HALKARA YLMY MASLAHATY GEÇIRILDI

Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlaryny kämilleşdirmek, dünýä tejribesinde gazanylan üstünlikleri ýurdumyzyň milli lukmançylygyna, sportuna we bilim edaralaryna ornaşdyrmak, dünýäniň abraýly halkara guramalary, daşary ýurtlaryň saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, daşary ýurtlaryň saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň wekillerini hem-de halkara guramalaryny Garaşsyzlyk ýyllarynda bu ulgamlarda gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda çykaran 2140-njy kararyna laýyklykda, 2021-nji ýylyň 10-njy oktýabyrynda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe» atly halkara ylmy maslahaty geçirildi.

Halkara maslahatyň işi 10 bölümçede geçdi. Maslahatyň bölümçelerinde hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlaryny kämilleşdirmekde, dünýä tejribesinde toplanan oňyn tejribeleri ýurdumyzyň milli lukmançylygyna, bilim we sport edaralaryna ornaşdyrmakda, daşary ýurtlaryň saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda gazanylan üstünlikler we öňde duran wezipeler ara alyp maslahatlaşyldy.   

Halkara maslahata Russiýa Federasiýasyndan, Hytaý Halk respublikasyndan, Germaniýadan, Fransiýadan, Hindistandan, Rumyniýadan, Ukrainadan, Latwiýadan, Özbegistandan döwlet işgärleri, alymlar, professor-mugallymlar gatnaşdylar.

Daşary ýurtly maslahata gatnaşyjylar türkmen lukmanlaryny sanly ulgam arkaly hünär baýramçylygy bilen gutlap, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň gazananlaryna ýokary baha berdiler. Maslahata gatnaşyjylar däbe öwrülen hyzmatdaşlygyň netijeliligini belläp, saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlaryny mundan beýläk hem hemmetaraplaýyn ösdürmegiň hem-de döwrebaplaşdyrmagyň, şol sanda dünýäniň bilim ulgamynyň iň gowy tejribelerini nazara almak bilen, has-da giňeltmegiň mümkinçilikleri barada aýratyn durup geçdiler we ýokary derejede geçirilen maslahatyň  ähmiýetini nygtap, bu ugurlar boýunça halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi teklip etdiler.

Ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen halkara ylmy maslahat ýurdumyzyň saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlaryny halkara ülňülerine laýyklykda ösdürmekde ýetilen sepgitleri dünýä ýaýmakda we ösüşiň täze belentliklerini kesgitlemekde möhüm halkara ähmiýetli waka boldy.

 


HALKARA YLMY MASLAHATYŇ MAKSATNAMASY


HALKARA YLMY MASLAHATYŇ NUTUKLARYNYŇ ÝYGYNDYSY