Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Zaid bin Sultan Al Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgi


Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Zaid bin Sultan Al Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgi 1998-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda açyldy. Ykbalyň emri bilen ene-atalaryndan jyda düşen çagalaryň bilim ojagy Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy ýylyň 14-nji fewralyndaky 10253 belgili Karary esasynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Zaid bin Sultan Al Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgi diýlip atlandyryldy.

Köşgüň gurluşygy 1996-njy ýylyň 16-njy iýunynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Hökümetiniň ylalaşygy esasynda, “Jilin” Hytaý kompaniýasy (China Jilin International economic and technical corporation) tarapyndan ýerine ýetirildi.

Umumy tutýan meýdany 10,5ga, binalarynyň tutýan meýdany 13168,7m2 bolan Döwletliler köşgi 500 çaga niýetlenendir.