ÝOKARY OKUW MEKDEPLERINDE AMALY OKUWLARYŇ HYZMATY

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda milli bilim ulgamynyň ösüşi ýokary depginler bilen dowam edýär. Gysga döwrüň içinde durmuşa geçirilen özgertmeler bilim ulgamy üçin binýatlyk bolmak bilen, bagtly ertirimiziň badalgasydyr. Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň esasy maksady bazar ykdysadyýeti şertlerinde bilim özgertmeleriniň ýokary hilini üpjün etmekdir.  

Milli bilim ulgamy umumy milli bähbitler bilen bir hatarda, her bir türkmenistanlynyň bähbidini göz öňünde tutup, bilim ulgamynda döwleti hemmetaraplaýyn ösdürmegiň esasy ugrukdyryjy guraly bolan ýaşlaryň bilimli,  kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleriniň ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we türkmen jemgyýetiniň ruhy taýdan ösüşiniň depginlerini ýokarlandyrmagyň esasy şerti bolup durýandygyny takyklaýar. Bu wezipeleriň netijeli amal edilmegi üçin hormatly Prezidentimiziň kabul eden “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019–2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” we “Türkmenistanda 2019--2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” utgaşykly durmuşa geçirilmegi zerurdyr.

Şol nukdaýnazardan, adamzat üçin gymmatly baýlyk bolan bilimiň yzygider, üznüksiz hem-de döwrebap ösüşini gazanmakda döwletiň bilim ulgamyna goldaw gaýgyrylmaýar. Milli bilimiň kämilligini üpjün etmek ýurdumyzda çylşyrymly tehnologiýalardan baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga, tejribeli we kämil ykdysatçylary ýetişdirmäge, ahyrky netijede, dünýäniň okgunly ösüşine goşulmaga we Türkmenistanda bilim ulgamyny düýpli ösdürmäge mümkinçilik döreder.

Hakykatdan hem, milli bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, okuw maksatnamasyna öňdebaryjy çemeleşmeleri, täzeçil tehnologiýalary we bilimiň hilini ýokarlandyrmaga, zehinli, ukyply ýaşlary ýüze çykarmaga we olaryň intellektual ösüşini höweslendirmäge mümkinçilik berýän usullary ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler ileri tutulýan wezipeler bolup durýar. Şeýle hem ýurdumyzda ýaşlaryň ruhy we beden taýdan sagdyn, milli ýörelgeleriň berk berjaý edilmegine wepaly bolup ýetişmeklerine degişli talaplar bilim edaralarynda işleriň ykjam guralmagyny talap edýär.

Döwletimiz tarapyndan öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagynda ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň okuw derslerini oňat guramaklarynyň, berilýän bilimi mazmun hem usuly taýdan ýokary derejede alyp barmaklarynyň ähmiýeti uludyr, bilim ulgamynyň ösüşi mugallymlaryň işiniň hiline köp derejede baglydyr.

Ýokary okuw mekdeplerinde jemgyýetiň aň-paýhas kuwwatynyň doly herekete getirilmegi üçin, öňdebaryjy tehnologiýalaryň, ykdysadyýetiň durnukly ösüşiniň üpjün edilmegine ýardam berýän ylmy garaýyşlaryň we amaly işleriň netijeleriniň peýdalanylmagy möhüm şert bolup durýar, çünki olar okuw maglumatlary hökmünde ulanylmaga degişlidir. Şeýle hem, ýokary okuw mekdeplerinde dürli ugurlar boýunça häzirki zaman bilimleri özleşdirilýär we olar umumy we amaly okuwlar görnüşinde amala aşyrylýar.

Bu makalada ýokary okuw mekdeplerinde amaly okuwlaryň hyzmatyna hem-de amaly başarnykly hünärmenleri taýýarlamagyň anyk meselelerine garalýar, talyplaryň amaly endiklerini ösdürmekde uly hyzmaty bolan amaly okuw sapaklarynyň many-mazmuny, guralyşy we ähmiýeti barada anyk maglumatlar öňe sürülýär. Şeýle-de, amaly okuwlar talyplary hünärmen hökmünde taýýarlamakda umumy okuw sapaklarynyň üstüni ýetirýär, bakalawr taýýarlyk ugrunyň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň, magistr derejesini almagyň esaslaryny kemala getirýär we berkidýär. Bu sapaklaryň mazmuny we olary okatmagyň usulyýeti talyplaryň döredijilik işjeňligini üpjün edýär.

Amaly sapaklar nazary okuwlary tejribe bilen baglanyşdyryp öwretmegiň bir görnüşi hökmünde okuw otagynda mugallymyň ýolbaşçylygynda geçirilýän ylmy-nazary bilimleriň we özbaşdak işleriň bellibir usuly arkaly çuňňur özleşdirilýär. Umumy okuwlaryň ýazgylaryny özleşdirmek, nazaryýetiň amaly durmuşda kabul edilişine we ornaşdyrylmagyna üns bermek bilen, mugallymlar üçin öwrenilýän edebiýatlary özleşdirmek amaly sapaklaryň öňünde duran esasy wezipedir. Umumy okuwlar bilen amaly sapaklaryň arasyndaky baglanyşyk – umumy okuwlarda alnan maglumatlar talyplar tarapyndan özbaşdak iş görnüşinde özleşdirilýär we gaýtadan işlenilýär. Soňra mugallymyň kömegi bilen  içgin öwrenilip, iň ownuk takyklyklara çenli seljerilýär we talybyň aňynda berk ornaşdyrylýar. Bu ýerde amaly okuwlaryň maksady wajyp ähmiýete eýedir. Amaly okuwlaryň maksady şulardan ybaratdyr:

  • talyplarda nazary häsiýetli bilimleri ulgamlaşdyrmaga, berkitmäge we çuňlaşdyrmaga ýardam etmek;
  • olara dürli edebiýat çeşmeleri arkaly maglumatlar, kitaplar, hukuk kadalaşdyryjy maglumatlar, amaly resminamalar, çyzgylar bilen işlemegi, ylmy edebiýatlardan peýdalanmagy öwretmek;
  • özbaşdak öwrenmek başarnyklaryny kemala getirmek, ýagny öz-özüňi öwrenmegiň, ösdürmegiň we dolandyrmagyň usullaryny hem-de tärlerini özleşdirmek.

Amaly okuwlaryň ýerine ýetirýän wezipeleri:

  • öwredijilik – nazary we amaly soraglary  döredijilikli, işjeň özleşdirmegi guramagy üpjün edýär, mugallymlar bilen talyplaryň gatnaşygyny birkemsiz ýola goýýar, talyplarda öz-özüne berk gözegçilik etmegi, öwrenilen okuw maglumatlaryna dogry düşünmek endiklerini kemala getirýär, olaryň bilimlerini berkidýär  we düşünjelerini giňeldýär;
  • terbiýeleýjilik – mugallymlar nazary bilimler bilen amaly bilimleriň arabaglanyşygyny talyplaryň dykgatyna ýetirýärler, talyplaryň mugallymlar bilen özara berk gatnaşygyny ýola goýýarlar, talyplar öz seljermelerinde degişli ýörelgeleri saklaýarlar, şeýle-de, öz-özüňe tankyt hem hünär işinde  özüni alyp barmagyň endiklerini we başarnyklaryny kemala getirýärler.
  • gözegçilik edijilik – okuw sapaklarynda öwrenilenleriň indiki amaly işe taýýarlyk derejesini ulgamlaýyn barlamaga ýardam edýär, şeýle hem olaryň özbaşdak işlerini hil taýdan bahalandyrýar.

Mugallymyň esasy wezipesi her bir amaly okuw sapagynda öz okadýan dersiniň düzgüni we guramaçylygy bilen geljekki hünärmenlere pikirlenmegi öwretmekdir. Talyplara islendik meselede, bellibir anyk gurluşda, tapgyrlaýyn we maksatlaýyn guralan meseläniň çözgüdini tapmagy öwretmelidir. Bu şahsyýetiň bellibir (aýratynlyklara eýe bolan) hünärmen hökmünde kemala getirilmegindäki ösüşini üpjün edýär. Şeýle hem okuw sapaklary mugallymlaryň gatnaşmagynda  bir toparda iki mugallymyň okatmagy bilen geçirilip bilner. Amaly sapagy okatmagyň şeýle görnüşi, ýagny bir topary ikä bölüp, iki mugallymyň okatmagy bilen okuwy indiwiduallaşdyrmak has amatlydyr.

Netijede, mugallym öwrenilýän ders boýunça talyplaryň umumy okuwda öwrenenlerini hem-de özbaşdak işlenilýän döwürde özleşdiren nazary bilimlerini maksadalaýyk barlamalydyr. Talyplaryň bilimleri barlanylandan soňra, mugallym sapaklaryň geçirilişiniň indiki tertibini bildiriş edýär. Sapagyň esasy böleginiň amaly sapaklar bolmagy maksadalaýykdyr. Talyplar usulyýeti ulanmak bilen, amaly dolandyrmagyň we peýdalanmagyň hereketlerini ýerine ýetirýärler. Olar tejribe görnüşinde özbaşdak işleýärler hem-de düzgün bolşy ýaly, mugallym olaryň işini okuwyň maksadyna ýetmek üçin ugrukdyrýar.

Amaly okuwlaryň täsirliligi, amaly sapagyň netijelerini jemlemek, köplenç, talyplaryň amaly işleri ýerine ýetirmäge gönükdirilişine baglydyr. Bulardan başga-da, mugallym amaly sapagyň barşynda meseleleri haýsy ýollar arkaly çözmelidigini şu aşakdakylar esasynda düşündirýär:

  • sapagy gaýtalamak we berkitmek;
  • sapagy gözegçilikde saklamak.

Amaly okuw mydama talyplar bilen göni aragatnaşygy ýola goýmak, ynamly gatnaşyklary guramak, ornaşdyrmak, önümli pedagogik gürrüňdeşligi ýola goýmakdyr. Talyplaryň özboluşly häsiýet aýratynlyklaryny öwrenmek bilen, mugallym talyplarda dil arkaly aragatnaşyk saklamagy, özüne bolan ynamlylygy, aladaçyllygy, çekeleşikleri dolandyrýar. Şeýle hem, mugallym özüne ynamsyz, dil arkaly aragatnaşygy bolmadyk talyplar bilen aýratynlykda, üstünlikli çykyş etmäge mümkinçilik berýän soraglary ýeňilleşdirilen usullarda hödürleýär.

Bilelikdäki okuw işjeňliginiň gözleglerinde mesele aýratynlykda däl-de, köpçülikleýin çözülse, pikirlenmek we özleşdirmek prosesi has täsirli bolýar. Şonuň üçin amaly okuw  kärhanalarda işleýän we öwrenilýän ugurda tejribesi bolan hünärmenleriň gatnaşmagy bilen bilelikde işlenilip, öňünden taýýarlanylyp, kärhanalarda işleýän we öwrenilýän ugurda tejribesi bolan hünärmenleriň gatnaşmagy bilen guralanda täsirli bolýar. Sapak şeýle guralanda,  amaly sapak bilimleriň özleşdirilmegini we talyplaryň dürli pikirlerini açmak we subut etmek mümkinçiligine gözegçilik etmegi üpjün edýär.

Talyplara amaly sapakdan öňki berlen  umumy okuwlaryň ýazgysy esasy usuly resminama bolup hyzmat edýär. Goşmaça edebiýatlaryň göwrümi hem, mümkin boldugyça, uly bolmaly däldir. Mugallym umumy sapakda şol edebiýatlar bilen tanyşdyryp, olara gysgaça häsiýetnama bermek esasynda talyplary gyzyklandyryp biler. Hünärmenleriň pikirine görä, amaly sapaklaryň ýokary hilliliginiň esasy görkezijisi soraglaryň seljermesine işjeň gatnaşylmagydyr.

Talyplar goýlan sorag, onuň meselelerini çözmek bilen näçe köp gyzyklanyp, seljermesine işjeň gatnaşsalar, sapak şonça-da netijeli hasaplanýar. Ýöne amaly sapagyň netijeliliginiň iň esasy  görkezijisi onuň talyplaryň ynamynyň,  gözýetiminiň, dünýägaraýşynyň, işjeň durmuş tutumlarynyň kemala getirilmegini ösdürmäge täsir etmegidir. Şonuň üçin-de, diňe talyplaryň işjeňligini gazanmak bilen çäklenmän, ylmy soraglaryň uzaldylan çözgütlerini, olaryň anyk peýdalylygyna çuňňur düşünmegi gazanmalydyr. Galyberse-de, aýdylanlary jemlemek bilen, amaly sapaklaryň guralmagynyň barha ösýän şertlerinde nazary we amaly taýdan ylmy çaklamany durmuşa geçirmäge synanyşmak üçin iň möhüm temalary we bölümleri öwrenmege çalyşmalydygyny belläsim gelýär.

Netijede, ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy üçin ähli zerur şertler döredilýär, bilim babatdaky alnyp barylýan işler halkara derejesinde umumy ykrar edilen kadalar esasynda sazlaşykly utgaşdyrylyp, berilýän bilimiň ýokary derejesini gazanmakda alnyp barylýan amaly işleri doly kepillendirilýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda, ýurdumyzyň ähli ugurlary bilen bir hatarda, bilim ulgamynda hem amaly başarnykly hünärmenleri taýýarlamak işiniň geljekde hem üstünlikli kämilleşdiriljekdigini ynam bilen aýtmaga esas döredýär.

 

Güýjewa Jennet

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty