OKUWÇYLARYŇ YLMY-DÖREDIJILIK BÄSLEŞIKLERI

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 2020-nji ýylyň 2-nji dekabryndaky 264 belgili buýrugyna laýyklykda, umumybilim berýän ýöriteleşdirilen mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda 2021-nji ýylyň 9-10-njy martynda robot tehnikasy, takyk we tebigy ugurly okuw dersleri boýunça ylmy-döredijilik bäsleşiginiň döwlet tapgyry geçirildi. Bäsleşige 62 iş bilen 107 okuwçy gatnaşyp, olardan 19 iş bilen 32 okuwçy ýeňiji boldy. Şeýle hem, 7 iş bilen 13 okuwçy höweslendiriji baýraga eýe boldy. Ýeňiji bolan okuwçylaryň 6-sy I derejeli, 10-sy II derejeli, 16-sy III derejeli Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Diplomlary, höweslendiriji baýrak alan okuwçylar Minnetdarlyk hatlary hem-de gymmat bahaly baýraklar bilen sylaglandylar.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 2020-nji ýylyň 16-njy noýabryndaky 249 belgili buýrugyna laýyklykda, umumybilim berýän mekdep okuwçylarynyň arasynda 2021-nji ýylyň 15-16-njy martynda Taslamalar (ylmy-döredijilik) bäsleşikleriniň döwlet tapgyry takyk (matematika, fizika, informatika dersleri), tebigy (himiýa, biologiýa, geografiýa) we ynsanperwerlik (edebiýat, Türkmenistanyň taryhy dersleri) ugurlary boýunça geçirildi. Bäsleşige 86 sany taslama (ylmy-döredijilik) işleri bilen 139 okuwçy gatnaşyp, olardan 32 iş bilen 52 okuwçy ýeňiji boldy. Şonuň ýaly-da, 19 iş bilen 32 okuwçy höweslendiriji baýraga eýe boldy. Ýeňiji bolan okuwçylaryň 7-si I derejeli, 17-si II derejeli, 28-si III derejeli Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Diplomlary, höweslendiriji baýrak alan okuwçylar Minnetdarlyk hatlary hem-de gymmat bahaly baýraklar bilen sylaglandylar.

 

Orta bilim we terbiýeçilik işi bölümi