Talyplara saz sungatyny öwretmäge üns güýçlenýär

Häzirki döwürde döredijilikli işlemäge we okamaga giň mümkinçilikler döredildi. Raýatlarymyza,  hususan-da, ýaşlarymyza halkymyzyň nesillerden-nesillere geçirip gelýän medeni-ruhy gymmatlyklaryny düşündirmek medeniýet ulgamynyň edaralarynyň hünärmenleriniň esasy wezipesidir.

Saz mugallymy hünäri boýunça bilim alýan talyplaryň taýýarlygynda mekdep repertuary dersi uly hyzmatlara eýedir. Nazaryýet sapaklary tejribe, ýekebara okuwlar bilen utgaşdyrylyp alnyp barlanda, diňleýjileriň döredijilik ukybyny artdyrýar. Saz pedagogikasyny öwredýän mugallymlaryň öňünde wezipe edilip goýulýar. Bu ugurda hünärmenleriň köpugurly taýýarlygyny kämilleşdirmek  barada zerur işler geçirilýär. Talyplara diňe bir okuw işinde däl, eýsem tejribe işinde-de zerur bolan başarnyklary we endikleri kemala getirmäge ýardam berilýär. Şeýlelikde, eýýäm okuw döwründe talyplar hünärmenlere öwrülmeli, ýagny professional işi üçin möhüm bolan bilimleri ele almaly.

Mundan başga-da, repertuary çuňňur, hemmetaraplaýyn bilmek hem-de olara ussatlyk bilen eýe bolmaga (instrumental we wokal taýdan) saz mugallymyna saz boýunça meýilnamalardan erkin baş alyp çykmaga, mekdep hor toparynyň isleglerini we mümkinçiliklerini göz öňünde tutmaga ýardam berlip, çagalar üçin saz ýazýan türkmen kompozitorlarynyň aýdym-saz döredijiliginden peýdalanylýar.

         Şeýlelikde, mekdep repertuaryny öwrenmek umumybilim berýän mekdepler üçin sazandalary taýýarlamagyň esasy ugry bolup durýar. Işiň ýerine ýetirilişiniň hili çagalaryň gyzyklanmasyna, emosional duýgularyna täsir edýär, munuň bolsa uly terbiýeçilik ähmiýeti bardyr.

                                     

                                               Metbugat habarlary esasynda taýýarlanyldy,

                                                                    “Bilim” žurnaly.