Magtymguly adyndaky TDU-da "Açyk gapylar” güni geçirildi

Hormatly Prezidentimiziň ýaş nesil babatda edýän bimöçber aladalary barha giň gerime eýe bolýar. Munuň bilen baglanyşyklylykda, ýurdumyzda ýaşlary hünäre ugrukdyrmak bilen baglanyşykly köp görnüşli çäreler durmuşa geçirilýär. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde 2021-nji ýylyň 7-nji maýynda orta mekdeplerden uçurymlar, esgerler, önümçilikde işleýän ýaşlar we bu ýokary okuw mekdebe girmäge isleg bildirýänler çagyrylyp,  «Açyk gapylar” güni geçirildi.

«Açyk gapylar” gününe gatnaşan ýaşlar hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek babatda alyp barýan syýasatynyň durmuşa geçirilişi, ýokary bilim ulgamynda, şol sanda ýurdumyzyň baýry ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Magtymguly adyndaky TDU-da gazanylýan üstünlikler, öwredilýän hünärler, döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan täze binalar, okuw, internet, lingafon otaglary, ylmy-barlag we okuw merkezleri, muzeýler, uniwersitetiň sport klubunyň işi, talyplaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen ýakyndan tanyşdylar. Şeýle hem, olar uniwersitetiň durmuşy baradaky wideofilme, aýdym-sazly çykyşlara, fakultetler tarapyndan taýýarlanan sergilere tomaşa etdiler. Bu  çäre oňa gatnaşyjylar üçin örän täsirli boldy.

                                                                           “BILIM” žurnaly.