Aşgabatda ÝOM-larda daşary ýurt dillerini okatmak boýunça ylmy-usuly sapak geçirildi

 

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda ýurtda kabul edilen «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» durmuşa geçirilmegi bilen baglylykda, wideoaragatnaşyk arkaly ylmy-usuly okuw sapagy geçirildi. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazeti habar berýär.

Bu çärä Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň hem-de Türkmenistanyň Telekommunikasiýa we informatika institutynyň mugallymlary gatnaşdylar. Onuň gün tertibine we maksatnamasyna daşary ýurt dillerini okatmakda özara metodik we tehniki tejribeleri alyşmak ýaly işler girizildi.

Aýratyn-da, onda hünärler boýunça daşary ýurt dillerini öwrenmek meselelerine, ýagny talyplaryň sözlük düzümini tehniki adalgalar bilen baýlaşdyrmagynyň usullaryna uly üns berildi. Rus we iňlis dillerindäki tekstleriň tehniki terjime edilişine degişli mysallar maslahatlaşyldy.

Dil öwrenmegiň usullaryny özünde jemlän çärede mugallymçylyk tejribesinde daşary ýurt dilini öwretmek bilen baglylykda, interaktiw multimediýa enjamlaryny we beýleki sanly bilim tehnologiýalaryny işjeň ulanmak bilen bagly aýratynlyklara hem seredildi.

Maglumat şu salgydan alyndy — https://turkmenportal.com/tm/blog/44598/ashgabatda-yomlarda-dashary-yurt-dillerini-okatmak-boyuncha-ylmyusuly-sapak-gechirildi