Deňiz ulaglarynda ýük-konteýner daşamalary: «Demerrej» we «detenşen» adalgalarynyň manysy

 

Deňiz portuna ýükli ýa-da ýüksüz gelýän konteýnerler ol ýerde ýüküni düşürmän we ýüklemän uzak wagtlap durup bilmeýär. Ýagny, bu ýagdaýda olar belli bir wagt çäginde portda tölegsiz durup biler, emma bu wagtyň möhleti dolsa konteýneriň her duran gije-gündizi üçin goşmaça ýygym tutulýar ýa-da jerime salynýar. Bu bolsa öz gezeginde «demerrej» (demurrage) diýlip atlandyrylýar. Gäminiň ýüki düşürmegine ýa ýüklenmegine garaşyp, kesgitli wagt araçäginde portda durýan wagty bolsa «demir möhlet» hökmünde hasap edilýär. Bu kadaly möhletiň ýokary derejesi ilkibaşda kärhanalaryň arasynda baglaşylan şertnamada kesgitlenen nyrhnamalara laýyklykda tölenmelidir. Gämini düşürmekde/ýüklemekde gijä galnan ýagdaýynda frahtçy tarapyndan (gämini hakyna tutýan adam) gäminiň eýesine jerime tölenýär.

Bu işler gäminiň eýesiniň flotuny diňe bir ýük daşaýjy gämiden ybarat bolan ýagdaýynda hem flotuny saklamak üçin ep-esli maliýe çykdajylaryny öz üstüne alýandygy sebäpli amal edilýär. Çykdajylara ýangyç satyn almak, hyzmat etmek, işgärleriň işi we işgärleriň haklary degişlidir. Portda gäminiň işsiz durmagy diňe bir wagtyň ýitirilmegi bolman, eýsem pul çykdajysyny hem aňladýar.

Demerrej eýýäm gäminiň bellige alyş portuna gaýdyp gelen mahalyndan hasaplanylýar.

«Detenşen» adalgasy hem demerrej düşünjesine kybapdaş bolup, mazmuny taýdan tapawutlanýar. Ýagny, ol gäminiň tutuş özi bilen bagly bolman, eýsem ýük konteýnerine degişlidir. Bu hem özboluşly jerime bolup, kärendesine alnan konteýneriň ýük terminalyndan daşynda saklanmagy üçin tölenýär. Ýük eltilenden soň, boş konteýneri eýesine dolamak üçin kesgitli möhlet berilýär. Şoňa görä-de, her günde bellenilen wagtdan geçen zatlaryň ählisine detenşen diýilýän jerime salynýar. Bu ýagdaýda konteýneri kärendesine alýan onuň eýesine jerime töleýär. Jerime önümleri import etmek we eksport etmek üçin tölenip bilner. Detenşeniň mukdary ozal baglaşylan şertnama laýyklykda konteýneriň görnüşine görä kesgitlenilýär.

Kähalatda demerrej bilen detenşen tölegi düşnüksizligi döredýär, eger-de eýýäm ýüklenen konteýner boş bolsa we gämini ýüklemekde gijä galnan bolsa, onda detenşen hasaplanmaýar, diňe demerrej hasaplanylýar.

Gäminiň ýa-da konteýneriň eglenilmegi dürli ýagdaýlar sebäpli, käte kärendesine alýanyň günäsi bilen, kähalatda bolsa frahtçynyň günäsi bilen ýa-da başga sebäplere görä bolup bilýär.

Gämi ýa-da konteýner şu şertlerde eglenip biler:

  • Resminamalar düzedilende eglenilip bilner;
  • Resminamalarda ýalňyşylmagy we onuň bilen bagly harajatlar ýüze çykanda;
  • Gümrük barlagynda meseleleriň ýüze çykmagy;
  • Ýüküň daşalmagynda wagtyň ýalňyş hasaplanylmagy (ýüküň ugradylýan ýeri bilen eltilmeli ýeri uzak bolanda);
  • Ýük ýüklenilýän terminalda boş ýerleriň bolmadyk ýagdaýynda;

Gäminiň tehniki ýagdaýy bilen bagly meseleler demerrejiň mukdaryna täsirini ýetirmeýär.

Portda gäminiň eglenmegi ýa-da kärendesine alnan konteýnerleriň gijikdirilmegi bilen baglanyşykly ýüze çykjak kynçylyklaryň öňüni almak üçin ýükleri eltmegiň ugruna üns bermeli we onuň resminamalarynyň takyk taýýarlanmagy zerurdyr. «Hazar logistik» ulag-logistika kärhanasynda ulagyň ähli görnüşleri, şol sanda deňiz ulaglary arkaly ýük daşamakda iş ýollaryny gurmakda, şeýle hem ähli gümrük we beýleki resminamalary gaýtadan işlemekde uly tejribesi bolan hünärmenler zähmet çekýär.

 

 

 

 

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Deňiz ulaglarynda ýük-konteýner daşamalary: «Demerrej» we «detenşen» adalgalarynyň manysy (turkmenportal.com)