Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň işi üstünlikli kämilleşdirilýär

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda geljegimiz bolan ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, dünýäniň barha ösýän täze tehnologiýalaryndan baş çykarmagy we ynsanperwerligiň, zähmetsöýerligiň belent ruhunda terbiýelenmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär.

Bilim we ylym, edep-ekram düşünjeleri ynsanyň iň gowy gylyk-häsiýetlerini, belent adamkärçiligini, ahlak sypatlaryny özünde jemleýär. Olar jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň görnüşini kesgitleýär. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda, bilim ulgamy düýpli kämilleşdirilýär. Döwlet okuw-terbiýeçilik işleriniň esaslary, wezipeleri, görnüşleri, usullary yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Maşgalanyň, bilim ojaklarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň özara sazlaşykly gatnaşyklaryny pugtalandyrmak ugrunda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň okuw mekdepleriniň bütindünýä internet ulgamyna elýeterliligini giňeltmek boýunça öňde durýan wezipelere aýratyn ähmiýet berýär. Bu edaralaryň kompýuterler, multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilmegi, IT meýdançalarynyň döredilmegi okatmagyň öňdebaryjy usullaryny ulanmak arkaly sapaklary döwrebap guramaga mümkinçilik berýär. Olaryň internete elýeterliliginiň üpjün edilmegi bolsa okuw işini ýokary derejede guramaga hem-de hünärmenleri taýýarlamagy halkara ölçegleriň talaplaryna laýyk getirmäge mümkinçilikleri açýar. Şeýle mümkinçilikleriň döredilmeginde sanly ulgamyň hyzmatyna aýratyn üns berilýär. Ýaşlarda sanly ulgam bilen işlemäge  bolan ukyby kemala getirmekde maglumat tehnologiýalarynyň orny uludyr. Bu ugurdaky işleriň yzygiderli kämilleşdirilmegi üçin, onuň resminamalaýyn esaslarynyň berkidilýändigini hem bellemelidiris.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýaňy-ýakynda “Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň meseleleri hakynda” Karara gol çekmegi Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň işini has-da kämilleşdirmegi maksat edinýär. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Bilim minisrtliginiň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklandy we öňki bar bolan bölümlerden başga-da, “Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy” atly täze bölüm açyldy.

Mälim bolşy ýaly,  bilim ulgamyny sanlylaşdyrmak işlerini durmuşa geçirmek, ondaky ýüze çykyp biljek töwekgelçilikleri çaklamak, maglumatlary goramak möhüm wezipe bolup durýar. Bu bolsa, öz gezeginde, sanly  bilimiň şertlerinde maglumat howpsuzlygyny üpjün etmegiň öňde durýan meseleleriniň oňyn çözülmegini talap edýär. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň  merkezi edarasynda täze açylan “Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy” atly bölüm maglumatlary goramak bilen baglanyşykly işleriň üstünlikli alnyp barylmagyna ýakyndan ýardam eder.

                                                      

                                                                         “BILIM” žurnaly.