Определились победители конкурса сочинений по английскому языку среди школьников

 

Aşgabat şäherindäki Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýen temada iňlis dilinde düzme ýazmak boýunça 8 — 11-nji synp mekdep okuwçylarynyň arasynda yglan edilen bäsleşigiň döwlet tapgyry geçirildi. Bu barada «Mugallymlar gazeti» gazetinde habar berilýär.

Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolmagy başaran okuwçylar gatnaşdylar. Onuň düzgünnamasyna laýyklykda, okuwçylar zehin we döredijilik başarnyklaryny ýüze çykardylar. Eminler toparynyň gelen netijelerine görä, baş baýraga Aşgabat şäher häkimliginiň 21-nji ýöriteleşdirilen terbiýeçilik-okuw mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy S.Seýitgeldiýew mynasyp boldy. Birinji orna Balkanabat şäherindäki iňlis dili, fizika we matematika derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy I.Musaýew, ikinji orna Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen «Bagtyýar nesiller» atly 74-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy S.Allanazarow we Gökdepe etrabyndaky 5-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy O.Baýramberdiýewa, üçünji orna Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 10-njy synp okuwçysy J.Ýaýlymowa, Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 30-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy B.Baltaýew, Ýolöten etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy I.Guseýinowa, Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 10-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy M.Bekçanow dagy mynasyp görüldi.

Ýeňijilere bäsleşigi guraýjylar tarapyndan diplomlar we sowgatlar gowşuryldy.

Maglumat şu salgydan alyndy —  https://turkmenportal.com/tm/blog/44306/mekdep-okuwchylarynyn-arasynda-inlis-dilinde-duzme-yazmak-boyuncha-basleshigin-yenijileri-kesgitlendi