Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Türkmen dili we edebiýaty fakultetinde “Türkmen dili” hepdeligi geçirildi

Hormatly Prezidentimiziň ýaşlar, olaryň ýagty ertirleri babatynda edýän uly aladalary ýaşlarymyzyň durmuşynda öz beýanyny tapýar. Şeýle aladalar talyp ýaşlar bilen geçirilýän okuw-terbiýeçilik işleriniň mazmunyna siňdirilýär. Ýurdumyzda ýaşlary milli ruhda terbiýelemek, olarda ata-babalarymyzyň geçmişdäki däp-dessurlaryna, edim-gylymlaryna hormat goýmak duýgularyny ösdürmek bilen baglanyşykly işler alnyp barylýar.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Türkmen dili we edebiýaty fakultetinde 2021-nji ýylyň 10–15-nji maýy aralygynda “Türkmen dili” hepdeliginiň meýilleşdirilendigi we onuň häzirki wagtda dowam etdirilmegi ýokarda aýdylanlaryň aýdyň mysalydyr. “Türkmen dili” hepdeliginde fakultetiň talyplary göwnejaý çykyş edýärler. Olar 10-njy maýdan – hepdelige badalga berlen gününden başlap, halypa mugallymlary bilen bilelikde dürli çäreleri guraýarlar. Şeýle çäreler okuw otaglarynyň milli rewüşde bezelmeginden, aýdym-sazly çykyşlardan, tanslardan, sahna oýunlaryny goýmakdan, çeper okaýşy ýerine ýetirmekden, el işleriniň sergisini guramakdan we beýlekilerden ybaratdyr. 2021-nji ýylyň 15-nji maýynda “Türkmen dili” hepdeliginiň dabaraly ýapylyşy bolar. Hepdelikde işjeňlik görkezen, tapawutlanan talyplara gymmatbahaly sowgatlar gowşurylar.

Bu çäräniň ýaşlary milli ruhda terbiýelemekde, olara watansöýüjiligi, ulularyň zähmetine hormat goýmagy, taryhy-medeni durmuşymyzyň ajaýyplyklaryny hem-de etnopedagogik düzgünleri öwretmekde uly ähmiýeti bardyr.

                                                                           “BILIM” žurnaly.