В Туркменистане проходят районные этапы конкурса «Учитель года – 2022»

 

2022-nji ýylda Türkmenistanda öňdebaryjy bilim işgärlerini ýüze çykarmak we höweslendirmek, olaryň döwrebap iş usullaryny ýaýratmak maksady bilen bilim işgärleriniň arasynda yglan edilen «Ýylyň mugallymy — 2022» atly bäsleşigiň Ahal welaýatynyň Kaka etrap tapgyry guramaçylykly geçirildi. Etrapdaky 14-nji orta mekdepde geçirilen bäsleşigiň bu tapgyry etrap bilim bölümi hem-de Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşi tarapyndan guraldy. Oňa bilim işgärleri gatnaşdy.

«Ahal durmuşy» welaýat gazetiniň elektron saýtynda habar berlişi ýaly, bäsleşige gatnaşyjy mekdep mugallymlary ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermek, okatmagyň öňdebaryjy iş usullaryndan peýdalanmak, sapaga döredijilikli çemeleşmek hem-de netijeliligini gazanmak babatdaky ukyp-başarnygyny degişli çykyşlaryň we işjeň sapagyň üsti bilen aýan etdiler. Bäsleşigiň etrap tapgyrynyň ahyrynda eminler toparynyň gelen netijesine laýyklykda, etrapdaky 17-nji orta mekdebiň mugallymy Dünýä Annaýewa ýeňiji boldy hem-de bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.

Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabyndaky 19-njy orta mekdepde hem «Ýylyň mugallymy — 2022» atly bäsleşigiň etrap tapgyry geçirilip, oňa etrabyň dürli mekdeplerinden mugallymlar gatnaşdy. Etrap bilim bölümi hem-de Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşi tarapyndan bilelikde guralan mugallymlaryň hünär bäsleşigi bilim işgärleri üçin özboluşly synaga öwrüldi.

Mekdep mugallymlary bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, ösüp gelýän ýaş nesli döwrebap bilim-terbiýe bermekde, okatmagyň öňdebaryjy iş usullaryndan peýdalanmakda, sapaga döredijilikli çemeleşmekde hem-de onuň netijeliligini gazanmakda ukyp-başarnygyny ýüze çykarmaga çalyşdylar. Bäsleşigiň netijesinde etrapdaky 17-nji orta mekdebiň mugallymy Jeýhun Çaryýew birinji, 3-nji orta mekdebiň mugallymy Ulugberdi Gurbannazarow ikinji, 20-nji orta mekdebiň mugallymy Aýgözel Atajanowa üçünji baýrakly orunlary eýelediler. Ýeňijilere etrabyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.

Maglumat şu salgydan alyndy — https://turkmenportal.com/tm/blog/44921/turkmenistanda-yylyn-mugallymy--2022-atly-basleshigin-etrap-tapgyrlary-gechirilyar