BAÝRAM HAN TÜRKMEN –WATANÇYLYGYŇ MERTLIK MEKDEBI

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde şu ýylyň 31-nji martynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda “Muhammet Baýram han Türkmen we türkmen halkynyň mertlik, watansöýüjilik, adamkärçilik ýörelgeleri” atly onlaýn görnüşinde guran forum hormatly Prezidentimiziň daşary syýasat ugrunyň we diplomatik strategiýasynyň hem-de ylym-bilim özgertmeleriniň täze ýüze çykmasynyň beýanyna öwrüldi.

Bu wekilçilikli foruma dünýäniň meşhur gündogarşynaslary, diplomatiýanyň jogapkär işgärleri, ylym-bilim merkezleriniň alymlary, döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Forumyň açylyş dabarasynda Muhammet Baýram han Türkmeniň döwleti dolandyrmakdaky, halklary ýakynlaşdyrmakdaky we dostlaşdyrmakdaky diplomatik hyzmaty, goşunyň esgerleriniň ynsanperwerlik, adalatlylyk, Watany söýmek, il-halkyňa wepaly hyzmat etmek baradaky pedagogik ussatlygy, meşhur serkerdeligi we beýleki asylly sypatlary barada degerli maglumatlar getirildi.

Wekilçilikli forum ýokary guramaçylykly işini bölümçeleriň dördüsinde alyp bardy. Maslahatyň barşynda oňa gatnaşyjylara düşnükli bolar ýaly, Muhammet Baýram han Türkmeniň 1500-nji ýyllarda türkmenleriň baharly taýpasynda Seýtaly begiň maşgalasynda dogulandygy we Yrakda, Gaznada ýaşandygy barada degerli maglumatlar getirildi. Bu meşhur serkerde Mogollar şadöwletiniň goşunynda harby tälimleri alypdyr, onuň söweşjeňligi, harby ussatlygy, gylyç işletmekde hem-de dürli ýaraglara erk etmekde aýratyn ukyby ýüze çykypdyr.

Muhammet Baýram han Türkmeniň serkerdelik ukyby, söweş sungatynyň kämilligi we hemişe ýeňijiligi, beýik adamkärçiligi, halklary biri-birine ýakynlaşdyrmakdaky we doslaşdyrmakadaky diplomatik hem-de esgerleri ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekdäki pedagogik ussatlygy, gyzgyn watançylygy dogduk mekanyndan örän uzakda ýerleşýän dünýäniň iň gadymy we köp ilatly ýurdy Hindistanda has aýdyň ýüze çykýar.

Meşhur serkerde söweşjeň esgerlerinde jeň meýdanynda ruhdan düşmezligi, ýeňşe bolan berk ynamy döretmegi pedagögik ussatlykda düşündirmegi başaran şahsyýetdir. Ol bu häsiýetleri dürli tymsallarda tebigy deliller bilen düşündirmegi başarypdyr. Mysal üçin, Günüň doganda-da, ýaşanda-da köz ýaly gyzaryşynyň tymsalynda ynsanyň başyna agyr iş düşende ata-baba maşgalada alan terbiýesine eýermelidigini esgerlere düşündiripdir.

Söweşde taraplaryň güýçleriniň deň gelmezliginiň agdyklyk etmegi ýeňşiň kimiň tarapynda boljakdygyny öňünden aňlatmaýar. Beýik serkerde ruhy taýdan belent, düzgün-nyzamly, Watan üçin janyny gurban etmäge taýýar goşunyň ýeňşe bolan ynamy söweşde üstün çykmagyň ygtybarly çözgüdidir diýip hasap edipdir. Şunda san taýdan köplük howalaňy basyp bilmez diýen düşünjä eýerilipdir.

Beýik serkerde harby düzgüni bozan esgere goşun başlygynyň gyzgyny bilen jezalandyrylmagyny gadagan edipdir. Onuň buýrugyna görä, harby düzgüni bozan esgerem, goşun başlygy-da wagt salyp, gyzmalygyny köşeşdirmeli, akyl terezisine salyp, bozulan düzgüniň we berilmeli jezanyň agramyny seljermeli. Bu talap goşunda agzybirligiň, jebisligiň bitewiligini emele getiripdir.

Dogruçullyk, ýüregiňdäkini açyk aýdyp bilmek, kişiniň diňe kemçiligini görüp, onuň gowy taraplaryny görmezlik, gopbamsylyk, men-menlik ýaly sypatlar berk ýazgarylyp, häkimiň, halypanyň, mugallymyň garşysyna gitmezlik ýaly adamkärçilik häsiýetleriniň her bir esgerde kemala getirilmeginiň hökmanylygy Baýram han Türkmeniň ýokary ahlaklylygynyň üýtgewsiz alamatlarydyr. Il- halkynyň at-abraýyny, Watanyň ezizligini, ýoldaşyňa wepalylygy, halklaryň dinine, diline, däp-dessurlaryna ýaş nesilde hormat goýmagy terbiýeläp bilmegi Baýram han Türkmene saýry ýurtda uly abraý-mertebe getiripdir. Onuň adalatlylygy, söweşde batyrlygy, diplomatik ussatlygy, mugallymçylyk ukyby üçin taryh ony “Hanlaryň hany” diýen derejä göterdi.

Taryhda meşhurlyga eýe bolan Muhammet Baýram han Türkmeniň şan-şöhratynyň ýaýrawynyň çäginiň jahanyň yklymlaryna uzaýandygy barada hormatly Prezidentimiz “Mertler Watany beýgeldýär” diýen kitabynda şeýle belleýär: “Baýram han Türkmeniň Günbataryň geçen iki-üç asyrda şöhratly ýöris eden meşhur serkerdeleriniň iň gowy başarjaňlyk häsiýetlerini özünde jemländigi... meşhur serkerdäniň ömür beýany bilen bagly wakalar onuň juda adalatly, pähimli syýasatçy we edermen serkerde bolandygyny aýan edýär. Baýram hanyň Humaýun şanyň miras düşeri diýlip yglan edilen ýaş Akbaryň terbiýeçisi edilip bellenilmegi-de size taryhdan mälimdir”. Meşhur serkerde döwleti dolandyrmakda uly ýaragy galam, söweşde bolsa gylyjy bilen adalatlylygy dörediji ynsan hökmünde diňe bir türkmenlerde däl, eýsem Gündogar halklarynyň ählisinde, şol sanda hindilerde-de bellidir.

Onlaýyn formatda geçirilen forumda Pakistan Yslam Respublikasynyň Parahatçylyk we diplomatiýa ylmy barlag institutyny dörediji, prezident Farhat Asifyň çykyşynda Baýram hanyň üç baýlygy baradaky aýdanlary ýadymyzda galdy. Olaryň birinjisi, ynsanperwerlik, ikinjisi, adalatlylyk we üçünjisi, beýikleriň öňüne düşmezlik. Munuň özi türkmeniň ata-baba wesýetlerine, ýörelgelerine Baýram hanyň wepalydygyna esas bolýar. Ol sözüň gudratynyň ýaragyň bitirip biljek güýjünden-de ýokarydygyna ynanypdyr we ony harby düzgüne girizipdir.

Baýram hanyň meşhur serkerdeligi bilen şygyr şalygynda-da meşhurlygy hemmämize aýandyr. Onuň şahyrana döredijiliginiň agramly bölegi Watanyň ezizligine, mukaddesligine, ony goramagyň raýatlyk borçdugyna, il-halkyňa wepaly gulluk etmelidigine ylahy çagyryşdyr. Şunuň bilen birlikde, serkerde şahyryň yşky-liriki eserleri-de söýgä wepalylygyň senasy bolup ýaňlanýar. Şahyr goşgularynda onuň aly hezretleri poeziýanyň (litotalar) kiçeltme we ulaltma ülňülerini ussatlyk bilen ulanýar. Mysal üçin, yşky hasraty zar düşen bilbiliň ykbalyna garganyň garaşyk etjek bolşuna meňzedýär. Başga bir tymsalda, näzik zenanyň egremçeden geçýän bilini kümüş guşaga ogşadýar. Ýene bir ýerde, magşugyň bal-şeker lebleriniň kemisli tirpildisini daglaryň ýertremesi zerarly yraň atyşyna deňeýär.

Baýram han Türkmen döwletiň we dünýäniň işiniň döwrüň talaplarynda galama we gylyja tabyn etdirilendigine magat düşünse-de, adalatlylygy, ynsanperwerligi, dogruçyllygy hakydadan çykarmaly däldigini ündeýär. Döwletliligiň binýadynyň agzybirlikdedigini, jebislikdedigini, bu düşünjäniň hamyrmaýasynyň Watan diýen mukaddeslikde jemlenendigini, ony goramaga hemişe taýýar bolmalydygyny goşgularynyň süňňüne siňdiripdir.

Halkara maslahatyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa parasatly ýöredýän daşary syýasatynda we diplomatik strategiýasynda döwletleri we halklary biri-birine ýakynlaşdyrmak we dostlaşdyrmak, dünýäniň bütewi syýasy gurşawyny döretmek, medeniýetleriň we sungatlaryň sazlaşykly goşulyşmagyny gazanmak baradaky tutumly işleriniň şu geçirilen forumda özüniň beýanyny tapandygyny uly kanagatlanma bilen bellediler. Milli Liderimize berk jan saglyk, döwlet we halkara işlerinde mundan beýläk-de uly üstünlikler arzuw etdiler.

 


Aşyrgeldi Ataýew,

Bilim” žurnaly