BERKARAR DÖWLETIMIZIŇ BAGTYÝARLYK DÖWRÜNDE MEKDEBE ÇENLI ÝAŞLY ÇAGALARYŇ BEDEN TERBIÝESI

Hormatly Prezidentimiziň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynda: “Durmuşyň bize galdyran sagdyn ýaşamak babatdaky tymsallarynyň mazmuny sportda jemlenýär. Sport-sagdynlyk, rowaçlyk” diýip aýdan giň manyly pähimleri adamzadyň ýaşaýşynda hereketleriň näderejede zerurdygyny aýdyň subut edýär [1, 126 sah.]. Geçen asyrlarda ýaşap geçen alymlar çagalaryň saglygyny berkitmekde tebigatyň sagaldyş güýçleriniň täsiriniň uludygyny belläpdirler. Bedenterbiýe maşklary açyk howada geçirilýän bolsa, olaryň saglyga täsiri ýokarydyr.

     Açyk howada bedenterbiýe sapaklarynyň barlaglarynyň aglabasynda çagalaryň köp wagtyny ýapyk jaýda däl-de, arassa howada bolmagyny gazanmaly [4]. Çagalaryň mekdebe çenli döwri olaryň saglygynyň we sagdynlygynyň sakasy bolup durýar. Mekdebe çenli ýaşly çagalar çäkli hereket mümkinçiliklerine eýe bolup, olaryň bedeni heniz gowşak bolýar. Olaryň nerw ulgamy çalt ösýär, myşsalary berkeýär we hereketleri kämilleşýär. 6 ýaşyna giden çaganyň hereket-daýanç ulgamynyň ösmegi bilen beden gatnaşyklarynda üýtgeşmeler bolup geçýär. Merkezi nerw ulgamynyň ösüşiniň esasynda çaganyň hereketleri köp görnüşli, sazlaşykly bolup, onda öz hereketlerini düzetmäge ukyp döreýär. 5-6 ýaş aralygyndaky çagalaryň ýöreýşi has sazlaşykly bolup, gerekmejek hereketler aýrylýar we ädimleriniň uzynlygy artýar. Olaryň boýy ýylda 7--10 sm aralygynda ösýär [2].

    Mekdebe çenli ýaşly çagalar, uly adamlara garanyňda, ýüzleý we çalt dem alýarlar. 3--4 ýaşly çagalar minutda 30 gezek, 5--6 ýaş aralygyndaky çagalar 25 gezek dem alýarlar. Çuňlaşdyrylmadyk dem alyş hadysasy öýkende howanyň saklanylmagyna we howa çalşygynyň pes derejede bolmagyna getirýär. Muňa garamazdan, ösüp barýan bedeniň dokumalary ýokary derejede kislorodyň üpjün edilmegini talap edýär. Gaz çalşyk hadysasyny ýokarlandyrmak maksady bilen, bedenterbiýe sapaklaryny açyk howada geçirmek örän wajypdyr.

     6 ýaşyna giden çagalar hereketleri ýeňil ýerine ýetirýärler. Olar uzynlygyna, beýikligine we päsgelçiliklerden bökmegi başarýarlar, pökgini nyşana dürs zyňmagy özleşdirýärler. Kiçi we orta topardaky çagalara garanyňda, uly topardaky çagalaryň bedeni berkeýär hem-de beden muskulaturasy ösýär.  

     6 ýaşyna giden çagalar ýeňil düzülen hatlary okap, ýazyp, sözlerdäki sesleri, bogunlary bilýärler. Olaryň sözleýiş ukyplary kämilleşip, gözýetimi giňeýär. Kiçi we orta  toparlardaky çagalara garanyňda, uly topardaky çagalar bir ýylda 1000--1200 söz öwrenýärler. Olar ulularyň kömeginden peýdalanman goşgulary aýdyp, uly bolmadyk hekaýalary, ertekileri, multfilmleri gürrüň berip bilýärler.

     Islendik adamyň ösüşi terbiýe işinde amala aşýar [3]. Mekdebe çenli ýaşly çagalarda hyýala getirmeler olaryň jemgyýetçilik tertibini özleşdirmeklerine oňaýly täsir edýär. Daşky dünýä baradaky hakyky keşpler hyýallaryň üsti bilen çagalaryň aňyna ornaşýar [2].

Mekdebe çenli ýaşly çagalar bilen bedenterbiýe hereketlerini esasy üç ugur boýunça:

  1. Sagaldyş: çagany saglyk ýagdaýyny we beden ösüşini ýokarlandyrmaga gönükdirmeli.
  2. Terbiýeçilik: çaganyň beden we ruhy ösüşiniň sazlaşygyny gazanmaly, estetiki dünýägaraýşyny ösdürmeli we ynamyny artdyrmaly, saglyk ýagdaýlaryna bolan jogapkärçiligini ýokarlandyrmaly.
  3. Bilim beriş: çagada bir hereket, maşk barada düşünje bermeli, hereketleri dogry berjaý etmeklerini gazanmaly;

      5 ýaşyna giden çagalaryň beden terbiýesiniň ugruny, esasan, tehniki taýdan çylşyrymly maşklary özleşdirmäge gönükdirmeli. Olar berlen maşklary ugry, tizligi, depgini boýunça dogry we dürs ýerine ýetirmegi başarmaly.

     6 ýaşyna giden çagalaryň bedenterbiýe maşklarynda beden tizligini we çydamlylygyny, şeýle-de, käbir çylşyrymly sport hereketlerini özleşdirişini bahalandyrmaly [5].     

     Sapaklary açyk howada ýylyň maýyl günlerinde guramak amatly bolýar. Şunda howanyň temperaturasynyň peselmegine bedeniň yzygiderli uýgunlaşmasy gazanylýar. Bu hereketlere güýz ýa-da gyş aýlary başlanylsa, onda sapaklaryň hemmesini açyk howada guramak hökman däl. Başgaça aýdylanda, birini açyk howada, ikinjisini ýapyk jaýlarda guramaly. Soňlugy bilen olaryň ýerini çalşyp, ikisini açyk howada, birini ýapyk jaýda guramaly hem-de çagalaryň uýgunlaşmasyndan soň, olara açyk howada dynç bermelidir. Ýöremegiň dürli görnüşlerini (daraklykda, ökjede, gözüňi ýumup, ýöremek we ş.m.) sapaklarda giňden ulanmaly. Olar ýasydabanlygyň öňüni alýar.  

     Ylgaw wagtynda çaganyň ýeňilligine, depginine aýratyn üns bermeli. Elleriň hereketleriniň aýaklaryňky bilen sazlaşykly bolmagyny erkin amala aşyrmaly. Çagalara ýerden özüňi güýçli itekläp, uly ädimler bilen ylgamagy öwretmeli. Ylgawlary dürli agram bermeler, hereketler bilen (buýruga  görä durmak, ugruňy üýtgetmek, depginini peseltmek we ş.m.) çylşyrymlaşdyrylmaly.  

     6 ýaşyna giden çagalara deňagramlylygy saklamak üçin köp maşklary (çyzygyň üstünden dogry ýöremek, bir aýagyňda durmak, bir aýagyňda bökjeklemek we ş.m.) ýerine ýetirtmeli. Bu topardaky çagalarda bökmegiň görnüşlerini terbiýelemek has ähmiýetlidir. Mekdebe taýýarlyk toparyndaky çagalaryň bökmek maşklaryny çylşyrymly hereketler bilen baýlaşdyrmaly. Meselem: aýaklaryňy jüp tutup hem-de açyp bökmek, aýagyňy biri-birinden geçirip böküp gitmek hereketlerini gaýtalatmaly.  Gyş aýlary ýa-da howanyň sowuk günleri açyk howada sapaklary guramagyň esasy aýratynlygy bedeniň ýylylygyny saklamak üçin çagalaryň hereket işjeňligini artdyrmaly.

     Sapagyň giriş bölüminde howanyň sowuk günleri daşarda hatara durmak amal edilmeýär. Az wagtlyk ýöremekden soňra 2--4 minut ylgamak amala aşyrylýar hem-de ylgawdan soňra bir we iki aýak bilen aýakdan-aýaga geçip, bökmek ýerine ýetirilýär. Sapagyň esasy bölüminde umumy ösdüriji maşklar ýerine ýetirilýär we ondan soňra çagalaryň ýaşyna görä 40 sekuntdan 2 minuta çenli ylgaw geçirilýär.  Maşklardan we ylgawdan soň oýunlary alyp barmagy guramaly. Oýunlar 4--5 gezek gaýtalanýan we aralykdaky dynç wagtlary gysga görnüşde bolmaly.  Sapagyň jemleýji bölüminde ýeňil ylgaw bilen ýöremek geçirilýär we dem alyş maşklary ýerine ýetirilýär.

          Biziň alyp baran ylmy işimiziň esasy maksady beden maşklary, hereketli we milli oýunlar bilen ýylyň dowamynda açyk howada yzygiderli guralýan bedenterbiýe sapaklarynyň 5--6 ýaş aralygyndaky mekdebe çenli çagalaryň fiziki, psihiki, funksional mümkünçilikleriniň ösüşine, bilim we terbiýeçilik  hadysasyna, dürli kesellere bolan bedeniniň garşylygyny ýokarlandyrmakda berýän peýdaly täsirlerini anyklamakdan ybaratdyr.

     Ylmy barlaglar 2018 – 2020-nji ýyllar aralygynda geçirildi. Barlaglar çagalaryň fiziki taýýarlygyny ýüze çykarmak maksady bilen, olaryň çeýeligini ölçemek,  uzynlygyna bökmek, wagta garamazdan, polietilen pökgini 10 gezek aýlawly nyşana dürs zyňmak, 3 minutyň dowamynda ylgamak we ýöremek, 30 sekundyň dowamynda tizlik bilen ylgamak, öýkeniň ýaşaýyş göwrümini kesgitlemek antropometrik ölçegler arkaly geçirildi. Barlaglarda gözegçilik toparyndaky çagalardan tejribe toparyndaky çagalar ähli ösüşler boýunça aýdyň tapawutlandylar.

    Tejribe toparyndaky çagalar gözegçilik toparyndaky çagalardan  boýlary boýunça, ortaça, 6,29 sm (2,71%), agramy boýunça 1,83 kg (4,5%), çeýeliginiň ösüşi boýunça 4,5 sm (24 ,72%), uzynlygyna bökmek boýunça 10,44 sm (5%),  wagta garaşmazdan, polietilen pökgini nyşana dürs düşürmekde 3,94 gezek (20,6%), 3 minut çydamlylyga ýöremek we ylgamak 56,26 m (13,65%), öýkeniň ýaşaýyş göwrüminiň ösüşi boýunça 89,47 ml (5%) oňyn ösüşler bilen tapawutlandylar.

     Ünsi we ýady kesgitlemek üçin geçirilen barlagda 1--2 sekundyň dowamynda görkezilen 10 sany suratyň 5--6-syny, yzygiderli okalyp berlen 10 sany sözüň (stol, stul, depder, sagat, at, alma, it, aýna, galam, ruçka we ş.m.) 4--5-sini çagalar ýatda saklap aýdyp bildiler.

     Esasy hereketleriň ýerine ýetirilişiniň hilini anyklamak üçin geçirilen barlaglar tejribe toparyndaky çagalaryň ýokary derejededigini görkezdi. Hemme ýagdaýlarda mekdebe çenli çagalaryň, gözegçilik toparyndaky çagalara garanyňda, tejribe toparyndaky çagalarda ösüşi aýdyň ýüze çykaryldy.

     Beden işjeňliginiň görkezijileriniň üýtgemeýän ösüşüni deňeşdirenimizde, tejribe toparyndaky çagalaryňky gözegçilik toparyndaky çagalara  garanyňda has ýokary boldy.

     Ylmy barlagyň ahyrynda tejribe toparlaryndaky çagalaryň, jynsyna garamazdan, gözegçilik toparyndaky çagalara garanyňda oňat ýetişikleriniň hem-de akyl we fiziki işjeňliginiň görkezijileriniň ýokarydygy ýüze çykaryldy. Tejribe toparlaryndaky çagalaryň ýokary guramaçylygy, ruhubelentligi, şähdaçyk ýagdaýy açyk howada guralýan sapaklardan soň hem saklandy. Tejribe geçirilýän toparlaryň birnäçe çagalarynda ýaýdanmak, çekinjeňlik, utanjaňlyk, köpe goşulmazlyk ýaly sypatlar duýulmady.

    2019 – 2020-nji okuw ýylynyň ahyrynda çuňlaşdyrylyp geçirilen lukmançylyk gözegçilikleri tejribe toparyndaky çagalaryň umumy görkezijileriniň ýokarydygyny aýdyň görkezdi. Ähli görkezijiler boýunça ylmy barlaglaryň başyndaky we ahyryndaky geçirilen ölçegler deňeşdirilende, tejribe toparyndaky çagalaryň hemmetaraplaýyn ösüşiniň ýokarydygy aýdyň boldy. Gözegçilik toparyndaky çagalardan tejribe toparyndaky çagalar umumy ortaça arifmetik hasap boýunça 10,17% öňegidişlikli ösüşler bilen saýlandylar.

 

Allamyrat Goçow

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty