YKDYSADYÝETI SANLAŞDYRMAKDA BILIM ULGAMYNYŇ ORNY

Sanly tehnologiýalaryň durmuşa giňden ornaşmagy bilen, soňky döwürde işewürlikde we durmuşy gurşawda düýpli üýtgeşiklikler bolup geçýär. Sanly tehnologiýa emeli aňy, robot tehnikasyny, interneti, uzakdan dolandyrylýan serişdeleri we beýlekileri bir ulgama birleşdirýär. Şeýle tehnologiýalaryň işe girizilmegi zähmet öndürijiligini ýokarlandyrýar. Ýakyn geljekde sanly tehnologiýalaryň ulanylyşynyň netijeliliginiň artmagy aýry-aýry kompaniýalaryň hem ýurtlaryň halkara bäsdeşlige ukyplylygynyň esasy şertine öwrüler. Biziň ata Watanymyz hem döwrebap ösüşde dünýä ýurtlarynda dörän täzelikleri işe girizmekde we öz işlemeleri bilen dünýä giňişligine çykmakda mynasyp orny eýeleýär. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 – 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy” esasynda bilimlere we innowasiýalara daýanýan, ykdysady, durmuş we ekologiýa taýdan amatly tehnologiýalary özünde jemleýän, sanly ykdysadyýete uýgunlaşdyrylýan, adam maýasyna esaslanýan ykdysadyýeti kemala getirmeklige gönükdirilen täze ugur kesgitlenildi.

2020-nji ýylda bazar kapitallaşdyrylmasynyň görkezijisi boýunça düzülen dünýä derejelendirmesiniň (reýtinginiň) birinji onlugyna girýän zähmet toparlarynyň (kompaniýalarynyň) içinde 7-si maglumat tehnologiýalary bilen meşgullanýar. Sanly maglumatlaryň ösüş depginine bu ugurda bilermenler tarapyndan berilýän çaklamalardan hem göz ýetirmek mümkin. Olara laýyklykda, 2022-nji ýylda dünýä boýunça internet arkaly amala aşyryljak söwda ABŞ-nyň 2,5 trln dollaryna barabar bolar. Maglumatlardan belli bolşy ýaly, ХХI asyrda ýurduň ykdysady ösüşini üpjün etmek meselesi onuň maglumat-aragatnaşyk (telekommunikasiýa) babatda tehnologiýa garaşsyzlygy bilen kesgitlenilýär.

Soňky ýyllarda adama garaşsyz işleýän ulgamlar döräp başlady. Şeýle ulgamlarda ulanylýan enjamlar daşky ýagdaýlar baradaky maglumatlary toplap, internet arkaly emeli aň esasynda işleýän ulgamlara geçirýär, olar bolsa, öz gezeginde, maglumatlary seljerip, haýsy işi ýerine ýetirmelidigi baradaky buýrugy degişli enjama ýollaýar. Şeýle kadada adama garaşsyzlykda işleýän ulgamlar tarapyndan döredilýän maglumatlar “Zatlaryň interneti” diýlip atlandyrylýar.

Seagate we IDC iş toparlary tarapyndan bilelikde geçirilen seljermelere laýyklykda,
2018-nji ýylda dünýä boýunça sanly maglumatlaryň göwrümi 33 Zetabaýta deň bolan bolsa, 2025-nji ýylda bu görkeziji 175 Zetabaýta deň bolar diýlip çaklanylýar. Bu maglumatlaryň
95%-i “Zatlaryň internetiniň” paýyna düşer. Şeýle-de, bilermenleriň maglumatlaryna görä, 2020-nji ýylda internet toruna jemi 50 mlrd enjam birikdirildi, olardan smartfonlaryň sany 6,1 mlrd-a deň bolup, her bir adam tarapyndan bir sekundyň dowamynda, ortaça 1,7 Megabaýt maglumat döredildi. Bu maglumatlary toplap, seljermek bolsa
, ähli ykdysady işleri ýokary takyklykda çaklamaga mümkinçilik berýär.

2018-nji ýylda Halkara robot tehnikasy federasiýasy tarapyndan senagat ulgamynda robotlaryň ulanylyş derejesine bagyşlanan derňewleriň netijeleri boýunça çap edilen hasabata laýyklykda, 2017-nji ýylda dünýä boýunça zähmet çekýän her 10 müň adam, ortaça, 85 robot ulanypdyr. Robotlaryň sany her ýylda, ortaça, 15% köpelýär. Bu görkeziji boýunça birinjiligi Koreýa Respublikasy eýeleýär. Bu ýurtda her 10 müň adama, ortaça, 710 sany robot ulanylýar. “Ýewropanyň sanly ösüşi” (2013 – 2016-njy ýyllar boýunça) atly hasabatda sanly ykdysadyýete geçen ýurtlaryň içinde Koreýa Respublikasynyň 24 görkeziji boýunça düzülen reýtingiň birinji ornunda ýerleşmegi, ýurduň senagatynyň “Industriýa 4.0” (doly robotlaşdyrmak) kadalaryna laýyklykda ýola goýulmagy sanly ykdysadyýetiň umumy ykdysady ösüşe oňyn täsir edýändigini görkezýär. Bu tejribeden görnüşi ýaly, häzirki wagtda ýurduň senagatyny emeli aňyň we robotlaryň esasynda (“Industriýa 4.0”) ýola goýmazdan, bäsleşige ukyply önüm öndürmek mümkin däl.

Ýokarda getirilen maglumatlardan görnüşi ýaly, häzirki wagtda dünýä ýurtlarynda ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak meselesi strategik häsiýetli wezipä öwrüldi. Şeýlelikde, ählumumy sanlylaşdyryş döwründe ýurduň howpsuzlygyny we durnukly ösüşini üpjün etmekde kiberhowpsuzlyk meselesi strategik häsiýete eýedir.

Ykdysadyýeti sanlylaşdyrmakda ilkinji ädim maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny öz hünär ugrunda ulanyp bilýän, täze pikirleri döretmäge, adaty däl ýagdaýlarda döredijilikli çözgüt tapmaga hem-de tankydy pikirlenmäge ukyply hünärmenleri taýýarlamakdan ybaratdyr.

2019-njy ýylyň sentýabr aýynyň 25-ine hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek bilen bagly mesele barada: “Biz sanly ykdysadyýete geçmekde öňümizde durýan wezipeleri çözmek üçin programmaçylar, inženerler, tehnologlar ýaly hünärmenlere zerurlygy göz öňünde tutduk. Şu maksat bilen, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň maksatnamalaryna täze ugurlary öwrenmegi, döwrüň talaplaryna laýyk gelýän hünärler boýunça hünärmenleri taýýarlamagy goşduk” diýip belläp geçdi.

Ýurduň ykdysadyýeti sanlylaşdyrylanda, şol ýurduň medeniýetine, dolandyryş kadalarynyň aýratynlyklaryna, kanunçylygyna, adam maýasynyň derejesine baglylykda, amatly modelini kesgitlemek zerurdyr. Şol sebäpli hem, sanlylaşdyrmak işlerini tapgyrlaýyn geçirmek, her tapgyrda ýüze çykyp biljek töwekgelçilikleri çaklamak we olardan goranmak möhüm şertleriň biri bolup durýar. Bu bolsa, öz gezeginde, sanly ykdysadyýete geçmegiň uniwersal modelini işläp düzmek meselesinde her ýurduň milli ýörelgeleriniň bolmagyny talap edýär. Hormatly Prezidentimiziň: “Ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlary, ýokary okuw mekdepleri sanly ykdysadyýete geçmekde amala aşyrýan ähli özgertmelerimiziň gözbaşynda durmalydyr” diýip bellemegi ylmy taýdan esaslandyrylan milli model esasynda sanly ykdysadyýeti ösdürmek meselesinde ylmy-barlag edaralaryna we ýokary okuw mekdeplerine uly ornuň degişlidigini görkezýär.

Ýaşlarda sanly ulgam bilen işlemäge bolan ukyby kemala getirmekde maglumat tehnologiýalarynyň orny uludyr. Olaryň, hususan-da, uly göwrümli maglumatlaryň we emeli aň tehnologiýalarynyň kömegi bilen şahsyýetiň bilimleriň dürli ugurlaryna degişli we logiki soraglara berýän jogaplaryny seljermek, şahsyýete gönükdirilen okuw meýilnamasyny (özbaşdak okuw ýoluny) ýola goýmak mümkin bolýar.

Bu maksatlara ýetmek üçin bilim ulgamyny sanlylaşdyrmakda analitiki we hasabatlar ulgamlaryny taslamak zerurdyr. Häzirki wagtda bilim ulgamynyň statistik maglumatlaryny ýöredýän we olaryň seljermesini geçirip, esasy görkezijileriň sazlaşdyrylmagyny (korrelýasiýasyny) amala aşyryp, netijeleri düşnükli grafikler görnüşinde görkezmäge mümkinçilik berýän programma üpjünçilikleriniň sany barha köpelýär. Olaryň has meşhurlary şulardyr: Taleo.com, eLearning Brothers, Blackboard, MyEdu.com, Koofers, ePlans, edu20.org, LearningZen, Learn.com, Mindflash [3 – 5].

Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň häzirki ösüş tapgyrynda öňde duran möhüm wezipe dünýäniň öňdebaryjy gazananlarynyň esasynda milli sanly bilim ulgamynyň mundan beýläk ösdürilmegini, okatmagyň innowasion çeşmeleri bilen utgaşyklylykda
maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň bilimiň ähli basgançaklarynda giňden ornaşdyrylmagyny şertlendirýär.

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan
“Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” [2] durmuşa geçirilýär. Bu resminamanyň çäklerinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim
portallary döredildi we okatmak işi tapgyrlaýyn sanlylaşdyrylyp, okuw maglumatlarynyň sanly gorunyň yzygiderli täzelenmegi we üstüniň ýetirilmegi ýola goýuldy. Ähli ýokary okuw mekdepleriniň sanly ulgamlarynyň bir umumy tora birikdirilmegi arkaly ýokary bilim ulgamynyň bitewi maglumat tory emele getirildi. Netijede, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň okuw işine degişli uly göwrümli maglumatlar binýady emele geldi. Bu maglumatlary netijeli peýdalanmak okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň kuwwatly guralyny işe girizmäge mümkinçilik berer. Ýönekeý mysal hökmünde: müňlerçe talybyň sanly bilim portalyndan peýdalanylan okuw maglumatlarynyň görnüşlerini olaryň degişli okuw derslerinden tabşyran testleriniň netijeleri bilen deňeşdirmek arkaly, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek boýunça anyk teklipleri hödürlemegi görkezmek bolar. Sanly tehnologiýalaryň ulanylmagy bilen, gysga wagtyň içinde ýokarda beýan edilen we has çylşyrymly seljermeleri geçirmek arkaly emeli aňyň esasynda usulyýeti üznüksiz kämilleşdirmek işiniň ýola goýulmagy mümkindir.

Dünýäniň öňdebaryjy tejribesinden mälim bolşy ýaly, bilim ulgamynyň sanly giňişliginiň netijeli işlemegini ýola goýmak üçin dünýäniň sanly bilim giňişligine
integrirlenmek meselesine aýratyn üns berilmelidir. Şol sebäpli, dünýäde hereket edýän döwrebap sanly bilim ulgamlaryny öwrenmek we seljermek möhümdir.

Soňky döwürde dünýäniň bilim giňişliginde tehnologik oýlap tapyşlar çalt depginler bilen ösýär. Bilime bagyşlanan saýtlaryň we portallaryň sany barha artýar. Sanly ulgamlar dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň dürli ugurlar boýunça wideo maglumat okuwlaryny özünde jemleýär. Onlaýn uniwersitetleriň döredilmegi bilen, ýokary hilli bilim ählumumy elýeterli boldy.

Dünýäniň öňdebaryjy tejribesinden peýdalanmak, innowasion kompaniýalaryň bilimi sanlylaşdyrmak boýunça hödürleýän önümlerini seljermek we milli bilim ulgamynyň baý tejribesini ulanyp, her mekdebiň aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, döwrebap sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak üçin hormatly Prezidentimiziň Karary bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi döredildi.

Hormatly Prezidentimiziň 2019-njy ýylyň iýun aýynyň 12-sine Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiligi bilen geçiren duşuşygynda eden taryhy çykyşyndaky: “Döwür hemişe öňe barýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz
Watanymyz hem depginli ösüş we giň möçberli özgertmeler ýoly bilen täze tehnologik eýýama tarap ynamly öňe gitmelidir. Ýakyn ýyllarda dünýäde bilim ulgamynda düýpli öwrülişik bolup geçer. Bu öwrülişigiň dowamynda hünärleriň birnäçesi ýitip gider. Olaryň deregine täze dersler giriziler. Durmuş ulgamlary bolsa, okatmagyň däp bolan ölçeglerini çalşyp biler” diýen sözlerinden ugur alyp, ýurdumyzyň bilim edaralarynda okuw işlerine sanly tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar. Häzirki zaman innowasiýalarynyň kemala getirýän ýokary okuw mekdepleriniň “Uniwersitet 3.0” diýlip atlandyrylýan ülňüsine laýyklykda, bilim bermek işi kämilleşdirilýär. Şeýle ülňüde ylmy-barlaglar okuw meýilnamasynyň aýrylmaz bölegi bolup, olaryň netijeleri önümçilige ornaşdyrylýar.

Bilim ulgamynyň innowasion zynjyrynda eýeleýän ornuny has-da giňeltmekde, hususan-da, önümçilige gönükdirilen derňewleri geçirmekde ylmy-önümçilik merkezleriniň bileleşikleriniň ähmiýeti uludyr. Hut şonuň üçin alym Prezidentimiziň ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmek boýunça durmuşa geçirýän öňdengörüjilikli syýasatynyň esasynda ýokary okuw mekdeplerinde sanly tehnologiýalar babatynda işleri alyp barýan ylmy-önümçilik merkezleriniň ulgamy giňeldilýär.

Häzirki wagtda ýokary bilimi dolandyrmakda hem şeýle merkezleriň sany artýar. Bu merkezler önümçilige innowasiýalary ornaşdyrmak bilen bir hatarda, okuw dolandyryş ulgamyny hem öz içine almak bilen, ýokary bilimi sanlylaşdyrmak, oňa maglumat ulgamlaryny ornaşdyrmak, olar üçin işlenilip taýýarlanylan programmalary dolandyrmak, resminamalaşdyrmak ýaly döwrebap talaplary ýerine ýetirýärler. Şeýlelikde, sanly ulgam boýunça alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmakda ylmy-önümçilik merkezleriniň uly ähmiýeti bardyr. Olar ykdysadyýeti sanlylaşdyrmakda bilim ulgamynyň görnükli ornuny aýdyňlaşdyrmaga ýardam edýär.

Bularyň ählisi, Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň ykdysadyýetini sanlylaşdyrmak üçin durnukly bilim ulgamynda uly özgertmeleriň geçirilýändigini aýdyň görkezýär.

 

 

Azat Ataýew,

Türkmenistanyň bilim

ministriniň orunbasary