Значение памятников природы Западного Копетдага в проведении студенческой полевой практики

Türkmen-Horasan dag ulgamyna degişli bolan Köpetdag 500 km-den gowrak uzalyp, fiziki-geografik aýratynlyklary boýunça Gündogar, Merkezi we Günbatar böleklere bölünýär. Häzirki döwürde Köpetdagyň tebigy we taryhy ýadygärlikleri alymlaryň, hünärmenleriň gözleg-barlag işlerini geçirýän ýerleriniň biridir. Köpetdagyň dürli tebigy täsinlikleri, ösümlikler we haýwanat dünýäsi, Köwata ýerasty mineral suwly karst gowagy, melhem häsiýetli mineral suwly çeşmeleri (Arçman, Ýyly suw we başg.), taryhy ýadygärlikleri (Nusaý, Parzdepe we başg.) uly ylmy ähmiýete eýedir. Alymlaryň kesgitlemegine görä, bu ýeriň käbir tebigy we taryhy ýadygärlikleriniň ýaşy müňlerçe ýyla ýetýär. Olar uzak wagtyň dowamynda geologik, tektonik, atmosfera we beýleki tebigy hadysalaryň täsirinde bolsalar-da, özleriniň baý ylmy gymmatlyklaryny ýitirmän saklapdyrlar. Köpetdagyň gerişlerinde we jülgelerinde hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitaplarynda beýan edilýän dermanlyk ösümlikleriň we Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen ösümlikleriň endemik görnüşleri ösýär. Şeýle täsin tebigy we taryhy ýadygärlikler Günbatar Köpetdagda hem köpdür. Olar özleriniň gözellikleri we täsinlikleri bilen bu ýerlere gezelenje gelýänleriň ünsüni çekýär.

Işde Günbatar Köpetdagyň dürli görnüşli (geologik, geomorfologik, gidrologik, botaniki we başg.) tebigy ýadygärliklerine tejribeli mugallymlaryň ýolbaşçylygynda ýaş neslimiziň (esasan-da, mekdep okuwçylarynyň we talyplaryň) gezelençlerini, meýdan-okuw tejribeligini guramagyň ähmiýeti gysga beýan edilýär. Günbatar Köpetdagyň käbir dag jülgelerinde we tebigy ýadygärlikleriniň ýerleşýän ýerlerinde geçirilen meteorologik, radiometrik ölçeg işleriniň käbir netijeleri görkezilýär.

Öwrenilen maglumatlar we geçirilen gözegçilikler bu sebitiň dag jülgeleriniň ähli pasyllarda özboluşly mikroklimat şertleriniň bardygyny görkezdi. Awtorlaryň 2015-nji ýylyň iýul aýynyň üçünji ongünlüginde Könekesir obasynyň golaýyndaky dag jülgeleriniň biriniň çäklerinde geçiren barlaglaryna görä, howanyň temperaturasy günortan (sagat 12-13-de) 23-24 С-ä, sagat 14-de bolsa 26-26,3С-ä ýetýär. Hozly dere jülgesinde geçirilen ölçegler hem meňzeş maglumatlary görkezdi. Bu sebitlerde geçirilen ölçeglerden birnäçe gün öň ygalyň ýaganlygyny hem bellemelidiris, ýagny alnan maglumatlarda howanyň temperaturasynyň bu döwür üçin adaty derejeden pes bolmagy ygalyň ýagmagy sebäpli howanyň salkynlaşmagy bilen baglanyşykly bolup biler. Aýdere we Könekesir meteorologik beketleriň 1990–2013-nji ýyllar aralygyndaky maglumatlaryna görä, howanyň ýokary temperaturasy iýul–awgust aýlarynda bolup, 43–43,5 °C-ä ýetýär, ýöne diňe käbir ýyllarda (mysal üçin, 1995-nji ýylyň awgustynda) bu meteobeketleriň ikisinde hem howanyň temperaturasynyň iň ýokary (maksimum) bahasy hasaba alnypdyr (1-nji surat). Şeýle-de, Aýderede 1993-nji ýylyň iýun we 2005-nji ýylyň iýul aýynda howanyň temperaturasynyň ýokary bahalaryna gözegçilik edilipdir. Howanyň temperaturasynyň bu ýokary görkezijileri 23 ýylyň dowamynda seýrek hasaba alnypdyr. Şoňa görä-de, howanyň temperaturasynyň ýokary bahalarynyň üýtgemeginiň we geçirilen ölçegleriň maglumatlaryna görä, bu ýerleriň howa şertleri tomus günlerinde hem gezelenç etmek üçin amatlydyr.

1-nji surat

 

Aýderede (tutuş çyzyklar) we Könekesirde (nokat-nokat çyzyklar) 1990–2013-nji ýyllar aralygynda howanyň temperaturasynyň iň ýokary bahalarynyň üýtgeýşi

Günbatar Köpetdagyň dag gerişlerinde hem-de jülgelerinde ösýän ägirt uly, onlarça we ýüzlerçe ýaşly pürli, ýaprakly agaçlar köpdür. Muňa Bäherden etrabynyň Nohur obasyndaky ýaşy 500 ýyldan hem geçýän çynar agajyny mysal görkezmek bolar. Bu äpet çynar agajynyň we Köýtendag etrabynyň Köýten obasynda ösýän çynaryň daşky görnüşiniň meňzeşligi hem tebigy täsinlikleriň biridir. Köýten we Nohur obalarynda ösýän çynar agaçlarynyň töwereginde geçirilen howanyň dozimetrik barlaglary bu ýerleriň howasynyň gamma-şöhlelenmesiniň bahasynyň kabul edilen ülňüleriň çäklerindedigini görkezdi. Bu ýerleriň topraklaryndan alnan nusgalyklarynda radiý-226 (226Ra), toriý-232 (232Th) we kaliý-40 (40K) elementleriniň udel işjeňligi gamma-spektrometrik usuly bilen kesgitlendi. Ilkinji gezek alnan netijeler olaryň udel işjeňliginiň kadaly ýagdaýdadygyny görkezdi.

Şeýle tebigy täsinlikleriň biri-de, Magtymguly etrabynyň Könekesir geňeşliginiň Çukurýurt obasyndaky garry tut agajydyr. Ýerli ilatyň aýtmagyna görä, bu agajyň ýaşy 500 ýyldan hem köpdür. Garry tut agajynyň ösýän ýerinden alnan topragyň nusgalygynyň düzümindäki kaliniň udel işjeňligi 596,7 Bk/kg-e deň boldy. 236Ra we 232Th radionuklidleriniň udel işjeňligi şeýle topraklara mahsus bolan baha gabat gelýär we dünýä ülňüleriniň çäklerinden çykmaýar. Bu ýerleriň dag gerişlerindäki daşy ýaryp çykan arça agaçlary hem tebigatyň täsinligi hökmünde gezelenç edýänleriň ünsüni özüne çekýär. Şeýle hem, bu ýerdäki jülgeleriň birinde geçirilen radiometrik barlaglar toprakdaky kaliniň udel işjeňliginiň 40K=552,3-den 40K=600,0 Bk/kg-e çenli we ondan hem geçýän ýerleriniň bardygyny görkezdi (dünýä ülňülerine görä, -nyň toprakdaky bahasy 100-700 Bk/kg). 236Ra-nyň we 232Th-niň udel işjeňligi hem oňaýly ýagdaýdaky baha deň boldy.

Radionuklidler darganda, olaryň alfa (α), beta (β) bölejikleri we gamma (γ) şöhlelenmesi gazlaryň, suwlaryň, topraklaryň üznüksiz ionlaşmagyny amala aşyrýar. Ra darganda, radon-222 (222Rn) we 232Th darganda, toron-220 (220Tn) emele gelýär. Bu izotoplar gaz halynda bolup, dag jynslaryndan we toprakdan howa düşýärler hem-de howany ionlaşdyrýarlar. Olar howany esasy ionlaşdyryjylardyr. Ýeňil otrisatel ionlar ösümlikleriň ösüşinde, olaryň dürli kesellere garşy durnuklylygynda, haýwanlaryň we adamlaryň saglygy üçin hem möhüm ähmiýete eýedir. Şeýlelikde, barlag geçirilen ýerlerde ösümlikleriň ýaşaýsy üçin gerek bolan tebigy radionuklidleriň (226Ra, 232Th we 40K) derejesi oňaýly baha deň diýip çak etmek bolar.

Radioelementleriň arasynda kaliý-40 has köp ýaýranydyr. Tebigatda onuň üç izotopy bolup, olar kaliý-39, kaliý-40, kaliý-41 we biri-birleri bilen 93,08:0,0119:6,91 gatnaşyk arkaly baglanyşyklydyr. Kaliý-40 durnuksyz bolup, darganda, ortaça, energiýasy Е=0,541 MeW-e deň bolan beta şöhlelenmesini (89%) goýbermek bilen, () kalsiý-40 () elementine, elektrony tutmak bilen () bolsa, argon-40 () elementine öwrülýär. Ýadro energiýasy 1,46 MeW bolan gamma (11%) kwantyny goýberýär we durnukly ýagdaýa geçýär. Bu ýerden elementiniň howanyň ionlaşmagynda, esasan-da, otrisatel ionlar bilen baýlaşmagynda ornunyň uludygyny bellemek gerek, ýagny elektronlaryň akymy kislorodyň molekulalary bilen birleşip (), otrisatel zarýadlanan ionlary döredýär. Otrisatel ionlar gowşak antibiotikler ýaly täsir edýärler, bakteriýalary ýok edýärler, köp ýokanç keselleri (infeksiýa) döredijileriň ösüşine böwet bolýarlar. Şeýle hem, düzüminde kaliý-40 ýokary derejede bolan topraklar kalsiý-40 elementine hem baýdyr diýmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa kalsiý-40 elementiniň ýokary derejesi bolan toprakly ýerleri gamma-spektrometrik usulynyň kömegi bilen gözlemäge (ykdysady taýdan amatly usul hökmünde) mümkinçilik berer. Şeýle-de, köp ýaşly agaçlaryň ösýän ýerlerinde radiometrik barlaglary geçirmek olaryň kesellere durnuklylygynyň sebäpleri we ösüşleri baradaky ylmy maglumatlary toplamaga ýardam berer.

 

Jumanazar Işangulyýew, Nurberdi Nurberdiýew,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti.