“BILIM HAKYNDA” TÜRKMENISTANYŇ KANUNY KABUL EDILDI

Bu resminama 2013-nji ýylyň 4-nji maýynda güýje girizilen “Bilim hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna käbir üýtgetmeler girizilip, rejelenen görnüşde kabul edildi. Hususan-da, ozalky hereket eden Kanunyň maddalarynyň 4-si häzirki güýje girizilen Kanunda rejelendi we täze görnüşde beýan edildi.  2021-nji ýylyň 5-nji iýunyndan güýje girizilen rejelenen görnüşli Kanun bilim babatda gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny düzgünleşdirýär we döwlet syýasatynyň ýörelgelerini, şeýle hem bilim ulgamynyň maksatlaryny, wezipelerini, ýetine ýetirýän işlerini we onuň işini dolandyrmagyň guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär.

         Kanun baplaryň 12-sinden we 60 maddadan ybarat. Adamyň bilim almagy onuň konstitusion hukuklarynyň esasy bolup, jemgyýetiň ruhy, durmuş, ykdysady we medeni ösüşiniň binýadyny emele getirýär. Hususan-da, döwleti ösdürmegiň, bilimi kämilleşdirmegiň baş ugurlaryny aňladýar. Kanunda okatmak, terbiýe bermek ýaly düşünjelere kesgitleme berilýär. Türkmenistanda bilim ulgamynyň gurluşy döwlet bilim standartlaryny, bilim maksatnamalaryny, bilim edaralarynyň ulgamyny we bilim babatda dolandyryşy amala aşyrýan edaralary hem-de olar tarapyndan döredilen düzümleri öz içine alýar.

         Kanunda bilim edaralarynyň esaslandyryjylary we olary döretmegiň şertleri görkezilýär. Hususan-da, bilim edaralaryny esaslandyryjylar bolup, döwlet häkimiýet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, Türkmenistanyň, şeýle hem daşary ýurt döwletleriniň ýuridik şahslary, Türkmenistanyň çäginde bellige alnan jemgyýetçilik birleşikleri, Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň raýatlary çykyş edýärler.

       Kabul edilen Kanunda bilim edaralarynyň hereket etmeginiň şertleri, bilim edarasynda bilim işiniň guralyşyna gözegçilik, elektron okuwlar we uzak aralykly bilim tehnologiýalar arkaly bilim maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi, okuwa kabul etmäge bildirilýän talaplar düzgünleşdirilendir. Türkmenistanda mekdebe çenli bilim, başlangyç bilim, esasy orta bilim, doly orta bilim, orta hünär bilimi, ýokary hünär bilimi, hünär-tehniki bilim, ýokary okuw mekdepden soňky hünär bilim ulgamy hereket edýär. 

Ady agzalan Kanunda pedagogik işgärleriniň zähmet şertleri, hukuklary, borçlary zähmet hakyny tölemek hem-de olary höweslendirmek çäreleri, halkara hyzmatdaşlygy we beýleki ugurlarda hukuk esaslary beýan edilýär.