DÜNÝÄ ÖSÜŞINIŇ TÄZE TAPGYRLARYNDA TÜRKMENISTANYŇ ILERI TUTÝAN UGURLARY
Türkmenistan çylşyrymly ösýän häzirki dünýäniň sebitlerinde we yklymlarynda ýüze çykýan oňaýsyz syýasy wakalara garamazdan, Bitaraplyk halkara hukuk derejesine esaslanýan daşary syýasat ugry bilen, parahatçylyk söýüji döwletleriň gapma-garşylyklara, guramaçylykly jenaýatçylyga, içerki hem daşarky howplara garşy göreşde jebisliginiň strategiýasyny işläp taýýarlamagyň zerurdygyny öňe sürýär we bu ugurda täze giňişlikleri döretmäge taýýardygyny mälim edýär.
Üstümizdäki ýylyň sentýabr aýynyň syýasy wakalary, hususan-da, döwlet gurluşyny berkitmegiň we jemgyýetçilik durmuşyny özgertmegiň içerki meseleleriniň maslahatly çözgütleri, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna iş sapary, şonuň barşynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) ýokary Geňeşiniň mejlisine gatnaşýan döwlet Baştutanlary bilen geçiren duşuşyklary, şu guramanyň sammitinde eden taryhy çykyşy onuň parasatly döwlet ýolbaşçysy we jemgyýetçilik işgäri hökmünde abraý-mertebesini tutuş äşgärligi bilen ýüze çykardy. Mälim bolşy ýaly, biziň ýurdumyz ŞHG bilen söwda-ykdysady, ulag-üstaşyr, ýangyç-energetika ulgamlarynda hususyýetçiligi, telekeçiligi ösdürmek üçin şertleri döretmek baradaky hyzmatdaşlykda işjeň orny eýeleýär. Dost-doganlyk gatnaşyklarynda guralýan hyzmatdaşlyk ýurtlaryň çig mal serişdelerini senagat esasynda gaýtadan işlemäge, täze-täze önümleri öndürmäge, innowasion önümçiligi guramagyň baý tejribesini ýaýratmaga, tebigy baýlyklary özara bähbitli gatnaşlyklarda paýlaşmagyň mehanizmini täze derejelere çykarmaga mümkinçilik berýär. Türkmenistan harytlaryny we hyzmatlaryny sebitlere we yklymlara çykarmagyň täze üstaşyr ugurlaryny ŞHG-ä agza döwletleriň bähbitlerine laýyklykda döretmäge taýýardygyny mälim edýär.
Biziň ýurdumyzyň ýangyç-energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň baý tejribesi halkara derejesinde ykrar edilendir we BMG-niň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýalary bilen berkidilendir. Türkmenistanyň tebigy gaz ýangyjy dünýäniň iň gadymy we köpmilletli ýurdy Çyn-Maçyna Türkmenistan – Hytaý gaz geçirijisi boýunça eksport edilýär. “Asyryň desgasy” adyna eýe bolan bu transmilli gaz geçirijisiniň uzynlygy dünýäde deňi-taýy bolmadyk çäge – 7 müň kilometre uzaýar. Onuň ýyllyk kuwwaty, taslamada bellenen möçbere laýyklykda, 65 milliard kub metr gaza barabardyr. Gazyň ätiýaçlyk tranzit gory Lebap welaýatynyň Samandepe, Mary welaýatynyň Ýaşlar, Ýolöten we beýleki gaz känlerinden alynýar.
Samandepe gaz ýatagynyň şertnamalaýyn Bagtyýarlyk meýdançasyndan gözbaş alýan “Türkmenistan – Hytaý” gaz geçirijisi 2009-njy ýylyň 14-nji dekabrynda bu iri taslamany amala aşyran ýurtlaryň dördüsiniň: Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň ak pata bermeginde işe girizildi. Agzalan döwletleriň Baştutanlarynyň syýasy erki hem milli ykdysadyýetiniň mümkinçilikleri bilen döredilen we işe girizilen bu transaziýa gaz geçirijisi diňe bir taslama gatnaşýan döwletleriň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, ynsanlaryň ojaklarynyň ýylylygyny, senagat kärhanalarynyň çig mala bolan islegini, sebitiň ekologik, tebigy we tehnogen howpsuzlygyny, terrorçylykly hereketler bilen partladylmazlygyny, ogurlanmazlygyny üpjün etmekde ýurtlaryň jogapkärçiligini ýokarlandyrýar, şunuň bilen birlikde, dünýäniň ählumumy abadançylygynyň, parahatçylygynyň iri düzüm bölegine öwrülýär. Ýönekeýleşdirilip aýdylanda, taslama gatnaşýan döwletleriň bu baý tejribesi dünýäniň parahatçylygynyň goraglylygyna, umumadamzadyň howpsuzlygynyň üpjünçiligine gönükdirilen täze strategik guralyna öwrülip, taryha girdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ŞHG-niň sammitinde çuň mazmunly umumadamzat bähbitli möhüm meseleleriň çözgüdini ýadawsyz gözleýän ýaş syýasatçy we sowatly döwlet Ýolbaşçysy hökmünde çykyş edendigi dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde aýdyldy. Döwlet Baştutanymyz çykyşynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge geljege düşünmegiň, möhüm taslamalary uzakmöhletleýin maksatlara gönükdirmegiň nyşany hökmünde garaýandygyny, bu guramanyň Ýewraziýada ýurtlaryň parahatçylygynyň, durnukly ösüşiniň, özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň giňişligini döretmekde örän uly hyzmatlara eýedigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz çykyşynda Türkmenistanyň ulag-üstaşyr geçelgeleriniň sebitlere we yklymlara çykmaga mümkinçilikleriniň uludygyny belläp, gojaman Hazaryň türkmen kenaryndaky Türkmenbaşy şäheriniň döwrebap, köpugurly Halkara deňiz portunyň möhüm orny eýeleýändigine ünsi çekip, Hytaý – Merkezi Aziýa, Hazar deňzi – Gara deňiz ugry boýunça üstaşyr ulag geçelgelerini, logistik merkezlerini döretmekde ŞHG-niň işjeň gatnaşmagynyň maksadalaýyk boljakdygyna ynam bildirdi. Şunuň bilen birlikde, gyzyklanma bildirýän taraplar bilen Russiýanyň Baltika deňzindäki portlaryndan Pars aýlagyndaky, Arap deňzi we Hindi ummanyndaky deňiz terminallaryna çenli ýük daşamalary üpjün edýän ulag geçelgeleriniň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça Türkmenistanyň hemişe taýýardygyny aýtdy.
ŞHG bilen Türkmenistanyň medeniýet, ylym, bilim, ynsanperwerlik ulgamlaryndaky netijeli gatnaşyklarynyň bu gurama bilen giň hyzmatdaşlyga eýedigi dogrusynda hem anyk mysallar getirildi. Ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň köpasyrlyk taryhy tejribesi häzirki döwürde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Döwlet Baştutanymyz ŞHG-niň sammitinde eden çykyşynyň ahyrynda bu gurama agza döwletler bilen ýakyn dost-doganlyk gatnaşyklarynyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň dünýä ösüşiniň täze tapgyrlarynda ileri tutulýan ugrudygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny nygtady.
Halkara durmuşynyň möhüm meselelerine dünýäniň döwletleriniň gatnaşmaklarynda garaýan we degişli çözgütleri kabul edýän Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 77-nji mejlisinde Türkmenistan dünýäniň ösüşiniň häzirki ugurlaryna degişli täze başlangyçlaryny we tekliplerini öňe sürdi. Şeýle hem mejlisde ýurduň içeri we daşary syýasatynda alnyp barylýan işler barada habar berildi. Şol beýanda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna kabul edileninden bäri geçen 30 ýylyň dowamynda halkara gatnaşyklarynda saýlap alan esasy ugrunyň
ählumumy pugta we uzakmöhletleýin parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmekden ybarat bolandygy bellenilýär.
Türkmenistan dünýäniň ösüşiniň çylşyrymly häzirki döwründe parahatçylygy gorap saklamak we ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek ulgamyndaky meseleler boýunça dialogyň binýadyny döretmegiň we onuň medeniýetini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny öňe sürýär. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2022-nji ýylyň 28-nji iýulynda kabul edilen “Merkezi Aziýa – parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy” atly Kararnamanyň ähmiýetine aýratyn ünsi çekip, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisiniň garamagyna 2025-nji ýyly “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek baradaky teklibini hödürledi. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan Merkezi Aziýanyň häzirki dünýäniň ösüşinde möhüm sebite öwrülendigini nazara alyp, Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Aşgabatdaky sebit merkeziniň döredilmeginiň 15 ýyllygynyň şu ýylyň dekabrynda dabaraly belleniljek ýubileýine görülýän taýýarlygyň çäginde Baş Assambleýanyň garamagyna bu merkeziň orny hakyndaky nobatdaky Kararnamanyň taslamasyny hem hödürledi. Hödürlenen taslamada soňky ýyllaryň möhüm wakalary, şol sanda, “Merkezi Aziýanyň parahatçylygyň, ynanyşmagyň we hyzmatdaşlygyň zolagy” diýip yglan edilenligi bilen baglanyşykly syýasy wakalar öz beýanyny tapýar.
Häzirki dünýäniň, şol sanda, Merkezi Aziýanyň ösüşiniň aýratynlyklary sebit merkeziniň wezipesiniň çägini giňeldýär we jogapkärçiligini ýokarlandyrýar. Merkezi Aziýanyň parahatçylygyň, ynanyşmagyň we hyzmatdaşlygyň zolagy derejesine eýe bolmagy bilen ýurtlaryň arasyndaky düşünişmezlik, gapma-garşylykly garaýyşlar aradan aýrylýar, hyzmatdaşlygyň taraplara bähbitliliginiň derejesi ýokarlanýar. Şeýlelikde, Türkmenistan halkara gatnaşyklarynda ynanyşmak dialogynyň medeniýetini ýokarlandyrmagy goldamak bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň “Dialog – parahatçylygyň kepili” atly Kararnamasynyň taslamasyny işläp taýýarlamagyň başyny başlaýjysy bolmagyny göz öňünde tutýandygyny şu taryhy mejlisde beýan etdi.
Türkmenistan hyzmatdaşlygyň dialogynyň medeniýetini ýokarlandyrmagyň zerurdygy baradaky başlangyçlaryny dowam etdirip, Baş Assambleýanyň nobatdaky 77-nji mejlisiniň barşynda Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmagyň çäginde 2023-nji ýylda geçiriljek ýokary derejeli Syýasy forumda ikinji Milli syny bilen çykyş etjekdigini hem mälim etdi.
Biziň ýurdumyz sebitleriň we yklymlaryň hyzmatdaşlygyny ulag diplomatiýasynyň gurallary bilen ösdürmegiň zerurdygyny hem öňe sürýär we bu ugurda halkara geçelgelerini, ara ýollaryny döretmegi yzygiderli dowam etdirýär hem-de oňyn netijeleri gazanýar. Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahatlary, halkara forumlary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirýär. Hususan-da, şu ýylyň 15 – 16-njy awgustynda Türkmenbaşy şäherinde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň maslahaty geçirildi. Onuň netijelerini umumylaşdyrmak boýunça degişli resminamalar taýýarlanyldy.
Häzirki döwürde Türkmenistanyň çäginden dünýäniň yklymlaryna howa, demir, suw hem-de gara ýollaryň ugurlaryndaky logistik merkezleriň üsti bilen dünýäniň ýurtlarynyň ýükleri päsgelçiliksiz daşalýar. Munuň özi Türkmenistanyň dünýäniň syýasy giňişliginde ornuny berkidýär, hyzmatdaşlyga isleg bildirýän ýurtlara gümrük, wiza salgytlary we beýleki tölegler boýunça ýeňillikler berilýär. Ýükleriň ogurlanmazlygyna, ammarlarda saklanmagyna, zaýalanmazlygyna we gysga wagtda gerekli ýerine eltilmegine, daşalmagyna döwlet kepil geçýär.
Birleşen Milletler Guramasynyň 77-nji mejlisiniň barşynda dem alýan howamyzyň arassalygy ugrunda döwletleriň we halkara guramalaryň wezipeleri baradaky meselelere hem garaldy. Daşky gurşawyň abadançylygyny we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde Türkmenistanyň hyzmatdaş ýurtlar bilen amala aşyrýan işleriniň oňat netije berýändigi barada aýdyldy. Biziň ýurdumyz Aralyň howpsuzlygynyň meselesini Birleşen Milletler Guramasynyň işiniň aýratyn ugry hasaplaýar. Türkmenistan 2023-nji ýylyň maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa – Ýuwaş ummany sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň şu guramanyň Aral deňzi üçin Ýörite maksatnamasyny döretmek baradaky Kararnamasynyň taslamasy boýunça gepleşikleri dowam etdirmegi maksat edinýär.
Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň şu mejlisinde bu guramanyň howandarlygynda pes uglerodly energetikadan peýdalanmak boýunça ählumumy strategiýany, hususan-da, wodorod energetikasyny ösdürmekde halkara “Ýol kartasyny” işläp taýýarlamak baradaky teklibini gaýtadan öňe sürdi.
Umuman, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisinde beýan eden başlangyçlary, ileri tutýan ugurlary halkara hukugynyň kadalaryna üýtgewsiz ygrarlylygynyň, Durnukly ösüşiň maksatlaryny ýerine ýetirmek ugrunda işjeň hyzmatdaşlyklary anyk diplomatik gurallarda we täze dünýägaraýyş esaslarynda alyp barýandygynyň aýdyň beýany boldy.
Aşyrgeldi Ataýew “Bilim” žurnalynyň bölüm redaktory