Sport – sagdynlygyň gözbaşy

        Hormatly Prezidentimiz saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmekde köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary derejeli sporty ösdürmekde uly işleri amala aşyrýar. Ýurdumyzyň gymmatly baýlygy ynsanyň saglygyny gorap saklamakda, jemgyýetimize sagdyn ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmakda, nesillerimiziň asuda, bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmekde hormatly Prezidentimiziň tagallalary uludyr.

      Beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde ýurdumyzyň şäherleridir obalarynyň görküne görk goşýan hem-de dünýä ülňülerine laýyk gelýän iri sport we atçylyk sport toplumlary, stadionlar, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri, sagaldyş merkezleri, şypahanalar gurlup ulanylmaga berilýär. Şular bilen birlikde, keselçiligiň öňüni almak üçin adamlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegi, kadaly iýmitlenmegi ruhy taýdan sagdynlygy, arassa howada işjeň hereket etmegi we sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy barada yzygiderli aladalar edilýär.

         Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Milli maksatnamasy durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda welosiped sportuny ösdürmek we dünýä derejesine ýetirmek maksady bilen baýramçylyklarda we belli senelerde hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda köpçülikleýin welosiped ýörişileri geçirilýär.

        Welosiped sürmek bilen, dürli ýaşdaky adamlar saglygyny berkidýärler.

                                        Metbugat habarlary esasynda taýýarlanyldy,

                                         “Bilim” žurnaly.