Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna

                        MAGTYMGULY –MILLI EDEP_TERBIÝE MEKDEBI

Hormatly Prezidentimiz: “Magtymguly Pyragy sözüň güýji, gudraty bilen şygryýet äleminde ady arşa galan beýik akyldar şahyrdyr. Magtymgulynyň şygryýet älemi – türkmen edebiýatynyň buldurap akýan, çuňňur mana we çeper söze teşne kalplary gandyrýan çeşmesi. Bu çeşme gözbaşyny Oguz han Türkmenden, Gorkut ata Türkmenden, Görogly beg Türkmenden alyp gaýdyp, ata-babalarymyzyň ýol-ýörelge edinen ynsanperwerliginden, ahlak we edep ýörelgelerinden, yşkdan we gözellikden ylham alýar” diýip belleýär.

 Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, halkymyzyň däp-dessurlaryna laýyklykda, ösüp gelýän ýaş nesillerde ýokary ahlak gymmatlyklaryny terbiýelemäge gönükdirilýän işler möhüm meseleleriň biridir.

Magtymguly Pyragynyň başlangyç terbiýäni pederi Döwletmämmet Azadydan alandygy hemmämize mälimdir. Ol bu barada: “Ylym öwreden ussat kyblam pederdir”  diýýär. Magtymguly dürler saçýan kitaplary irginsiz okap, kämillige ýetipdir. Kakasy Döwletmämmet Azadydan, Nyýazguly halypadan alan edep-terbiýesi, bilimi şahyra ýol görkeziji bolup hyzmat edipdir. Şygryýet meýdanynda ussatlyga ýetende, alan terbiýesi onuň üýtgewsiz durmuş ýörelgesine öwrülipdir. Bu ugurda ol kakasynyň edebi däplerine eýerip, ençeme şygyrlary döredipdir. Şahyryň akyl-paýhas akabasynda elenip, zybanynda dür saçan setirleri dilden-dile geçip, il-halkyň diliniň senasyna öwrülipdir.

Edep-terbiýe temasy söz ussadynyň döredijiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Şahyryň “Janyna degmez”, “Durasyň geler”, “Ýör biläni”, “Il ýagşy”, “Zor bolar”, “Aýrylma” ýaly onlarça şygyrlary bu ugurda döredilen nusgawy eserlerdir. Şahyr bu goşgularynda döwürdeşlerine asylly, mert, ar-namysly bolmagy nesihat edip, binamyslary, namartlary ýazgarypdyr. Ol “Gerekdir” diýen şygrynda:

Giň ýerde garga deý bolsun wehimli,

Ýerinde hünäri, işi gerekdir

diýip, ýigidiň göwrüminiň giň, gerekli ýerinde hünäriniň bolmalydygyny, hüşgärligini beýan edipdir “Il biläni” şygrynda:

Goç ýigide toýdur-baýram,

Her iş gelse il biläni

diýip ynsan gatnaşyklarynyň daýanjy bolan agzybirligi ündeýär.

Şahyr ynsana mahsuz bolan oňat häsiýetleri ündände, ýaramaz häsiýetleri ýazgaranda, wagyz-nesihat tärinden ugur alypdyr.

Türkmen ata-baba, dogup-döräp öz mähriban topragy bilen bagry badaşyp ýaşaýar. Ene topragyň, ata Watanyň ezizligi hem şunda. Göbek gany daman topragy bilen halkymyzyň nesil daragty gülleýär. Iliň-ýurduň bilen bir jan-bir ten bolup ömür sürmek – iň uly mertebe. Magtymguly Pyragy öz ýurduň, iliň bilen hemişe bagryň badaşyp ýaşamalydygyny şeýle ündew edýär:

Mestana gezinçäň gaýry ýurdunda,

Önüp-ösen öz ýurduňdan aýrylma.

Magrur käkilik deý nebsiň ugrunda

Dama düşüp, ganatyňdan aýrylma.

Magtymguly oňat-gylyk häsiýetler adamyň bezegi diýip düşünipdir. Olary nesilleriň aňyna ýetirmek arkaly, olarda watansöýüjilik, belent adamkärçilik, halallyk, ýokary ahlaklylyk, janypkeşlik, ynsaplylyk ýaly häsiýetleri terbiýelemek söz ussadynyň esasy aladasy bolupdyr.

Dürdäne setirler, wagtyň geçmegi bilen, pähim-parasat nusgasy bolan nakyllara öwrülýär. Nakyllar – ynsanyň durmuş ýoluny kesgitlemekde çelgi, ýol görkeziji, ugrukdyryjy häsiýete eýedir. Şahyryň “Oglum – Azadym”, “Atamyň”, “Aýrylyp”, “Owazym”, “Nahana geldiň”, “Diş gitmek”, “Behem eder”, “Ata meňzär”, “Köýmän ýigide”, “Içen ýalydyr”, “Alajakdyr”, “Gitmezmiş”, “Dag saýar”, “Ýoldaş bolan”, “Sil biläni”, “Biläni”, “Gidiji bolma”, “Otur-turuşyn görüň”, “Läle getirmiş”, “Peýany bolmaz”, “Syn bilen”, “Märekä barmaz”, “Ýaryň ýagşysyn”, “Enary bardyr”, “Ölmesden burun” ýaly şygyrlary tutuşlygyna diýen ýaly nakyllara ýugrulandyr. Şahyryň: “Sabyrly gul dura-bara şat bolar” diýen setiriniň halk dilinde nakyla öwrülip gidendigi hemmämize mälimdir. Ýa-da şahyryň:

Boý satyn alyp ýamandan,

Baky ondan dynma barmy?

diýen setirleri soňra “Ýamandan boýuňy satyn al” nakylyna öwrülipdir.

Akyldar şahyr edep-terbiýe meselesine ýüzlenende, halk durmuşynyň jümmüşine içgin aralaşypdyr. Bu ýagdaý oňa halk durmuşynyň dürli ugurlaryny şygyr galybyna salmaga esas döredipdir. Şonuň üçin-de, akyldaryň: “Kişi sözlemeýen, syry paş bolmaz”, “Ýeke äriň ömür ady tutulmaz”, “Adam bardyr, bir söz diýseň, äşgärdir”, “Ýagşy – rehmet getirer”, “Ýagşy ýigit ýol ýitirmez”, “Ýamandan ýagşy set bolmaz, Asly ýagşydan bet bolmaz”, “Agzy ala bolan iliň Döwleti gaçan ýalydyr”, “Halal, haram ýygnan malyň, Soňra senden galajakdyr” ýaly onlarça setirleri dillerden düşmän gelýär.

Akyldar şahyryň edep-terbiýe mekdebiniň ruhy ýokary, gory galyň, güýji-gorabasy kuwwatly. Ol her demde ynsany ýagşylyga ugrukdyrýar, ömrüň manysynyň ýagşy işleri etmek bilen nurlanýandygyny ündeýär:

Ýagşy gylyk duşmanyňy dost eýlär,

Gylygyň bet bolsa, işiň jeň bolar.

Aryf-akyldar Magtymguly Pyragy türkmeniň edep-terbiýe mekdebidir. Pähim-paýhasdan bina edilen ol mekdep ynsanlara hemişe ýol görkeziji bolup hyzmat edýär.

 

Aýtaç Orazowa,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti