Türkmenistanyň Bilim ministrligi
TM | RU | EN
Ministrlik habarlary
Türkmenistanyň Prezidenti 2020-nji ýylda 1-nji synpa gitjek çagalara 160 müňe golaý kompýuter sowgat berer

“Agzybirlik tilsimaty” bilelikdäki kärhanasy Türkmenistanda 2020-nji ýylda 1-nji synpa gitjek çagalar üçin 160 müňe golaý kompýuter öndürer. Bu baradaky “Türklmenistanyň Prezidentiniň bilim syýasatyny durmuşa geçirmek, ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim-terbiýe almagy we innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan, giň gözýetimli hünärmenler bolup ýetişmegi üçin amatly şertler döretmek, şeýle hem ýurdumyzyň umumy orta bilem berýän mekdeplerine 2020-2021-nji okuw ýylynda 1-nji synpa kabul edilýän okuwçylara kompýuterleri sowgat bermek maksady bilen” Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow karara gol çekdi.

Bu resminama laýyklykda Bilim ministrligine “Agzybirlik tilsimaty” bilelikdäki kärhanasy bilen Türkmenistanda öndürilen 159374 kompýuterleriň satyn alynmagy, 2020-nji ýylyň 25-nji awgustyna çenli bilim edaralaryna gurnalmagy we tehniki hyzmat edilmegi üçin şertnama baglaşmaga rugsat berildi.

Türkmenistanda umumy orta bilim berýän mekdepleriň 1-nji synpyna kabul edilýän okuwçylara döwlet baştutanynyň adyndan kompýuter sowgat berilmegi 2011 ýyldan bäri dowam edýär. Soňky birnäçe ýyl bäri bu kompýuterleri Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Kompýuter tehnologiýalarynyň merkeziniň “Agzybirlik tilsimaty” bilelikdäki kärhanasy öndürýär.

CTBTO-nyň Ýerine ýetiriji sekretary Aşgabat bilen onlaýn okuw sapagyny geçirdi

29-njy aprelde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Ýadro synaglaryň hemmetaraplaýyn gadagan edilmegi hakyndaky Şertnama Guramasynyň (CTBTO) Ýerine ýetiriji sekretary jenap Lassina Zerbonyň onlaýn okuw sapagy geçirildi.

Bu okuw sapagyna ýurdumyzyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instititutynyň talyplary gatnaşdy.

Türkmenistanyň DIM-niň resmi internet saýtynyň ýazmagyna görä, Jenap Lassina Zerbonyň wideo-leksiýalary indiki temalary öz içine aldy: 

  • «Ýadro synaglaryň hemmetaraplaýyn gadagan edilmegi hakyndaky Şertnama Guramasynyň guramaçylygy hakynda» 
  • «Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy: Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy». 

Professor tutuş dünýäde howpsuzlygyň hemmetaraplaýyn saklanylmagyna gönükdirilen Ýadro synaglaryň hemmetaraplaýyn gadagan edilmegi hakyndaky Şertnama Guramasynyň işi barada giňişleýin gürrüň berdi.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy barada gürrüň edip, jenap Lassina Zerbo ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň sebit hem-de halkara howpsuzlygynyň we durnuklylygynyň saklanylmagyna ähmiýetli goşant goşýandygyny aýratyn belläp geçdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar instituty “Açyk gapylar” gününi geçirýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar instituty 2020-nji ýylyň 5-nji maýynda (15:00-da) orta mekdebi gutaranlar, harby işgärler, bu ýokary okuw mekdebine girmek isleýän ýaş önümçilik işgärleri üçin “Açyk gapy” güni geçirýär.

“Açyk gapylar” güni myhmanlar institutda taýýarlanylýan hünärler barada jikme-jik maglumat alyp bilerler we kompýuter sapaklaryna, dil barlaghanalaryna we interaktiw okuw otaglaryna, bir wagtyň özünde terjime otaglaryna we Türkmen diplomatiýasynyň taryhy muzeýine, okuw studiýasyna, ylmy we usulyýet bölümlerine bilen baryp bilerler. Durnukly ösüş maksatlary merkezi we "Türkmenistanyň diplomatiýasy üçin möhüm ugurlar" okuw merkezine hem bararlar.

Salgysy: Aşgabat şäh., Galkynyş köç, jaý 25.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 22-02-63, 22-68-45.

London uniwersitetiniň professory türkmen talyplaryna Gadymy Merw hakynda onlaýn okuw geçdi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mejlisler zalynda “ÝUNESKO: Ýüpek ýoly we gadymy Merwiň orny” atly onlaýn usuldaky okuw sapagy geçirildi.

Halkara gatnaşyklary institutynyň we Halkara ynsanperwer we ösüş ylymlary uniwersitetiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň öňünde London uniwersitetiniň Arheologiýa institutynyň professory, ÝUNESKO-nyň Beýik Ýüpek ýoly meselelerinde öňdebaryjy maslahatçysy, biziň ýurdumyzda bilelikdäki geçirilen arheologiki ekspedisiýalaryň birnäçesine gatnaşan Timoti Uilýams çykyş etdi.

Gadymy Merw birnäçe ýyl bäri bu alymyň ylmy gyzyklanmalarynyň merkezine girýär, onuň ýolbaşçylygynda London uniwersitetiniň Arheologiýa institutynda ýörite taslama durmuşa geçirilýär. Taryhy ýadygärlikleri goramak we öwrenmek meselelerinde bu institutyň Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen ýakyndan işleşýändigini belläp geçmek gerek.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly işiniň öz kärdeşleriniň we talyplaryň arasynda giňden gyzyklanma döredýändigini belläp geçip, iňlis alymy türkmenleriň taryhy-medeni mirasyny tanatmakda ägirt uly işleri alyp barýandygy we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde döredýän mümkinçilikleri üçin döwlet baştutanyna öz minnetdarlygyny bildirdi.

Okuw sapagynyň dowamynda Gadymy Merwiň gözellikleri, onuň irrigasion ulgamlary, Murgap derýasynyň orny we beýleki temalar bellenip geçildi. Professor häzirki zaman geomorfologiki gözlegleriň, paleogeografiýa ugrunda ýetilen sepgitleriň, aero we kosmos kartografirlemekligiň ähmiýetlerini aýratyn belläp geçdi.

Bellenip geçişi ýaly, häzirki zaman Türkmenistanyň üstünden geçen Ýewropa we Hytaýyň arasyndaky kerwen ýollarynyň kemala gelmesinden iki müň ýyl mundan ozal bu ýerde Margiana bilen Indiýanyň we Mesopotamiýanyň gadymy siwilizasiýalyryny birleşdirýän söwda arteriýalaryň bolandygyny arheologiki gözlegler tassyklaýar.

Okuw sapagynyň ahyrynda diňleýjilere onlaýn usulda alyma öz soraglaryny soramaga mümkinçilik berildi.

Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine seçip alyş işini geçirilýär

TÜRKMENISTANYŇ BILIM MINISTRLIGI

2020/2021-nji okuw ýyly üçin Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine seçip alyş işini geçirýär

Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi okuw maksatnamasyna umumy orta ýa-da orta hünär bilimli (ýokary okuw mekdebinden soňky hünär bilimi – doktorantura okuw maksatnamasyna magistratura bilimli), ýaşy 35-den geçmedik, degişli daşary ýurt dillerini bilýän Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Hünärleriň sanawy, Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň sany, şeýle hem okuwyň şertleri baradaky maglumaty Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň kabul ediş toparyndan alyp bolar.

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde Mag­tymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň kabul ediş topary tarapyndan 2020-nji ýylyň 25-nji apreli – 4-nji maýy aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

Türkmenistanyň raýaty üçin bellenen nus- ga boýunça arza we sowalnama;

umumy orta bilim ýa-da orta hünär bili­mi baradaky resminamanyň (doktorantura ýerlerine dalaşgärler üçin magistratura baradaky resminamanyň) asyl nusgasy;

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenen nusgadaky saglyk güwänamasy (Türkmenistanyň çäginden daşary ýurtlardaky ýokary okuw mekdeplerine girmek barada dalaş edýän raýatlaryň saglyk güwänamasy);

soňky okan ýa-da işlän ýerinden (harby bölümden) häsiýetnama;

3x4 sm möçberde on iki sany fotosurat;

işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda döwlet orta we ýokary hünär bilim edaralaryna kabul edilende, artykmaçlyklardan peýdalanýan mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bil dirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde kabul ediş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny hem-de Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenis tandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyny;

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde har­by gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Uniwersitetiň kabul ediş topary, zerur bolan ýagdaýynda, Rumyniýa okamaga gitmek üçin gerekli goşmaça maglumatlary dalaşgärden sorap biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş ka­gyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we seçip alyş işi 2020-nji ýylyň 9 – 12-nji maýy aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde (Aşgabat ş.) geçirilýär.

Giriş synaglary umumybilim berýän mekdeplerde okadylýan derslerden test, şeýle hem Türkmenistanyň taryhyndan söhbetdeşlik (dok­torantura ýerlerine dalaşgärler üçin degişli hünär ugry boýunça we Türkmenistanyň taryhyn­dan söhbetdeşlik) görnüşinde geçirilýär.

Test – ýazmaça, söhbetdeşlik – dilden Türkmenistanyň döwlet dilinde geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaglara gelip bilmedikler ýa-da synaglaryň birinden geçip bilmedikler ondan soňky synagla­ra goýberilmeýär.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň salgysy:

Aşgabat ş., Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 31-nji jaýy. tel.: 94-69-90, 94-54-29.

“Altyn asyryň altyn zehinleri” ders bäsleşiginiň döwlet tapgyryna badalga berildi

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesil hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzda ýaş nesliň ösen döwrüň talaplaryna laýyk derejede bilimli, terbiýeli, sagdyn bolmagy, hünär almagy, ata Watana, ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin netijeli işler durmuşa geçirilýär. Milli bilim ulgamy döwrebap ösdürilýär, dünýäde ylmyň iň soňky gazanan täze tehnologiýalary, okuw-tehniki enjamlary bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylýar.

 21-nji aprelde Aşgabatda we welaýatlarda 10-11-nji synp mekdep okuwcylarynyň arasynda okuw dersleri boýunça geçirilýän “Altyn asyryň altyn zehinleri” ders bäsleşiginiň döwlet tapgyryna badalga berildi we oňa 10-njy synp okuwçylar gatnaşdy. 11-nji synp okuwçylary arasynda bäsleşik 24-nji aprelde geçiriler.

Şu ýyl ilkinji gezek sanly bilimiň innowasion çemeleşmelerini, häzirki zaman tehniki serişdelerini we ulgamlaryny ulanmak arkaly ders bäsleşikleriniň döwlet tapgyry onlaýn usulda geçirilýär. Okuw dersleri boýunça döwlet bäsleşikleriniň ýumuşlary Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetinden, Halkara nebit we gaz uniwersitetinden, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinden bäsleşikleriň geçýän welaýatlaryna göni wideo aragatnaşyk arkaly iberildi. Mekdep okuwçylary 10 sany okuw dersleri boýunça bäsleşýärler.

Aýratyn zehinli çagalaryň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Döwlet mekdep-internatyna kabul edilişik

Aýratyn zehinli çagalaryň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Döwlet mekdep-internatyna 2019 – 2020-nji okuw ýylynda 6-njy synpy tamamlaýan zehinli okuwçylar kabul edilyär. Dalaşgär okuwçylaryň 1-6-njy synplardaky bahalarynyň aglabasy 5-lik bolmaly. Mekdep-internatyna okuwa girmäge isleg bildirýän zehinli okuwçylaryň sanawy we aşakdaky resminamalar etrap (şäher) bilim bölümleriniň üsti bilen degişli welaýat we Aşgabat şaher Baş bilim müdirliklerine 2020-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli iberilyär. Baş bilim müdirlikleri bolsa okuwçylaryň sanawyny hem-de beyleki maglumatlaryny resmileşdirip, Ayratyn zehinli çagalaryň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Döwlet mekdep-internatyna iberyär.

Gerekli resminamalar:

  • okaýan mekdebindäki şahsy jildiniň mekdep müdiriniň möhüri bilen tassyklanylan göçürmesi;
  • mekdep tarapyndan berlen hödürnama;
  • yaşayan ýerinden kepilnama;
  • ata-enesiniň işleyän yerinden kepilnama;
  • saglyk yagdaýy hakynda kesgitlenen nusgadaky kepilnama;
  • 3x4 ölçegdäki 2 sany surat.

Mekdep-internatyna okuwa girmäge isleg bildirýän zehinli okuwçylar bilen türkmen dilinden diktant, matematika hem-­de taryh dersleriniň her birinden 3 soragdan ybarat bolan soragnama ýazmaça jogap bermek arkaly synaglar geçiriler.

Synaglaryň möhleti:

Mary welaýaty ­– maý aýynyň 1-2-si (Mary şäheri).

Lebap welaýaty – maý aýynyň 4-5-i (Türkmenabat şäheri).

Ahal welaýaty – maý aýynyň 6-7-si (Aşgahat şäheri).

Aşgabat şäheri – maý aýynyň 8-9-y (Aşgabat şäheri).

Balkan welaýaty – maý aýynyň 11-12-si (Balkanahat şäheri).

Daşoguz welaýaty – maý aýynyň 13-14-i (Daşoguz şäheri).

˝Altyn asyryň altyn zehinleri˝ atly okuw dersleri boýunça bäsleşikleriň döwlet tapgyry geçiriler

Hormatly Prezidentimiziň mekdep okuwçylarynyň tebigy zehinini açmak we ösdürmek babatda bilim işgärleriniň öňünde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek, okuw dersleri boýunça okuw maksatnamalaryny özleşdirmekde aýratyn ukyp-başarnyklaryny görkezen mekdep okuwçylaryny höweslendirmek hem-de halkara bäsleşiklerine taýýarlamak maksady bilen, orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda ˝Altyn asyryň altyn zehinleri˝ atly okuw dersleri boýunça geçirilýän bäsleşikleriň döwlet tapgyry 2020-nji ýylyň 21-nji we 24-nji aprelinde geçiriler.

Meýilnama laýyklykda 10-njy synp okuwçylary bäsleşige 21-nji aprelde gatnaşar we 11-nji synp okuwçylary 24-nji aprelde gatnaşarlar. Bu ýyl ˝Altyn asyryň altyn zehinleri˝ bäsleşikleriniň döwlet tapgyry sanly tehnologiýalaryny ulanmak arkaly uzagara onlaýn (göni ýaýlymda) usulda gurnalar. Bäsleşikleri guramaçylykly geçirmek üçin Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Türkmen oba hojalyk institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň we Balkanabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebiň ýokary tizlikli internet tory we interaktiw multimedia tagtalary şeýle hem kompýuter enjamlary bilen üpjün edilen okuw otaglary ulanylar. Döwlet bäsleşikleriniň degişli okuw dersleri boýunça ýumuşlaryny yzygiderlikde onlaýn usulda ugratmak üçin Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener- tehnologiýalar uniwersitetinde, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde we Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Skype programmasy bilen üpjün edilen Merkezleri döredildi.

Döwlet bäsleşikleri himiýa, biologiýa, iňlis dili, rus dili, taryh, geografiýa, informatika, matematika, fizika, türkmen dili we edebiýat dersleri boýunça geçiriler.

˝Altyn asyryň altyn zehinleri˝ atly okuw dersleri boýunça geçirilýän bäsleşiklerine gatnaşjak okuwçylaryň ählisine üstünlik arzuw edýäris!

“Ýylyň mugallymy-2020” we “Ýylyň terbiýeçisi-2020” döwlet bäsleşikleri geçiriler

Hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatda alyp barýan syýasatynyň talaplaryna laýyklykda ýaş nesle döwrebap, milli ruhda bilim- terbiýe bermekde döredijilikli işleýän, işbaşarjaň, çagalaryň tebigy zehinlerini we ukyplaryny ösdürmekde baý iş tejribesini toplan öňdebaryjy bilim-terbiýeçilik işgärlerini ýüze çykarmak, olaryň iş tejribesini giňden ýaýratmak maksady bilen 2020-nji ýylyň aprel aýynyň 29-30-yna Aşgabat şäherinde orta mekdepleriň mugallymlarynyň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň arasynda “Yylyň mugallymy-2020” we “Yylyň terbiýeçisi-2020” döwlet bäsleşikleri geçiriler.

Bu bäsleşik Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen bilelikde guralýar. Bäsleşikde orta mekdepleriň mugallymlary we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileri emin toparlary tarapyndan düzülen ýörite ýumuşlary ýerine ýetirip, öz başarnyklaryny görkezerler. Bäsleşigiň geçişi baradaky maglumatlar metbugatda we teleradioýaýlymlarda teswirlener.


Ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň saglygy goraýyş-öňüni alyş barlaglary geçirilýär

Hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 8-nji aprelinde saglygy goraýyş we bilim meseleleri boýunça geçiren maslahatynda ýurdumyzyň ilatynyň ähli toparlarynyň saglyk ýagdaýyna baha bermek üçin, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda öňüni alyş lukmançylyk barlaglaryny we goşmaça barlag usullaryny öz içine alýan çäreler toplumyny guramak, şunuň bilen baglylykda etraplarda we şäherlerde öz işini degişli tertipnama boýunça alyp barýan ýörite lukmanlar toparlaryny döretmek hem-de bu ugurdaky işi çagalar baglaryndan, orta we ýokary okuw mekdeplerinden başlamak hakyndaky tabşyrygy boýunça degişli işler geçirildi.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty
hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrlikleri tarapyndan
2020-nji ýylyň 13-nji apreli – 25-nji maýy aralygynda ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylaryny saglygy goraýyş-öňüni alyş barlaglaryndan geçirmek boýunça işleriň meýilnamasy düzüldi.

Aşgabat şäheriniň we welaýat Baş bilim müdirlikleriniň garamagyndaky orta mekdepler boýunça okuwçylaryň anyk sany, saglygy goraýyş-öňüni alyş barlaglaryndan geçirmegiň möhleti, jogapkär hünärmenler kesgitlendi we tertibi tassyklanyldy. Saglygy goraýyş-öňüni alyş barlaglaryndan geçirmegiň tertibi bilen Aşgabat şäher we welaýat Saglygy goraýyş müdirlikleriniň garamagyndaky saglyk öýlerine degişli mekdepler berkidildi.

Orta mekdepler saglygy goraýyş-öňüni alyş barlaglaryny geçirmek üçin zerur bolan saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen üpjün edilip, Aşgabat şäherinde we welaýatlarda ýörite lukmanlar toparlary döredildi hem-de ýerine ýetirilmeli wezipeler kesgitlenildi.

Saglygy goraýyş-öňüni alyş barlaglaryny geçirmek üçin ähli orta mekdeplerde zerur otaglar we maglumatlary girizmek üçin kompýuterler taýýarlanyldy.

Orta mekdepleriň okuwçylary ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda stomatolog, oftalmolog, gulak-burun-bokurdak, deri-wenerolog we çaga lukmanynyň (15 ýaşdan uly ýaşly mekdep okuwçylary üçin terapewt lukmanynyň) barlaglaryndan geçirilýär.

Barlag döwründe çagalaryň sagdyn, rejeli we dürs iýmitlenmegi, gyzgyn we suwuk naharlar bilen üpjünçiligi, artykmaç agramyň we semizligiň öňüni almak boýunça amala aşyrylýan işlere, arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilişine, zyýansyzlandyryş işleriniň we öňüni alyş çäreleriniň geçirilişine hem-de beýleki epidemiologiki ýagdaýlara hem barlag-seljeriş işleri amala aşyrylar.

Saglygy goraýyş-öňüni alyş barlaglarynyň ähmiýeti barada orta mekdepleriň ýolbaşçylary tarapyndan ata-eneleriň arasynda wagyz-nesihat we düşündiriş işleri geçirilýär.

Orta mekdepleriniň okuwçylaryna geçirilen saglygy goraýyş-öňüni alyş barlaglarynyň elektron maglumatlar gory dörediler we gündelik hasabatlar jemlener.

Kesel ýüze çykarylan okuwçylar dispanser hasabyna alnar we oňa ýaşaýan ýeri boýunça degişli Saglyk öýünde bejeriş-öňüni alyş çäreleri geçiriler. Zerur ýagdaýda ýatymlaýyn bejergi geçiriler.

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde halkara onlaýn-konferensiýa geçirildi

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde ilkinji sapar halkara ylmy-amaly onlaýn-konferensiýa geçirildi. Bu çäre sanly wideo-aragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň, Ýaponiýanyň, Germaniýanyň, Bolgariýanyň, Rumyniýanyň we Wýetnamyň alymlaryny we professor-mugallymlaryny birleşdirdi.

Hususanda, ýurdumyzyň adyndan bu çärä Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň,  TYA-nyň Himiýa institutynyň we Tehnologiýalar merkeziniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wekilleri we talyp ýaşlary gatnaşdy.

Ýaponiýanyň Kanagawa, Hirosaki, Tohoku uniwersitetleriniň, Bolgariýanyň Angel Kynçew adyndaky Rusen uniwersitetiniň, Rumyniýanyň Buharest politehniki uniwersitetiniň mugallymlary talyplar üçin okuw sapaklaryny geçirdiler.

Okuwlar kremniý karbidiniň nanogatlaklaryny almak we ýarymgeçiriji elektron enjamlaryň onümçiligi, energetikada nano materiallaryň ulanylmagy, şol sanda energiýanyň dikeldilýän çeşmeleriniň esasynda, daşky gurşawy goramakda robot tehnikasyny ulanmagyň usullary we ekologiki meseleleriň çözülmegi we ş.m. başga ugurlar boýunça alnyp baryldy.

Bilermenleriň pikirine görä, bu taslamalar Türkmenistanda durmuşa geçirilmegi üçin kämilleşdirilip we uýgunlaşdyrylyp bilner. Wýetnamyň Ho Şi Min halkara uniwersitetiniň we Germaniýanyň Leýbnis ylmy-gözleg institynyň alymlary bilelikde üstünde işläp boljak öz taslamalaryny görkezdiler.

Ara alnyp maslahatlaşylan wajyp meseleleriň biri sanly we intellektual tehnologiýalara esaslanýan uzakdan okuwyň innowasion usullaryny işläp düzmegiň mümkinçiliklerini öwrenmeklige bagyşlandy. Bu onlaýn-konferensiýa oňa gatnaşyjylaryň ylmy aragatnaşygy berkitmäge we ösdürmäge bolan hyjuwlaryny görkezdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň belläp geçişi ýaly, sanlylaşdyrmak – dünýäniň ösüşiniň öňdebaryjy ugrydyr, ol biziň gündelik we iş durmuşymyza ornaşýar, aragatnaşygyň mümkinçiliklerini giňeldýär we mundan beýläk bize bu prossessleriň güýjemegi garaşýar.

Oňyn bitaraplyk we “açyk gapylar” syýasatynyň ýörelgelerine we giň gerimli halkara hyzmatdaşlyga esaslanýan syýasytyny amala aşyrýan Türkmenistan halkara gatnaşyklaryň berkidilmegine we ösdürülmegine, şol sanda ylym ugrunda uly ähmiýet berýär.

Umumybilim berýän mekdeplerde öwrenilýän okuw dersleriniň 10-sy boýunça bäsleşik geçirildi

Hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe häzirki zamanyň ýokary talaplaryna laýyk pikirlenýän zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, çagalaryň tebigy zehinlerini ösdürmek babatda bilim işgärleriniň öňünde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek, dersler boýunça okuw maksatnamalaryny özleşdirmekde aýratyn ukyp-başarnyklaryny görkezen mekdep okuwçylaryny höweslendirmek hem-de olary halkara bäsleşiklerine taýýarlamak maksady bilen Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň arasynda okuw dersleri boýunça yglan edilen “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly bäsleşigiň Aşgabat şäher we welaýat tapgyrlaryna badalga berildi.

Umumybilim berýän mekdeplerde öwrenilýän okuw dersleriniň 10-sy boýunça geçirilen bu bäsleşige Aşgabat şäheri we welaýatlar boýunça 10-11-nji synplarda okaýan okuwçylaryň dört müň bäş ýüze golaýy gatnaşdylar. Iki gün dowam eden bu bäsleşige gatnaşýan mekdep okuwçylarynyň has zehinlileri bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk aldylar.