TÜRKMENISTANYŇ BILIM MINISTRLIGI 2022/2023-nji okuw ýyly üçin Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine  ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş işini geçirýär


TÜRKMENISTANYŇ BILIM MINISTRLIGI
2022/2023-nji okuw ýyly üçin Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine  ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş işini geçirýär

Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik hem-de 18 ýaşy dolan, iňlis dilini bilýän Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Hünärleriň sanawy, Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça okuwa kabul etmegiň sany, şeýle hem okuwyň şertleri baradaky maglumatlary kabul ediş toparyndan alyp bolar.
Resmi iş kagyzlary 2022-nji ýylyň 16-24-nji maýy aralygynda şu aşakdaky bilim edaralarynda kabul edilýär:
-    Aşgabat şäherinden we Ahal welaýatyndan dalaşgärler üçin Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde;
-     Balkan welaýatyndan dalaşgärler üçin Balkanabat şäherindäki tebigy ugurly dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebinde;
-    Daşoguz welaýatyndan dalaşgärler üçin Türkmen oba hojalyk institutynda;
-    Lebap welaýatyndan dalaşgärler üçin Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda;
-     Mary welaýatyndan dalaşgärler üçin Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
- Türkmenistanyň raýaty üçin bellenen nusga boýunça arza we sowalnama;
- umumy orta bilim ýa-da orta hünär bilimi baradaky resminamanyň  asyl nusgasy;
- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenen nusgadaky saglyk güwänamasy (Türkmenistanyň çäginden daşardaky ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmäge dalaş edýän raýatlaryň saglyk güwänamasy);
-  COVID-19-a garşy sanjym geçirilendigi baradaky kepilnamasy;
- soňky okan ýa-da işlän ýerinden (harby bölümden) häsiýetnama;
- 3x4 sm ölçegde on iki sany fotosurat;
- işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
-giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda döwlet orta we ýokary hünär bilim edaralaryna kabul edilende artykmaçlyklardan peýdalanýan mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.  
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde kabul ediş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
-Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny hem-de Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyny;
- Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.
Resminamalary kabul ediş topary zerur bolan halatynda dalaşgärden goşmaça maglumatlary sorap biler.
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we seçip alyş işi 2022-nji ýylyň 27-30-njy maýy aralygynda şu aşakdaky bilim edaralarynda geçirilýär:
-    Aşgabat şäherinden we Ahal welaýatyndan dalaşgärler üçin Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde;
-    Balkan welaýatyndan dalaşgärler üçin Balkanabat şäherindäki tebigy ugurly dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebinde;
-    Daşoguz welaýatyndan dalaşgärler üçin Türkmen oba hojalyk institutynda;
-    Lebap welaýatyndan dalaşgärler üçin Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda;
-    Mary welaýatyndan dalaşgärler üçin Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda.
Giriş synaglary umumybilim berýän mekdeplerde okadylýan derslerden test, şeýle hem Türkmenistanyň taryhyndan söhbetdeşlik  görnüşinde geçirilýär. 
Test – ýazmaça, söhbetdeşlik – dilden Türkmenistanyň döwlet dilinde geçirilýär. 
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaglara gelip bilmedikler ýa-da synaglaryň birinden geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Resminamalaryň kabul edýän okuw jaýlarynyň salgysy:

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň salgysy:
Aşgabat ş., Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 31,
tel.: (+993 12) 94-69-90, 94-54-29.

Balkanabat şäherindäki tebigy ugurly dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebiň salgysy:
Balkan welaýaty, Balkanabat ş., 14-nji ýaşaýyş jaý toplumy,
tel.: (+993 222) 2-07-08, 2-07-06

Türkmen oba hojalyk institutynyň salgysy:
Daşoguz welaýaty, Daşoguz ş., Ruhnama köçesi, 94-nji jaý,
tel.: (+993 322) 9-33-92, 9-27-47

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň salgysy:
Lebap welaýaty, Türkmenabat ş., Şabende köçesi, 7-nji jaý;
tel.:   (+993 422) 3-66-30, 3-65-87

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň salgysy:
Mary welaýaty, Mary ş., Baýramhan köçesi, 62-nji jaý,
tel.: (+993 522) 5-75-02, 5-75-17