С образовательными реформами к успеху

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz 2021-nji ýylyň fewralynda ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary bilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda geçen ýylda ýerine ýetirilen işlere seljerme berildi. Şeýle hem,  bilim ulgamyny ösdürmek, onuň düzümlerini kämilleşdirmek, ösüp gelýän ýaş nesliň sagdyn ösmegi, bilimli-terbiýeli, hünärli ýaşlar bolup ýetişmegi üçin ýerine ýetirilen işlere seljerme berildi we öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.

Hormatly Prezidentimiz: “Sagdyn, zähmetsöýer, watançy nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek üçin ähli çäreler görülmelidir. Munuň üçin işi guramagyň täze, has netijeli usullaryny gözlemeli” diýip belledi. Munuň özi geljekde bilim işgärleriniň esasy wezipesiniň bilim-terbiýe işini täze usullarda alyp barmalydygyny, işiň hilini döwrümiziň barha ösýän talaplaryna laýyk getirmelidigini aňladýar. Şonuň ýaly-da, döwlet Baştutanymyz bu ulgama degişli tabşyryklary bermek bilen, bilim işgärleriniň öňünde anyk wezipeleri goýdy. Şeýle wezipeler şu günki günüň bilim işgärleriniň öňde duran anyk işleri kesgitleýär.

Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, bilim işiniň esasy düzüm bölegi bolan çaganyň irki ösüş döwrüni dogry guramak, olar bilen alnyp barylýan bilim-terbiýe işiniň hilini ýokarlandyrmak esasy wezipeleriň biri edilip goýuldy. Munuň bilen baglanyşyklylykda, hormatly Prezidentimiz: “Bu ugurda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy bilen hyzmatdaşlyk işjeňleşdirilmelidir” diýip nygtady. Bu bolsa halkara tejribesiniň öwrenilip, körpe nesliň ruhy we beden taýdan dogry ösüşini gazanmak, olara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, sagdyn iýmitlenmegini guramak ýaly döwrebap talaplaryň ýokary derejede ýerine ýetirilmelidigini aňladýar.  BMG-niň doly hukukly agzasy bolan Türkmenistan bu abraýly halkara guramanyň dünýä düzgünlerini berkarar etmekde alyp barýan ynsanperwer we adalatly ýörelgelerini goldaýar.  Döwletimiz Birleşen Milletler Guramasynyň çagalar gaznasy bilen hyzmatdaşlykda çagalaryň hukuklaryna we ählitaraplaýyn goraglylygyna bagyşlanan özara gatnaşyklarda maksatnamalaýyn işleri amala aşyryp, onuň netijelerini çaga terbiýe we bilim bermegiň hem-de sagdyn durmuş ýörelgelerini üpjün etmegiň öňde durýan wezipelerini üstünlikli çözmäge gönükdirýär.

Şeýle hem, bu iş maslahatyndaky tabşyryklar bilen baglanyşyklylykda, ýaşlaryň ene dilinden başga-da, daşary ýurt dillerini düýpli öwrenmegini gazanmak üçin, çagalaryň dil öwrenmek endigini artdyrmak, höwes döretmek, bu babatda mugallymlaryň ýokary taýýarlykly we tejribeli bolmagyny gazanmak ilkinji derejeli wezipeleriň hatarynda goýuldy.

Dil ynsan ruhunyň janly bölegidir. Dil arkaly bütin dünýädaki gözellikleri, wakalary, hadysalary, ösüşleri, üstünlikleri we ş.m. beýan etmek mümkin bolýar. Dil jemgyýetiň we aňyň önümidir. Aňly-düşünjeli nesli ýetişdirmekde we olaryň milli jemgyýetimize mynasyp hyzmat etmegini gazanmakda milli dilimizi we onuň bilen bir hatarda ýaşlara daşary ýurt dillerini öwretmegiň ähmiýeti örän uludyr, çünki Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly: “Dilde milletiň kalby ýaşaýar”.

Hormatly Prezidentimiziň  bilim ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, bilim berlişini dünýäniň ösen döwletleriniň derejesinde amala aşyrmak maksady bilen beren tabşyryklarynyň ýene-de biri, hünärmen taýýarlamak ugrunda bilim bermegiň iki basgançakly – bakalawr we magistr maksatnamalary esasynda alnyp barylmalydygy babatda zerur çäreleri görmek bilen baglanyşykly boldy.

Şeýle hem, bilim işgärleriniň öňünde häzirki zaman ýaşlarynyň – mekdep okuwçylarynyň we talyplaryň dogry pikirlenmek endiklerini we erkin döredijilik başarnyklaryny ösdürmek, olara başlangyç zähmet endiklerini öwretmek, hünäre ugrukdyrmak wezipesi goýuldy.

Mekdep partasyndan dogry pikirlenmegi öwrenen okuwçy geljekde jemgyýete peýdaly şahsyýet bolup ýetişmelidir. Zähmet şahsyýeti terbiýelemegiň esasy guralydyr. Okuwçynyň islegi boýunça saýlap alan we yhlas bilen meşgullanýan zähmetiniň görnüşi onuň geljekki hünär işiniň ilkinji şinesidir.

Şeýlelikde, “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň başynda ýurdumyzdyň milli bilim ulgamynda özgertmeleriň geçirilmegi babatynda  düýpli tabşyryklar berlip, şol tabşyryklaryň baş maksadynda milli bilimde ýaş neslimiz üçin dünýäniň iň ösen talaplaryna laýyk getirilen bilim-terbiýe gurşawyny döretmek  talap edilýär. Bu döwrebap talaplar bolsa, bilim  özgertmeleri bilen üstünliklere tarap, öňe sary  gitmegiň ygtybarly ýoludyr.