Hormatly Prezidentimiziň 2022-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda 294 belgili «Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň meseleleri hakynda» karary kabul edildi. Karara laýyklykda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklandy. hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda çykaran 11308-nji Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanyň Bilim ministrligi hakyndaky Düzgünnama» üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Türkmenistanyň “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Kanunynyň (rejelenen görnüşi) 10-njy maddasynyň 5-nji bendinde Türkmenistanyň Bilim ministrligi Ýaşlar barada döwlet syýasaty babatynda Ygrtyýarly edara diýip bellenildi.
Türkmenistanyň kanuny ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda (rejelenen görnüşi)