Dil – akylyň açary

Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmak we bilim bermek innowasion çemeleşmeler esasynda alnyp barylýar. Daşary ýurt dilleri boýunça mugallymlaryň we hünärmenleriň hünär derejesini üznüksiz kämilleşdirmek işleri maksatnamalaýyn esasda guralýar. Döwrebap bilim almaklary, dünýä dillerini bilmekleri üçin döredilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanylýar. Dil bilmek – danalaryň çuňňur düşünjeleriniň egsilmez çeşmesi, ähli üstünliklerimiziň açary. Dostlukly halklaryň dillerini bilmek dünýägaraýşyňy ösdürýär, ylmy çeşmeleri, çeper eserleri öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredýär.

Ylmyň, tehnologiýalaryň giň gerim bilen ösdürilýän häzirki döwründe innowasion tehnologiýalar daşary ýurt dillerini öwrenmekde ygtybarly kömekçi bolýar. Şonuň üçin daşary ýurt dillerini okadýan mugallymlar, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan ýerlikli peýdalanýarlar, dilleri audio-wideo serişdeleriň üsti bilen çuňňur özleşdirýärler.

Gahryman Arkadagymyz ýaşlaryň daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmekleri, düýpli bilim almaklary üçin ähli şertleri döredýär. Ylym-bilimi ösdürmekde beýik işleri durmuşa geçirýän mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!   

                                              Metbugat habarlary esasynda taýýarlanyldy,

                                                        “Bilim” žurnaly.