Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy bölümi


Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy bölümi

 

Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy bölümi Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň gurluş birligi bolmak bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň sanly bilim ulgamyny ösdürmek boýunça kesgitlän döwlet syýasatyny amala aşyrýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda çykaran 340-njy Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy we ony durmuşa geçirmegiň Meýilnamasy” boýunça bilim edaralarynda alnyp barylýan işleri utgaşdyrýar. Şeýle hem, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda çykaran 2136-njy Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy” hem-de kiberhowpsuzlyk çygrynda kabul edilen Türkmenistanyň kanunlary we kadalaşdyryjy-hukuk namalary boýunça ministrlikde we bilim edaralarynda alnyp barylýan işleri utgaşdyrýar.

Bölümiň esasy maksatlary:

- Türkmenistanyň Prezidentiniň sanly bilim ulgamyny ösdürmek syýasatyny durmuşa geçirmek maksady bilen, ýurdumyzyň innowasion ösüşine laýyklykda bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmäge, sanly serişdeleri peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmaga, hilini ýokarlandyrmaga we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmäge ýardam bermek;

 - bilim edaralarynda sanly bilim ulgamyny ösdürmek, sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak we kiberhowpsuzlyk çygrynda ýerine ýetirilýän işleri alyp barmak;

 - ilata sanly hyzmatlary hödürlemek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde, sanly bilim hyzmatlaryny işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak bilen bagly işleri utgaşykly alyp barmak;

- bilim ulgamyna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we ony yzygiderli kämilleşdirmek boýunça işleri guramak;

- Kiberhowpsuzlyk babatynda ygtyýarly edaralar bilen ýurdumyzyň kibergiňişliginde Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda utgaşykly işleri alyp barmak;

- bilim edaralarynda möhüm maglumat infrastrukturalarynyň derejelendirilmegi we sanawynyň döredilmegi bilen olaryň maglumat we kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek hem-de adatdan daşary ýagdaýlaryň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça çäreleri geçirmek.

Bölümiň esasy wezipeleri:

- sanly bilim ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen umumy döwlet syýasatyny amala aşyrmak boýunça bilim edaralarynyň işini utgaşdyrmak;

- bitewi bilim portalyny döretmek boýunça iş alyp barmak;

- bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini ýokarlandyrmak we okatmagyň innowasion usullaryny işe ornaşdyrmak maksady bilen, ähli bilim edaralarynda sanly bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, şonuň ýaly-da bilim edaralaryny dolandyrmak işine maglumat-kommuniksaiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça işleri geçirýär;

- bilim bermekde uzak aralykdan berilýän bilimiň täze tehnologiýalaryny ulanmagy guramak;

- täze maglumat jemgyýetinde sanly bilimiň esasyny düzjek elektron bilim gorlarynyň we hyzmatlarynyň okuwçylar, talyplar, ata-eneler, bilim işgärleri we beýlekiler üçin elýeterli bolmagyny üpjün etmegi guramak;

- Sanly bilim tehnologiýalaryny ulanmak we dolandyrmak boýunça okuwlaryň, maglumat howpsuzlygy we kiberhowpsuzlyk boýunça ýörite taýýarlaýyş okuwlarynyň guralmagyna we geçirilmegine gatnaşmak;

- bilim edaralary bilen bilelikde elektron okuwyň, uzak aralykdan okatmagyň tehnologiýalaryny ulanmak bilen bilim işini dolandyrmagyň, baha bermegiň ulgamyny guramagy kadalaşdyrýan, okuw-usuly toplumlary işläp taýýarlamagyň hem-de ulanmagyň tertibini, maglumat-gor merkeziniň derejesini kesgitleýän kadalaşdyryjy hukuk resminamalaryny işläp taýýarlamak;

- sanly bilim ulgamy boýunça ýurdumyzyň bilim edaralarynyň we daşary ýurtlaryň öňdebaryjy iş tejribelerini ýaýratmak maksady bilen, hemişelik hereket edýän seminarlary guramak;

- ilata sanly hyzmatlary hödürlemek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde, sanly bilim hyzmatlaryny işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak bilen bagly işleri utgaşykly alyp barmak;

- bilim ulgamyna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we ony yzygiderli kämilleşdirmek boýunça işleri guramak;

- bilim edaralarynda işleýänleriň we okaýanlaryň sanly ykdysadyýet we maglumat howpsuzlygy babatda sowatlylygyny artdyrmak boýunça wagyz-nesihat işleriniň alnyp barylmagyny guramak;

- maglumat tehnologiýalary boýunça hünärmenleri taýýarlamak we olaryň hünär derejelerini yzygiderli ýokarlandyrmak babatda teklipleri işläp taýýarlamak we hödürleýär;

- bilim ulgamynda kiberhowpsuzlyk syýasatyny durmuşa geçirmek, kiberhowpsuzlyk töwekgelçiliklerini seljermek we öňüni almak boýunça işleri alyp barmak;

- öz jogapkärçilikleriniň çäklerinde kiberhowpsuzlyk babatynda hukuk, guramaçylyk we tehniki çäreleri durmuşa geçirýär hem-de utgaşykly özara işlemekligi guramak;

- sanly bilim ulgamy, sanly ykdysadyýet we kiberhowpsuzlyk babatda bilim ulgamy üçin zerur bolan düzgünnamalary, tertipleri işläp taýýarlamak we tassyklamak üçin hödürleýär;

- sanly bilim ulgamy, sanly hyzmatlar boýunça programma üpjünçiliklerini işläp düzmek we ornaşdyrmak bilen bagly işleri alyp barmak (ministrligiň degişli bölümleri, ýokary okuw mekdepleri bilen bilelikde);

- sanly bilim ulgamy, sanly ykdysadyýet we kiberhowpsuzlyk çygrynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýär;

- sanly bilim ulgamy, sanly ykdysadyýet we kiberhowpsuzlyk çygrynda bilim ulgamynda alnyp barylýan işler barada maglumatlary yzygiderli jemleýär we degişli (aýlyk, çärýeklik, ýarymýyllyk we ýyllyk) hasabatlary taýýarlamak;

- sanly bilim ulgamynyň meseleleri boýunça daşary ýurt guramalary bilen gepleşikleri geçirmäge gatnaşmak, halkara şertnamalaryny we maksatnamalaryny baglaşmak üçin degişli resminamalary taýýarlamak;