Türkmenistanyň Bilim ministrligi
TM | RU | EN
Ministrlik habarlary
Robot tehnikasy, takyk we tebigy ugurly okuw dersleri boýunça ylmy-döredijilik bäsleşiginiň döwlet tapgyry geçirildi

Paýtagtymyzdaky Çagalar we ýetginjekler köşgünde umumybilim berýän mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda robot tehnikasy, takyk we tebigy ugurly okuw dersleri boýunça ylmy-döredijilik bäsleşiginiň döwlet tapgyrynyň geçirilmegi ýurdumyzyň umumybilim ulgamynyň işgärleridir mekdep okuwçylaryny täze bilim, döredijilik üstünliklerine  ruhlandyrdy. Bäsleşige deslapky etrap, şäher, welaýat tapgyrlarynda ýeňiji bolan okuwçylar gatnaşdylar. Olar robot tehnikasy, takyk we tebigy dersler boýunça öz  taslama işlerini bäsleşikde görkezdiler. Işlere ýokary derejeli halypa bilim işgärleri hem-de işine ökde ýaş hünärmenler baha berdiler.

           Ylmy-döredijilik  bäsleşiginde robot tehnikasy ugry boýunça Köýtendag etrabyndaky      9-njy orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Tahyr Azamatow, takyk dersler ugry boýunça Balkanabat  şäherindäki  daşary  ýurt dillerine  ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçylary Durdygylyç Mergenow we  Eziznazar Nurnazarow 1-nji orna  mynasyp boldylar. Tebigy dersler ugry boýunça Mary şäherindäki takyk we tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen 24-nji zehinli ýaşlar orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçylary Muhammetali Nuryllaýew hem-de Gurbanmyrat Berdimyradow dagy hem ýeňiji boldy.

     Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de bilim-ylym işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkeziniň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Gazanylan netijeler ýurdumyzda milli bilimiň mazmunyny kämilleşdirmek, hilini ýokarlandyrmak baradaky döwlet aladalary netijesinde, döwrebap enjamlaşdyrylan umumybilim berýän mekdeplerde ýaş nesle döwrüň ösen talaplaryna laýyk bilimdir terbiýe berilýändiginiň we umumybilim berýän mekdepleriň okuwçylarynyň dürli bäsleşiklerde gazanýan üstünlikleriniň ýylsaýyn artýandygynyň ýene-de bir ykrarnamasy boldy.

Aşgabatda ýetginjekleriň arasynda stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça çempionat geçirildi

Stoluň üstünde oýnalýan tennisiň halkara gününiň we Bütindünýä saglyk gününiň öňüsyrasynda Aşgabatdaky 85-nji orta mekdepde 17 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça Aşgabat şäheriniň çempionaty geçirildi.

Garaşylmadyk netijeler ýurdumyzda sportuň bu görnüşi boýunça zehinli ýaşlaryň ýetişip gelýändiginden habar berýär. Mysal üçin, oglanlaryň arasynda bürünç medala mynasyp bolan 11 ýaşly Wepa Meredow hemmeleri haýran galdyrdy. Tejribeli tälimçi Lidiýa Ahmedowanyň şägirdi özünden has uly bäsdeşlerinden hem ezberlik bilen üstün çykmagy başardy.

Mahlasy, oglanlaryň arasynda birinji orny Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň 13 ýaşly okuwçysy Alibek Jumanow eýeledi. Lebap welaýatynda önüp-ösen zehinli türgen tejribeli tälimçi Raşit Ahmedowyň ýolbaşçylygynda şu ýylyň fewralynda geçirilen Türkmenistanyň çempionatynda hem hemmelerden üstün çykypdy.

Alibekiň synpdaşy Yslambeg Orazlyýew bolsa kümüş medaly eýeledi.

Gyzlaryň arasynda bolsa Ogulgerek Hemraýewa ýeňiji boldy. Lidiýa Ahmedowanyň şägirdi, şeýlelikde, iri ýaryşlardaky ilkinji ýeňşini gazandy. Ýaryşda kümüş medala Aýlar Nurgeldiýewa, bürünç medala Nabat Babaýewa mynasyp boldy.

Maglumat kommunikasiýa tehnologiýalary – “dördünji senagat öwrülişigi”

Ýurdumyzda ýaş nesliň maglumat tehnologiýalary bilen işlemek başarnyklaryny döwrebap kämilleşdirmek üns merkezinde. Dünýäniň ösen döwletleri bilen deň gadam urýan milli bilim ulgamy ýaş nesliň “Maglumatlar asyry” diýlip atlandyrylýan üçünji müňýyllykda sanly tehnologiýalardan peýdalanmagynyňň, jemgyýetiň aň-bilim we tehnologik taýdan kämilligini üpjün etmegiň mynasyp ornunyň bardygyny nazarda tutup, milli bilimiň ähli basgançaklaryna sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy dowam etdirilýär. Häzirki ösýän jemgyýetimizde dünýäde “dördünji senagat öwrülişigi” adyna eýe bolan ylmy-tehnologik täzelikleriň öňe çykarýan möhüm wezipeleri çözülýär. Umumadamzat ähmiýetli hem-de milli çäklerde şeýle wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagynda ýaş nesliň aýratyn ornunyň bardygyna uly ähmiýet berilýär.

Talyplaryň 3-nji açyk matematika olimpiadasy

Bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna degişli döwlet derejesinde alnyp barylýan işleriň çäginde geçirilýän dürli bäsleşikleriň ýaş nesliň bilimli-terbiýeli, ylymly-hünärli bolup ýetişmeginde ähmiýetli orny bardyr. Mart aýynyň soňky ongünlüginde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde ýokary bilim ulgamy boýunça talyplaryň arasynda 3-nji açyk matematika olimpiadasy geçirildi. Oňa ýurdumyz boýunça ýokary okuw mekdeplerinden 181 talyp, daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri boýunça, şol sanda Günorta Koreýa, Argentina, Bolgaryýa, Russiýa, Belarussiýa, Türkiýe, Gresiýa, Ukraina, Özbegistan, Rumyniýa, Wýetnam, Hytaý ýaly döwletleriň 25-siniň ýokary okuw mekdeplerinden talyplaryň 108-si gatnaşdy. Olimpiada iňlis dilinde alnyp baryldy.  Talyplar dört sagadyň dowamynda çylşyrymly mysallardyr meseleleri çözmek boýunça ýekelikde hem-de toparlaýyn görnüşde bäsleşdiler. Seýitnazar  Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Türkmen oba hojalyk institutynyň hem-de Türkmenistanyň  Döwlet  energetika institutynyň talyplary daşary  ýurtly talyplar bilen birlikde, internet arkaly guralan bu bäsleşige işjeň gatnaşdylar. Netijede, olimpiadanyň jemleri boýunça ýekeleýin bäsleşikde iň ýokary görkeziji bilen gazanylan 27 altyn medalyň 15-sini, toparlaýyn bäsleşikde gazanylan altyn medallaryň 3-sini türkmenistanly talyplar, galan 2-sini bolsa Russiýanyň we Özbegistanyň talyplaryndan düzülen toparlar eýeledi.

       Ýekeleýin bäsleşikde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary Myrat Çäşemow, Döwran Nurgeldiýew hem-de Myrat Sapaýew dagy A derejede, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby Perman Iljanow, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby  Akmyrat Tirkeşow, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary Jepbar Asgarow we Kadyrberdi Annabaýew B derejede aýratyn  tapawutlanyp, altyn medala mynasyp boldular. Olimpiada gatnaşyp, degişli orunlary eýelän talyplara diplomdyr gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi döredildi

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň beýik başlangyçlary bilen milli bilim ulgamynyň gurluşynyň we dolandyrylyşynyň dünýäniň ösen döwletleriniň derejesinde bolmagy üpjün edilýär. Munuň bilen baglanyşyklylykda, şu ýylyň 31-nji ýanwarynda Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren meşlisinde hormatly Prezidentimiz “Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezini döretmek hakynda” Karara gol çekdi. Häzirki wagtda merkezi zerur bolan tehniki enjamlar, ýokary tizlikli internet we beýleki tehnologiýalar hem-de zerur bolan hünärmenler bilen üpjün etmek  ýaly işler alnyp barylýar.

 Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň açylmagy ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm wakalaryň biri boldy. Bu merkeziň işi täze tehnologiýalar bilen işlemegiň dünýä tejribesini we milli bilim ulgamynyň häzirki ösüşini utgaşdyrmak bilen, sazlaşykly ösýän, döwrebaplaşdyrylan milli bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegine gönükdirilendir.