Umumybilim berýän mekdeplerde “Innowasiýa” düşünjesini ornaşdyrmagyň tejribesinden

     Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde bilim ulgamynyň binýady ýylsaýyn berkidilýär. “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda: “Bilimi kämilleşdirmek jemgyýetiň ruhy, durmuş, ykdysady, medeni ösüşiniň binýady hökmünde Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar” diýip kesgitlenilýär. Bu Kanun kabul edilen gününden başlap, döwlet syýasatynyň bilim ulgamyny ösdürmek baradaky ýörelgelerini, maksadyny, hyzmatyny we bu ulgamy dolandyrmagyň tertibini kesgitledi. Bu bolsa milli bilim ulgamynyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrülendigini aňladýar we bu ulgamda “innowasiýa”, “innowasion bilim tehnologiýalary” ýaly düşünjeler işjeň ornaşdyrylýar.

      Innowasiýa tehnologiýalaryny bilim ulgamynda ýerli-ýerinde ulanmakda, olary usuly taýdan dogry peýdalanmakda okuwçy üçin görelde hem-de janly görkeziji mugallymyň özüdir. Şonuň üçin hem, mugallym “innowasiýa” sözüniň manysyna doly hem-de dogry düşünmelidir.
“Innowasiýa” latyn sözi bolup, “täzelige giriş”, “täzeligi öwreniş”, “täzeçillik”, “täzeleme”, “täzelik girizme”, “özgertme” diýen manylarda ulanylýar. “Innowasiýa” düşünjesi bellibir maksada gönükdirilen işi täzeçil, döwrebap ýerine ýetirmekdir. Islendik iş özgerdilip, täzeliklere esaslanyp, innowasiýa daýanyp, döwrebaplaşdyrylyp bilner. Şol sanda, bilim ulgamynyň işi hem bilim ulgamyndaky innowasiýalar esasynda alnyp barlyp bilner.

     Mekdepde mugallymlaryň taýýarlyk derejesine hem-de bilim edarasynyň elektron serişdelerini ulanmak mümkinçiliklerine baglylykda,  innowasion tehnologiýalaryň dürli görnüşleri ulanylýar. Olaryň mysallarynyň biri hökmünde, öwrediji oýunlara esaslanýan tehnologiýalary görkezmek bolar. Bu tehnologiýa bilim beriş işine giňden ýaýran tehnologiýadyr.

  • Şahsyýete gönükdirilen okuw usulyýeti okuwçylaryň öz-özüne baha bermesi üçin şert döredýär. Bu usulyň netijeli ulanylmagy üçin, saýlama okuwlar alnyp barylýar.
  • Ähli derslerde saglygy goraýyş häsiýetli işler alnyp barylýar, ýagny okuwyň barşynda çaganyň saglygyna zeper ýetirip biljek  usullar ulanylmaýar.
  • Taslama-barlag tehnologiýasy okuwçylaryň işjeňligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Bu tehnologiýadan peýdalanylanda, okuwçy maglumat toplamagyň, olary umumylaşdyrmagyň usulyýetiniň ilkinji endiklerini ele alýar.
  • Toplumlaýyn modul tehnologiýasy çagalarda özbaşdak işlemegiň endiklerini ösdürmäge gönükdirilendir. Mysal üçin, okuwçy özbaşdak görkezme esbaplaryny ýasamak, döredijilik häsiýetli işleri ýerine ýetirmek, dürli kynçylykly gönükmeleri işlemek, maglumaty özbaşdak gözlemek we ş.m. işleri ýerine ýetirýär. Şeýlelikde, innowasiýa-barlag tehnologiýalarynyň okuwyň dowamynda ulanylmagy  sapakda didaktiki materiallaryň dürli görnüşini peýdalanmaga,  synpyň okuwçylarynyň ählisiniň ünsüni sapakda jemlemäge mümkinçilik berýär.

Başgaça aýdylanda, okuwyň dowamyna innowasion tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagy:

  • okuwçylaryň akyl ýetiriş häsiýetini işjeňleşdirýär;
  • okuwçy üçin amatly psihologik ýagdaýy döredýär, aýratyn hem mugallym bilen aragatnaşykda kynçylyklary aradan aýyrýar;
  • okuwçylary özbaşdak işlemäge höweslendirýär, netijede ýokary hilli we gyzykly ýerine ýetirilen işleriň sany köpelýär;
  • innowasion tehnologiýalar diňe bir okuwçylaryň däl-de, eýsem, mugallymlaryň hem zähmet öndürijiliginiň ýokarlanmagyny şertlendirýär.

Ýeri gelende aýtsak, maglumat tehnologiýalary serişdeleri mugallymyň synp ýolbaşçysy hökmünde alyp barýan işinde hem ýakyn kömekçidir.  Mugallym synpyň resminamalaryny ýöretmekde, synpdan daşary işleri alyp barmakda, tanyşdyryş sapaklaryny taýýarlamakda, ata-eneler bilen ýygnaklary geçirmekde, okuwçylaryň terbiýelenýän maşgalalary bilen ýakyn aragatnaşyk saklamakda, usuly geňeşleri we ş.m. işleri geçirmekde  olara bil baglap biler.

      Innowasiýalaryň okatmagyň barşynda öz dowamyny tapmagynyň ilkinji we esasy şertiniň mugallymlar köpçüligi tarapyndan ykrar edilip, tejribä ornaşdyrylmagydyr. Bilim ulgamyndaky innowasion tehnologiýalar bilim işini täzeçil guramak bolup durýar. Olar bilimi guramagyň ýörelgelerine, serişdelerine, usulyýetine we tehnologiýalaryna esaslanýar. Innowasiýalar arkaly ösüş häsiýetli bolan – bilimiň mümkin bolan ýokary (maksimal) derejesini bermek, okuwçynyň döredijilik işjeňliginiň ýokary derejesini gazanmak, amaly ýerine ýetirijiliginiň, öwrenmeginiň hem-de başarnyklylygynyň mümkin bolan (uly, giň) çägini döretmek göz öňünde tutulandyr. Innowasiýa ösüş häsiýetli bilim bermegiň maksady mekdep partasyndan başlap okuwçynyň işjeňliginiň, dörediji şahsyýet bolup ýetişmeginiň, özüniň okuw işini özbaşdak guramak, ykjamlaşdyrmak ukyplarynyň kemala getirilmegi we kämilleşdirilmegidir.

     Ýokarda getirilen düşünjeleriň okuwçylarda kemala getirilmegi hem-de ösdürilmegi üçin, umumybilim berýän mekdeplerde innowasion gurşawyň döredilmegi zerurdyr. Şeýle gurşaw ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerine kem-kemden ornaşdyrylýar. Eýýäm biziň mekdep durmuşymyzda “innowasiýalar”, “bilim tehnologiýalary”, “innowasiýa tehnologiýalary” ýaly düşünjeler ornaşdy. Innowasion tehnologiýalary mekdep tejribesiniň ornaşdyrylmagy indiki basgançagy “Sanly mekdep” düşünjesidir. “Sanly mekdep” bilim tehnologiýalaryny ulanyp, bilim işini döwrebap amala aşyrmagyň amaly netijeleriniň bir ýere jemlenmesidir.

      “Innowasiýalar” diýlende, ilki bilen, halkara tejribesiniň netijeleri göz öňümize gelýär. Halkara tejribesinde umumybilim edaralarynda innowasiýalary ornaşdyrmak, olardan peýdalanmak ýaly işleri amala aşyrmakda olaryň bellibir ulgama salnyşy, gurluşy, ornaşdyrylyşy,  amala aşyrylyşy, peýdalanylyşy babatda işjeň tejribeler bardyr. Şeýle tejribelere salgylanmak arkaly (umumybilim berýän mekdeplerde) innowasiýalary hem-de bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmagy kämilleşdirmek babatynda milli bilim ulgamynda hem anyk gazanylanlary görkezmek mümkin (1-nji çyzgy). Ony aşakdaky ýaly çyzgyda şekillendirmek maksadalaýykdyr.                                                                                  

1-nji çyzgy

     Türkmenistanda bilim edaralary üçin täze binalary gurmak bilen birlikde, olarda döwrebap tehniki serişdeleri ýerleşdirmek, dünýädäki netijeli tehnologiýalary mugallymlara elýeterli etmek, mugallymlaryň iş we ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak meselesi hem ünsden düşürilmeýär. Şu işleriň gözbaşynda duran hormatly Prezidentimiziň işleri hemişe rowaç bolsun.

Aşgabat şäheriniň Ata Gowşudow adyndaky 125-nji orta mekdebi