Student at the world championship

2021-nji ýylyň 10-njy martynda Türkmenistanyň Prezidenti, Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesine geldi. Ol ýerde geçirilen dabara dünýä çempionyny sylaglamaga bagyşlandy we ol Gahryman Arkadagymyzyň eziz Watanymyzyň sport giňişligindäki abraýyny dünýä ýaýýandygynyň subutnamasy boldy.

Dabarada Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen sportuny ýokary derejelere çykarmaga,  halkara sport ýaryşlarynda Türkmenistana wekilçilik edip, ýurdumyzyň sport ulgamynda gazananlaryny dünýä ýaýmaga goşan şahsy goşandy göz öňünde tutulyp, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Ýulduz Alymbaý gyzy Jumabaýewa Türkmenistanyň “Watana bolan söýgüsi üçin” medaly bilen sylaglanyldy. Talyp gyzyň 2018-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda gazanan ýokary netijesi, ýagny 45 kilogram agramda çykyş edip, 1-nji orna we altyn medala mynasyp bolandygy göz öňünde tutulyp, oňa 2020-nji ýylda goýberilen, ak reňkli “Leхus LХ 570 Sport Plus” kysymly ýeňil awtoulag sowgat berildi.

Hormatly Prezidentimiziň sporty ösdürmekde edýän örän uly tagallalarynyň miwesi – talyp gyzyň bu ajaýyp ýeňşine bütin halkymyz bilen bir hatarda, bilim işgärleriniň hem guwanjy çäksiz.