В УВАЖЕНИИ ЖЕНСКОГО Достоинства

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 26-njy fewralyndaky PB-1401 belgili “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň gülläp ösmeginde we özgertmeleri amala aşyrmakda zenanlarymyzyň bitirýän uly hyzmatlaryny, Watanymyza wepaly, sagdyn we ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirýändiklerini nazara alyp, şeýle hem ata-babalarymyzyň mähriban enelerimize we eziz uýalarymyza hormat goýmak baradaky asylly däplerini dowam etdirmek hem-de “Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna pul sowgatlaryny bermek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 27-nji fewralynda çykaran 1152-nji Kararyny ýerine ýetirmek hakyndaky” buýrugyny ýerine ýetirmek maksady bilen, degişli ýolbaşçylar tarapyndan Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Merkezi diwanynyň we onuň garamagyndaky degişli edaralaryň ýolbaşçylaryna resmi taýdan tabşyryk berildi. Resminama laýyklykda, Halkara zenanlar güni mynasybetli işleýän aýal-gyzlara, talyp gelin-gyzlara, umumy orta bilim berýän mekdeplerde, mekdebe çenli çagalar we beýleki bilim-terbiýeçilik edaralarynda okaýan hem-de terbiýelenýän gyzlara Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan 60 (altmyş) manat möçberde pul sowgatlaryny 2021-nji ýylyň 1-6-njy marty aralygynda dabaraly ýagdaýda gowşurmak bellenilendir.

Hormatly eneler, mähriben gelin-gyzlar! Siziň hemmäňizi bu ajaýyp baýramçylyk günlerinde Gahryman Arkadagymyzyň adyndan alan sowgatlaryňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Goý, siziň mydama janyňyz sag, ömrüňiz uzak, ojaklaryňyz otly, durmuşyňyz şöhratly, gadamlaryňyz batly bolsun!

 


 

Türkmenistanyň Bilim ministrligi