INTERAKTIW USULLAR

Mälim bolşy ýaly, maglumat tehnologiýalaryny peýdalanmagyň iň giň ýaýran görnüşleriniň biri interaktiw usullardyr. Olary türkmen dili we edebiýat dersinde-de peýdalanmak özüniň oňyn netijesini berýär. Prezentasiýalary taýýarlamakda «Microsoft Power Point» kompýuter programmasynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak bolýar. Bu programmanyň kömegi bilen taýýarlanan prezentasiýalar mugallymlara sapakda dürli suratlary, çyzgylary, tablisalary, wideofragmentleri, diagrammalary we beýlekileri ulanmaga mümkinçilik berýär.

11-nji synp okuwçylary bilen «Türkmen diliniň orfografik sözlügi» diýen temadan ýörite prezentasiýa taýýarlap, sapaklary guramak ähmiýetlidir. Şonda, ilkinji nobatda, sözlügiň nämedigi barada kesgitlemeler berilýär. Türkmen diliniň orfografik sözlüginiň taryhy hakynda hem aýratyn slaýdlary taýýarlap, olarda dürli ýyllarda neşir edilen sözlükleriň suratyny, olary taýýarlan meşhur dilçileriň suratlaryny ýerleşdirmeli. Suratlar sapagyň täsirliligini has-da artdyryp, okuwçylarda uly gyzyklanma döretdýär.

Orfografik sözlükde gabat gelýän belgileri, sözlügi peýdalanmagyň düzgünlerini hem multimedia tagtasynyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, okuwçylara düşündirmek zerurdyr. Bu sözlükde aýry-aýry harplaryň ulanylyşy, asyl, ýasama, goşma, tirkeş, düýp sözleriň, goşulmalaryň, ownuk bölekleriň orfografiýasy, baş harplaryň ýazylýan ýerleri, sözleri täze setire geçirmegiň düzgünleri ýaly esasy orfografik kadalar bilen hem okuwçylar tanyşdyrylýar.

 Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen neşir edilen «Türkmen diliniň orfografik sözlügi» okuwçylarda uly gyzyklanma döredýär. Orfografik sözlük diňe bir mekdep okuwçylaryna, talyplara däl, eýsem, ga­zet-žur­nal, ne­şir­ýat iş­le­ri, umu­man, türkmen dili bilen iş salyşýan ähli adamlara edebi dilimiziň orfografik kadalary bilen tanyşmak üçin gymmatly gollanma bolup hyzmat edýär.

Häzirki zaman tehnologiýalaryndan peýdalanyp, şeýle döwrebap usullar arkaly guralýan sapaklarda okuwçylara öwredilýän maglumatlar olarda has-da uly täsir galdyrýar, bilim almaga bolan höwesini artdyrýar. Munuň üçin bolsa mekdeplerde ähli mümkinçilikler döredildi. Ýaş nesle bilim bermekde döwrebap mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýär.

 

         “Bilim” žurnaly