BILIM – ÝOLUMUZA NUR SAÇÝAR

     Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilim ulgamyny kämilleşdirmek onuň hilini ýokarlandyrmaga, okuw işini sanly ulgam arkaly guramaga, bilimi hil we mazmun taýdan çuňlaşdyrmaga we döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilendir.  Umumybilim berýän mekdepleri kompýuterleşdirmek, okuw-öwredijilik maksatly maglumatlary alyş-çalyş etmek, bilimi dolandyrmagyň maglumatlar ulgamy kämilleşdirilýär. Sanly ulgam arkaly okuw sapaklaryny dolandyrmaga geçmek babatda tejribeler öwrenilýär. Okuw işini guramakdaky şeýle täzeçil çemeleşmeler onuň hiliniň ýokarlandyrylmagyna ýardam edýär.

     Täzeçil çemeleşmeler mugallymyň işiniň özeni bolmalydyr. Ol hünär borjunyň düzüm bölegidir. Şeýle borjuň üstünlikli ýerine ýetirilmegi mugallymyň şahsy ukybyna, başarnygyna, sowatlylyk derejesine hem-de hünärini yzygiderli kämilleşdirmek babatda ýerine ýetirýän işleriniň netijesine baglydyr. Bularyň hemmesi bilelikde, mugallymyň ussatlyk derejesiniň ölçegidir. Mugallymçylyk ussatlygy – onuň üznüksiz işiniň, kärine bolan söýgüsiniň, yhlasynyň hem-de işjeňliginiň netijesi. Bulardan başga-da, mugallym mydama gözlegde bolmalydyr. Mugallymyň üznüksiz gözlegleriniň netijesinde, onuň okadýan her sapagynyň täzeçilligi ýüze çykýar. Sapagyň täzeçilligi bolsa, ony usuly taýdan dogry guramagyň şertidir. Sapak täzeçil guralanda, gyzykly bolanda – ol geljekde ýaş nesliň ýoluny nurlandyrjak uly ähmiýete eýe bolup biler. Ýagty geljek – biziň nesillerimiziňki. Ýaş nesliň geljegi babatdaky taýsyz tagallalary bilen, bilim-terbiýeçilik işiniň ýokary derejede guralmagyny üpjün edýän we bu ugurda asyrlara barabar işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy dik, ili abat bolsun, durmuşymyza ornaşdyrýan  il-ýurt bähbitli işleri elmydama üstünliklere beslensin.

 

Maral Akyýewa,

biologiýa ylymlarynyň doktory, professor.