ORTA BILIM ULGAMY SANLYLAŞDYRYLÝAR

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len ýur­du­myz­da bi­lim ul­ga­my tä­ze ösüş­le­re eýe bol­ýar. Ul­ga­myň işi­ni döw­re­baplaşdyrmak, oňa täze teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak, ýaş nesle be­ril­ýän bi­li­miň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, mazmunyny baýlaşdyrmak, bu ba­bat­da dün­ýä tej­ri­be­sin­i öwrenmek, bilimiň ähli basgançaklarynda san­ly bi­lim ul­ga­my­na geç­mek bo­ýun­ça giň gerimli iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Munuň bilen baglanyşyklylykda, ýur­du­myz­da  “Türk­me­nis­tan­da san­ly bi­lim ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy­ny” my­sal ge­tir­mek ýerliklidir.

Kon­sep­si­ýany­ dur­mu­şa ge­çir­me­giň bi­rin­ji tap­gy­ryn­da me­ýil­leş­di­ri­len çä­re­ler bo­ýun­ça ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de hü­när­men­ler, pro­fes­sor-mu­gal­lym­lar, şeý­le-de, ýaş­lar üçin niýetlenilen bi­lim ul­ga­my­nyň torunda elekt­ron res­mi­na­ma, uzak ara­lyk­dan ylym-bi­lim al­mak, yl­my iş­ler, okat­ma­gyň elekt­ron se­riş­de­si, bäs­le­şik­ler, olim­pia­da­lar, mas­la­hat­lar, fo­rum­lar, okuw ki­tap­­la­ry, okuw gol­lan­ma­la­ry, söz­lük­ler we beýleki zerur maglumatlar ýerleşdirilendir. Ýokary okuw mekdepleri sanly ulgam bilen işlemäge ymykly girişdi, bu ugurda hünärmen taýýarlamagyň öňde durýan wezipeleri-de üstünlikli çözülýär.

“Türk­me­nis­tan­da san­ly bi­lim ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy­ny” durmuşa geçirmegiň ikinji tapgyrynda orta bi­lim ulgamynda san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň, ýo­ka­ry tiz­lik­li in­ter­net ul­ga­my­nyň giň­den or­naş­dy­ryl­ma­gy dowam etdirilýär. Ne­ti­je­­de, ýur­du­my­zyň umumy or­ta bilim berýän okuw mek­dep­le­ri­niň ara­syn­da  uzak ara­lyk­dan sa­pak­lar, wi­deo­şe­kil­li mas­la­hat­lar yzy­gi­der­li gu­ral­ýar. Görşümiz ýaly, umumybilim berýän okuw mek­dep­le­rin­de ýaş nesli okatmak we terbiýelemek babatda ulanylýan döwrebap usulyýeti  iş­jeň­leş­dir­mek­de hem-de al­nyp ba­ryl­ýan bi­lim-ter­bi­ýe­çi­lik, ylym, sport, me­de­ni-köp­çü­lik iş­le­ri­ni, ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan döw­let äh­mi­ýet­li öz­gert­me­le­ri giň­den beýan etmekde san­ly bi­lim ul­ga­my­nyň müm­kin­çi­lik­le­rin­den ne­ti­je­li peý­da­lan­mak mak­sa­da­la­ýyk­dyr.

Äh­li bi­lim eda­ra­la­ryn­da san­ly bi­lim teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň or­naş­dyrylýan häzirki döwründe orta mekdepler üçin dürli dersler bo­ýun­ça döw­re­bap elekt­ron okuw-usu­ly top­lum­lar, elekt­ron okuw ki­tap­la­ry, okuw gol­lan­ma­la­ry, wi­deo-au­dio ­ma­te­ri­al­lar, in­te­r­ak­tiw-mul­ti­me­dia prog­ram­ma­la­ry, okuw-gör­kez­me es­bap­la­ry, mag­lu­mat ki­tap­ça­la­ry dö­re­dil­ýär. Olardan peýdalanmagyň halkara tejribesi öwrenilýär we iş ýüzünde ulanylýar.
Şeý­le­likde, hä­zir­ki za­man teh­ni­ki se­riş­de­le­riň we mag­lu­mat gor­la­ry­nyň ula­ny­ly­şyn­da orta bi­lim ulgamynda hem ýeterlik tejribeler bardyr. Muňa Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň orta bilim we terbiýeçilik işi bölüminiň ussat hünärmenleriniň iş meýilnamasy esasynda geçirýän döwrebap usuly işleri-de şaýatlyk edýär

                                                                                                        “BILIM”  žurnaly