň 140 ýyllyk toýy mynasybetli, asyrlara barabar işleri amala aşyran, “Ak şäherim – Aşgabat” ýaly ençeme çuň manyly kitaplary ýazyp, halkymyza peşgeş beren Gahryman hem mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

 

                                                                                                                                                                                                                        “Bilim” žurnaly.